Dark
Light
03.01.2026
i 25 scaled THE ASHGABAT TIMES

Lukmançylykda ulanylýan serişdeleriň fiziki häsiýetleri

04.03.2025

Lukmançylykda ulanylýan daňylar, abzallar, elektrodlar, protezler we ş.m. daşky gurşawyň täsiri astynda we şol sanda, köplenç, gönüden-göni biologiki ulgam bilen galtaşýan ýagdaýda işleýärler. Şular ýaly ýagdaýda olaryň hakyky şertlerde ulanylmak mümkinçiligine baha bermek üçin hökmany suratda, olaryň ýasalýan serişdeleriniň fiziki häsiýetleri barada maglumatlar gerekdir. Mysal üçin, protezleri ýasamak üçin (dişler, damarlar, klapanlar we ş.m.) olaryň hemişe sezewar edilýän ýüklenmelere bolan mehaniki berkligini, durnuklylygyny, şeýle hem çeýeligini, ýylylyk geçirijiligini, elektrik geçirijiligini we beýleki häsiýetlerini bilmek möhümdir.

Käbir ýagdaýlarda biologiki ulgamlaryň ýaşaýşa bolan ukyplygyna ýa-da kesgitli daşky täsirlere döz gelip bilmek ukyplygyna baha bermek üçin olaryň fiziki häsiýetlerini bilmek wajyp mesele bolup durýandyr. Biologiki obýektleriň fiziki häsiýetleriniň üýtgemekligi boýunça keselleri anyklap bolýar.

Janly beden elmydama daşky gurşawyň täsirine sezewar bolýar. Ol gurşawyň temperaturasynyň, çyglylygynyň, howanyň basyşynyň we beýleki ş.m. fiziki häsiýetlendirmeleriň üýtgemekligine güýçli derejede jogap berýär. Daşky gurşaw bedene diňe täsir ediji faktor bolmak bilen çäklenýän däldir. Ol bejeriş maksatlary üçin hem ulanylýandyr (howa we suw bilen bejeriş). Bu mysallar lukmanyň daşky gurşawyň fiziki häsiýetlerine we häsiýetlendirmelerine dogry baha berip bilmäge ukyply bolmalydygyny görkezýär. Fizikanyň gysgaça suratda lukmançylykda ulanylyşyna getirilen mysallar lukmançylyk fizikasynyň esasyny tutýar. Lukmançylyk fizikasy – bu amaly ähmiýetli fizikanyň we biofizikanyň bölümleriniň toplumydyr. Olarda lukmançylyk meseleleriniň çözülmegi üçin ulanylýan fiziki kanunlara, hadysalara, proseslere we häsiýetlendirmelere seredilýär.

Häzirki zaman lukmançylygy, köplenç, gurluşy taýdan fiziki bolup durýan dürli görnüşli enjamlaryň giňden ulanylmagyna esaslanýandyr. Kompýuter tehnikasy lukmançylyk barlaglarynyň netijelerini gaýtadan çalt işläp taýýarlamak üçin hem-de keselleriň anyklanylmagy üçin giňden ulanylýar. Matematika janly ulgamlarda bolup geçýän hadysalary ýazyp beýan etmeklik üçin hem-de degişli nusgalary döretmeklik we derňew bermeklik üçin ulanylýar. Matematiki statistika keselleriň görnüşlerini, epidemiýanyň ýaýramaklygyny hasaba almaklyk we beýleki ş.m. maksatlar üçin ulanylýar.Bulardan başga-da, fizika-matematika ylmy lukmanlara janly bedenlerde bolup geçýän hadysalara dogry düşünmeklik üçin möhüm derejede gerekdir.

Ýelena ZAWODÇIKOWA
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň Lukmançylyk fizikasy we informatikasy
kafedrasynyň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

6bvao7wnznjbqoy8hcfq2vdersw3fnysfuva0hygb1s4ivrhs7ppbehufv8q THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Medeniýet we sungat – Halkyň ruhy baýlygynyň egsilmez çeşmesi

144234 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Weterinariýa gullugy FAO-nyň «Bitewi Saglyk» taslamasynyň çäklerinde «Iýmit önümleriň howpsuzlygy» atly okuw maslahatyny geçirýär.

Soňkylar Makalalar

Paýhas çeşmesi – terbiýe hazynasy

03.01.2026
Terbiýeçilik işi oýlanyşykly, paýhasly çemeleşmäni talap edýär. Şunda her bir çaga onuň häsiýetine görä çemeleşmek zerur bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap edilen

Bedew batly at-myradyň mekany

02.01.2026
Halkymyzyň köp müňýyllyk taryhy ýolunda bedew atlar baky hemrasy, iň ýakyn syrdaşy we ruhy baýlygy bolup gelipdir. Türkmen medeniýetinde at diňe bir barjamlylygyň ýa-da

Garyň aklygy — tebigatyň ruhy sazlaşygy

02.01.2026
Gyş paslynyň ilkinji garyň ýagmagy bilen tebigat özüne mahsus ak keşbine girip, daş-töweregi arassalyk we päklik duýgusy bilen gurşap alýar. Asmandan ýuwaşlyk bilen inýän

Hünärinde hem-de sportda ussat türgenlerimiz!

02.01.2026
Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatynda alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýurdumyzda geçirilýän sport ýaryşlaryna aýratyn orun degişli bolup durýar. Ýurdumyzda geçirilýän şol ýaryşlaryň

Döwletli işleriň dowamy

02.01.2026
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly halkymyz üçin düşümli, döwletli ýyllaryň biri boldy. Ýurdumyzy gülledip ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa
GitTop