Dark
Light
27.12.2025
6026035223c84362830331 THE ASHGABAT TIMES

Maýa goýum mümkinçiliklerini üstünlikli durmuşa geçirmek

25.03.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň asylly başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde Watanymyzyň durnukly durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmek boýunça giň gerimli işler, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Şunda ýurdumyzda amatly maýa goýum ýagdaýyny döretmäge aýratyn ähmiýet berilýär.

Daşary ýurtly maýadarlaryň iş alyp barmagy üçin amatly şertleriň döredilmegi hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýänleriň sanynyň artmagyna oňyn täsir edýär we maýa goýum mümkinçiliklerimizi has-da ýokarlandyrýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan maýa goýum mümkinçiliklerini üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, halkara söwda ulgamynda birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk, ynanyşmak ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine jogapkärçilikli çemeleşýär. Ýurdumyzyň maýa goýum strategiýasynda milli ykdysadyýetiň hususy pudagynyň işiniň ilerledilmegine uly ähmiýet berilýär.

«Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» kabul etmek bilen, ýurdumyz milli ykdysadyýetiň pudaklaryny, sebitleri durnukly ösdürmek, täze kärhanalary işe girizmek, müňlerçe iş orunlaryny döretmek boýunça belent maksatlary öňde goýdy. Şunda telekeçilik ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek, kiçi we orta telekeçilige goldaw bermek, netijede, jemi içerki önümiň düzüminde hususy bölegiň paýyny 71,6 göterime ýetirmek ileri tutulýan wezipeler hökmünde kesgitlenildi. Bu babatda durmuşa geçirilýän çäreler türkmen telekeçilerine dürli ugurlarda ýokary netijeleri gazanmak üçin uly mümkinçilikleri açýar.

Türkmenistanda netijeli maýa goýum syýasatyny alyp barmak üçin zerur şertler döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda kuwwatly çig mal binýadynyň bolmagynyň, maýa goýumlar babatda ygtybarly hukuk binýadynyň döredilmeginiň türkmen bazarynyň özüne çekijiligini üpjün edýändigi, dünýä ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge giň mümkinçilikleri açýandygy aýratyn bellemek gerek.

Rahman SEÝITMYRADOW
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

cvety v podarok1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Otag ösümlikleriniň adam saglygyna peýdasy

639aa05f 956d 4c40 9b79 44a01566bca0 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Giperkinetik Bozulmalar

Soňkylar Makalalar

«Hakyda göwheri» – doganlyk halklaryň mirasynda

27.12.2025
Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çuňňur many-mazmuna ýugrulan «Hakyda göwheri» atly kitaby halkymyzyň şöhratly taryhy we

Hemişelik Bitaraplyk – biziň buýsanjymyz!

27.12.2025
Taryhy geçmişimizde ata-babalarymyzyň arzuwlan Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz bu günki günde bütin dünýäde parahatçylyk söýüjiligiň nusgasy bolup çykyş edýär. 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistan

Täze ýyl – nurana arzuwlaryň baýramy

27.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy

Bitaraplyk – dünýä gymmatlygy

26.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy
GitTop