Dark
Light
27.01.2026
63d9f41652dd0343570471 THE ASHGABAT TIMES

Maýa goýumlar — ykdysady ösüşiň möhüm şerti

25.03.2025

Ýurdumyzda netijeli maýa goýum syýasatyny alyp barmak üçin zerur şertler döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda kuwwatly çig mal binýadynyň bolmagynyň, maýa goýumlar babatda ygtybarly hukuk binýadynyň döredilmeginiň türkmen bazarynyň özüne çekijiligini üpjün edýändigi, dünýä ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge giň mümkinçilikleri açýandygy aýratyn bellemek gerek.

Ýurdumyzyň geografik taýdan amatly ýerleşmegi, jemgyýetçilik-syýasy durnuklylyk, ýokary ykdysady ösüş, kuwwatly serişde we çig mal binýady, döwlet Baştutanymyzyň durmuşa geçirýän döredijilikli daşary syýasaty hem-de amatly maýa goýum ýagdaýy esasy daşary ýurt kompaniýalarynyň uly möçberli maýa goýumlarynyň çekilmegine ýardam berýän esasy şertlerdir.

Öňde goýlan maksatlaryň durmuşa geçirilmegi maýa goýum strategiýasynyň alnyp barylmagy bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Esasy maýa maliýe serişdelerini çekmek hem-de olaryň innowasiýalaryň ösdürilmegine, ýokary goşmaça bahaly önümçilige, adam maýasynyň ösdürilmegine hem-de ýurdumyzyň ekologik we durmuş-ykdysady howpsuzlygynyň üpjün edilmegine ýardam berýän ulgamlara gönükdirilmegi bu strategiýanyň esasy wezipesidir.

Şunda jemi içerki önümde olary netijeli peýdalanmaga, edaralaryň we ilatyň öz serişdeleriniň umumy möçberiniň, daşary ýurt maýa goýumlarynyň artdyrylmagyna gönükdirilen maýa goýum serişdeleriniň paýynyň ýokary derejesiniň saklanylmagy, şol bir wagtda, esasy maýa goýum serişdeleriniň umumy möçberinde Döwlet býujetiniň serişdeleriniň paýynyň peselmegi, döwlet-hususy hyzmatdaşlygy, maýa goýum taslamalarynyň düşewüntliliginiň ýokarlandyrylmagy şertlerinde amala aşyrylýan maýa goýum insfrastruktura taslamalarynyň sanynyň artmagy esasy talap bolup durýar.

Döwlet maýa goýum syýasatynyň durmuşa geçirilmegi maýa goýumlar ulgamynda döwlet kadalaşdyryş ulgamynyň hem-de oňa ornaşdyrylan guramaçylyk, hukuk we ykdysady gurallaryň hasabyna üpjün edilýär. Türkmenistan durmuş-ykdysady ösüşiň ileri tutulýan anyk ugurlaryny kesgitlemek üçin giň mümkinçiliklere eýe bolmak bilen, häzirki wagtda strategik wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça anyk çäreleri durmuşa geçirýär.

Rahman POLATOW
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

21432425 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistan AFC Asian Cup-yň ýeňişine tarap

386e796457a35df475215a4a11c355d1 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Parahatçylyk, durnuklylyk we ösüş

Soňkylar Makalalar

Kitaplar – köňül baýlygy

26.01.2026
Medeniýeti ösdürmekde kitaba, kitaphanaçylyk işine möhüm orun degişlidir. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň kitaplary bolsa ýaşlar, asyl, tutuş halkymyz üçin watansöýüjilik mekdebi bolup durýar. Milli

Bedew ruhy – ösüşleriň badalgasy

26.01.2026
Berkarar Watanymyzda her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy beýik galkynyşlarymyzy dünýä ýaýyp, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen özgertmelerimiziň, gazanýan üstünliklerimiziň dowamat-dowam bolmagyna täze badalga, ruhy

Milli terbiýe – asylly ýörelge

25.01.2026
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanylyp,

Ýaş nesliň terbiýesinde parahatçylyk mekdebi

24.01.2026
Türkmenistanyň Bitaraplygy – bu biziň buýsanjymyz, asuda durmuşymyzyň sarsmaz sütünidir. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly ajaýyp eseri bu
GitTop