Dark
Light
25.01.2026
663afbb5ac17c534029442 THE ASHGABAT TIMES

Maýa goýumlar ykdysady ösüşiň möhüm şerti  

25.03.2025

Eziz Diýarymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň asylly başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde Watanymyzyň durnukly durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmek boýunça giň gerimli işler, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Şunda ýurdumyzda amatly maýa goýum ýagdaýyny döretmäge aýratyn ähmiýet berilýär.

Häzirki zaman ykdysadyýetinde hususy pudagyň ösüşi we oňa maýa goýumlarynyň çekilmegi ykdysady ösüşiň möhüm sütüni bolup durýar. Türkmenistanda hususy telekeçiligi goldamak, ony döwrebaplaşdyrmak we halkara bazarlara çykarmak ugrunda giň gerimli işler amala aşyrylýar.

Türkmenistanda telekeçiligiň ösmegi üçin hukuk we ykdysady şertleriň döredilmegi maýa goýum çekmekde möhüm orun eýeleýär. Hususy pudaga maýa goýumlary çekmek bilen baglylykda döwlet tarapyndan amatly işewürlik gurşawy döredilýär.

Türkmen telekeçileri oba hojalygyndan başlap, senagat önümçiligine çenli dürli ugurlarda netijeli iş alyp barýarlar. Içerki bazary üpjün etmek bilen çäklenmän, eksport mümkinçiliklerini giňeltmek hem möhüm ugurlaryň biridir.

Türkmenistanyň ösüş strategiýasynda maýa goýum syýasaty möhüm orny eýeleýär.  Ýurduň ykdysady ösüşi diňe bir içerki bazaryň ösmegi bilen çäklenmän, halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi arkaly hem ösdürilýär. Maýa goýum mümkinçilikleriniň sanly ykdysadyýet bilen baglanyşykly täze ugurlara gönükdirilmegi ykdysady ösüşiň täze tapgyryny açýar.

Türkmenistanda hususy pudagyň ösmegi we maýa goýumlaryň artdyrylmagy ykdysady durnuklylygyň hem-de ösüşiň möhüm şertleriniň biridir. Döwrebap telekeçilik taslamalarynyň amala aşyrylmagy milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Forumyň dowamynda geçirilen pikir alyşmalar we baglaşylan ylalaşyklar ýurduň maýa goýum mümkinçilikleriniň giňdigini görkezýär.

Aýperi ALLALYÝEWA
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

386e796457a35df475215a4a11c355d1 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Parahatçylyk, durnuklylyk we ösüş

role of play in early childhood learning THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Iňlis dili: Ähliumumy Aragatnaşyk gurallary

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop