Dark
Light
27.12.2025
i 43 THE ASHGABAT TIMES

Merkezi hem-de Günorta Aziýany birleşdirjek täze ulag geçelgelerini döretmek

24.03.2025

Ýaňy ýakynda paýtagtymyzda ýerleşýän Söwda-senagat edarasynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny” atly halkara maslahat geçirildi. Bu çäre, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde guraldy. Gahryman Arkadagymyzyň foruma gatnaşmagy forumyň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Maslahata Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik guramalary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen bir hatarda daşary ýurtlaryň döwlet edaralarynyň we iri kompaniýalarynyň wekilleri, halkara guramalar, maliýe institutlary hem-de Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Merkezi Aziýa taryh boýunça söwda we medeni gatnaşyklaryň möhüm merkezi bolup, siwilizasiýalaryň çatrygynda ýerleşýär. Infrastruktura we üstaşyr ulag geçelgeleri diňe bir harytlary daşamak bilen çäklenmän, eýsem dostluk we ynanyşygyny pugtalandyrmagyň hem möhüm guraly hökmünde çykyş edýär. Şu forumyň Türkmenistanda geçirilmegi tötänden däldir. Türkmenistan parahatçylygyň durnukly ösüşiň esasy binýady bolup durýandygy baradaky ýörelgä esaslanyp, Bitaraplyk hukuk derejesini sebitde ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmegiň bähbidine gönükdirýär.

Şeýle hem, ulag ulgamy sebitara hyzmatdaşlygyň strategiki ugurlarynyň biri hökmünde görkezildi. Merkezi Aziýanyň amatly geografik ýerleşişi ulag-logistika ulgamynyň ösmegi üçin berk binýat bolup hyzmat edýär. Ulagyň dürli görnüşleriniň özara arabaglanyşygynyň üpjün edilmeginiň möhüm ähmiýete eýedigi nygtaldy. Bu ugurda durmuşa geçirilýän taslamalaryň geljek üçin uly mümkinçilikleri döredýändigi aýratyn bellenildi.

Derýaguly RZAÝEW
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň Gulak, burun we bokurdak keselleri kafedrasynyň assistenti

Leave a Reply

Your email address will not be published.

ed4345ff1a77b833cab88b6bd49a1492 450x3002 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” özgertmeleriň we ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýar

THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we durnukly ösüşiň binýady

Soňkylar Makalalar

«Hakyda göwheri» – doganlyk halklaryň mirasynda

27.12.2025
Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çuňňur many-mazmuna ýugrulan «Hakyda göwheri» atly kitaby halkymyzyň şöhratly taryhy we

Hemişelik Bitaraplyk – biziň buýsanjymyz!

27.12.2025
Taryhy geçmişimizde ata-babalarymyzyň arzuwlan Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz bu günki günde bütin dünýäde parahatçylyk söýüjiligiň nusgasy bolup çykyş edýär. 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistan

Täze ýyl – nurana arzuwlaryň baýramy

27.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy

Bitaraplyk – dünýä gymmatlygy

26.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy
GitTop