Milli ykdysadyýetimiziň özeni bolup durýan türkmen topragynyň önümleri bilen birlikde dünýäniň çar tarapyna gol salýan parahatsöýüjilikli döwletimiz bu günkigün görülip- eşidilmedik sepgitlere ýetdi. Türkmen halky bagtyýar zamananyň eýesi boldy. Garaşsyzlygymyzy alalymyz bäri ýurdumyzda türkmen milliliginiň gaýdyp gelmegi, halkyň öz milli däp- dessuryna eýe bolmagy, şeýle- de giň ýaýlalarda türkmen dutarynyň owazynyň erkin ýaýylmagy – bularyň hemmesi milliligimiziň gazananlarydyr. El bilen döredilen tokaýlyklar ösüp boý alýar, her ýyl geçirilýän köpçülikleýin çäreler netijesinde, olaryň tutýan meýdany giňelýär. Olar halkymyzyň tutanýerli zähmetiniň miwesidir. Suw, ýer we biologik serişdelerini netijeli peýdalanmak, biologik köpdürliligi we tebigy landşaftlary goramak, çölleşmä we tokaýlaryň ýitmegine garşy göreşmek babatda uly işler geçirilýär.Ykdysady üstünlikleriň sakasy ýene-de öz bereketli topragymyz hem-de ond ayhlasly zähmet çekýän türkmen raýatlarynyň öz ýurdumyzy ösdürmekde ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda işewürlik görkezmeleridir. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň Ylmy-tehniki kuwwatlylygyny, ykdysadyýetimiziň ýeten sepgitlerini has-da ýokarlandyrmak ugry boýunça işewürligiň artmagy ekologik abadançylygyny goramaga hemme taraplaýyn ýardam edýär. Howanyň arassalygyna, gurulýan zawodlaryň we fabrikleriň, beýleki desgalaryň ekologik standartlaryna we talaplaryna laýyklygyna gözegçiligiň netijeliligini artdyrmak maksadynda çäreler görülýär.
Ýurdumyzda ata-baba ýörelgäniň netijesinde halkymyzyň agzybirliginiň, dostana gatnaşyklarda üstünlik gazanmaklarynyň hem- de parahatsöýüjilikli maksatlara gulluk edilmeginiň nyşany bolan belent mertebeler halk bähbitli çözgütlere aýdyň mysal boldy.Çünki bu günki gün zerurlygyny artdyrýan sanly ulgamyň görkezijisi biziň durmuşymyza barha we barha ornaşyp barýandygyny subut etmäge biz islendik mysalda mümkinçilik tapýarys. Sanly ykdysadyýetiň kemala gelmeginde merkezleşen köp işler logistik dünýägaraýyş bilen ösýär we häzirki döwürde dünýäniň çar künjünden habar almaga, tiz işlemäge we ykdysady çykdaýjylaryň sanynyň azalmagyna mümkinçilik döredýär.Milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylbirnäçe işleriň nebit we gaz pudaklarynda amala aşyrylmagy biziň buýsanjymyzy öňküsinden hem artdyrdy. Şol bir wagtyň özünde ykdysady toplumlarda hem bolup geçýän täzelikler türkmen diýarynyň ykdysady üstünlikleriniň naýbaşysy bolan nebit we gaz ulgamy- da dünýä ykdysadyýetinde halkara abraýa eýe bolýar. Nebit gaz ulgamynda komputerler bilen baglanşykly işleri amala aşyrmakda edilýän işleriň has ýokarlandyrmagy bolsa, bizi ýaş nesil hökmünde öňkülerden hem has uly üstünliklere ýetmäge mümkinçilik döredýär.
Türkmenistan diýarymyz öz topragymyzyň ykdysady güýjüniň aýdyňlygyny subut edýän Hazar deňziniň ýakasynda ýerleşmek bilen ykdysady ösüşlere öz goşandyny goşýan deňiz ugurlarynda hem ýokary netijeliligi gazanýar. Diýarymyzyň ykdysady ösüşinde deňziň täsiri güýçlidir. Munuň özi deňizden çykarylýan baýlyklarymyz bilen birlikde dünýäniň çar tarapyna uzaýan Hazar logistik halkanyň hem merkezi nokatlarynyň biridir. Her bir işde bolşy ýaly türkmen milli ykdysadyýetimiziň aýratyn sepgitlere ýetmegi bolsa, hut Garaşsyzlyk ýyllary içinde amala aşyryldy.
Nebit we gaz ulgamy- da bu ugurda kesgitlenen işleriň ählisinde üstünliklere eýe boldy. Diýarymyzyň nebit we gaz käni çykýan ýerlerinden alnan önümiň bahasy has-da artyp , beýik ykdysady ädimleri ätleýär. Sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, suwuklandyrylan gaz ýüklenen demir ýol wagonlarynyň dünýä ýaýramagy bolsa, halkara tarapy bu işlerde ýokary netije gazanylmagyny öňräkden bäri saglaýar. Ýurdumyzyň ykdysady ugurlarynyň gün geldikçe ösmegi bilen bilrikde biziň türkmen topragymyzyň umumy taryhy çeşmelerde bellenip geçilýär. Munuň özi bereketli topragymyzda ýaşaýn gün geldikçe öz ösüşlerinde ýokary hilli netije gazanýan halkymyzyň şatlygyna şatlyk goşýar. Sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, suwuklandyrylan gaz ýüklenen demir ýol wagonlarynyň dünýä ýaýramagy bolsa, halkara abraýyny artdyrýan bu ulgam-da edilýän işleriň komputer tehnologiýasynyň gazananlaryny durmuşa geçirmekde , şeýle hem häzirki zaman işewürlik proseslerini durmuşa ornaşdyrmakda komputerleri iň bir uly hyzmat beriji gural hökmünde ulanýar . Ösüşleriň arasynda dost- doganlyk gatnaşyklary bilen bir hatarda ykdysady reformalaryň hem geçirilmesi bu günki gün biziň durmuşymyzy tehnologiýalaryň gurşap alandygyny aňladýar.Häzirki döwürde sanly ykdysadyýetiň bu ösüşlerdäki orny bahasyna ýetip bolmajak mümkiçilikleri giňeltmegi bizi bu ulgamyň hünärmeni hökmünde buýsandyrýar. Nebit we gaz ulgamy- da bu ugurda kesgitlenen işleriň ählisinde üstünliklere eýe boldy. Biziň halkymyz gadymy döwürlerden bäri bir- birege goňşuçylyk gatnaşyklarynda kömek etmek, ýardam bermek hem-de bir-birek bilen ynsanperwer gatnaşyklaryny ýola goýmak esasynda ýaşaýar. Türkmen halky hem goňşy döwletler bilen halkara gatnaşyklaryny ýola goýmak bilen birlikde, ynsanperwer we hoşniýetlilik gatnaşyklarynda hem dünýä ýüzüne görelde görkezýär. Nebit –gaz ulgamynda alnyp barylýan işleriň mundan beýläk-de ilerlemesinde tehnologiýalar häzirki döwürde goňşuçylyk gatnaşyklarynda bir- biregi goldamak we bir –birege sarpa goýmak endikleri türkmen halkynyň ganynda bar. Sebitleriň döwletleriniň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna mundan beýläk-de goşulyşmagyna, Hazarýaka mümkinçilikleri giňeltmäge taýýar bolmagy kuwwatly gelejegi ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň uly -ykdysady, energetika we ulag- aragatnaşyk ýurdumyzyň özara bähbitli hyzmatdaşlyga ygrarlydygynyň aýdyň subutnamasydyr. Bizi ýaş nesil hökmünde öňkülerden hem has uly üstünliklere ýetmäge mümkinçilik döredýär. Biziň halkymyz ýola goýmak esasynda ýaşaýar. Önümçiligiň ösüşi onuň şertleriniň mukdar taýdan artdyrylmagy esasynda amala aşyrylsa işleriň mundan beýläk-de ilerlemesinde gahryman Arkadagymyzyň görelde , direg bolup durýan ykdyady netijelere daýanmagy bolsa, bu günki gün has ýokary netijäni gazanmaga mümkinçilik döredýär. Biziň ýurdumyzda ata- baba gelýän däp-dessurlaryň biridir we ýokary okuw mekdeplerde bilimleriň täze ugurlar bilen kuwwata eýe bolmak bilen, birnäçe iri halkara we sebit häzirki döwürde il halk ähmiýetli, döwlet bähbitli işleriň geçirilmegi bu günki gün Gahryman Arkadagymyzyň oňyn başlangyçlaryndan ugur alýan Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň durmuş- ykdysady şertlerini gowulandyrmak üçin edýän işleriniň iň esasylarynyň biridir.Bu günki gün ýurtda ykdysady üpjünçiligi saklamak we şol üpjünçilik esasyndaýokary görkezijilikli ykdysady ösüşleri üçin edilýän işleriň jemi ýokary derejelidir.Ykdysady ösüşiň iki görnüşi – de özara baglanyşyklydyr.Emma jemgyýetçilik önümçiliginiň ösüşiniň belli bir bolsun, şol ykdysady netijä hiç kimiň batyrynyp bilmeýändigi bolsa bu günki gün iş resminamalarynyň sanly ulgama geçirilmegi bilen subut edildi.
Şeýle dostana gatnaşyklarda ýüze çykýan ýokary derejeli ykdysady girdeýjileriň sanlaşdyrylan düzgünleri bilen dünýäniň çar künjüne uzaýan diýarymyzyň dostlukly ykdysady goly hemişe öz şahalaryny ýaýratmakda, dünýä meşhurlygyny artdyrmakda ýaşlar üçin buýsançlydyr. Işjeňligiň artmasy hem – de şol işjeňligiň ýurdumyzy ösdürmek üçin edilen işlerde iň bir uly direg bolup durýan ykdyady netijelere daýanmagy bolsa, bu günki gün has ýokary netijäni gazanmaga mümkinçilik döredýär. Munuň özi islendik jemgyýet üçin kanunalaýyklykdyr.
Ykdysady ösüş jemgyýetçilik önüminiň we ony öndürmekligiň şertleriniň mukdar taýdan köpelmegine we hil taýdan kämilleşmegine düşünilýär. Ykdysady ösüş ekstensiw ýa- da intensiw görnüşde bolup biler Önümçiligiň ösüşi onuň şertleriniň mukdar taýdan artdyrylmagy esasynda amala aşyrylsa ekstensiw ykdysady ösüş. Önümçiligiň ösüşi işgärleriň sanynyň köpeldilmeginiň hasabyna, çig malyň, materiallaryň, energetiki resurslaryň dolanyşyga goşmaça girizilmeginiň, täze gurluşygyň hasabyna alnyp barylsa, onda bu ösüşiň ekstensiw ýoludyr. Sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden doly peýdalanmak arkaly ata Watanymyzyň ösüşlerini has artdyrmagy, raýatlarymyzyň sanly ulgamyň ýeňilliklerinden peýdalanmagyny we ýaş nesliň kämil bilim almagyny gazanmak maksady öňde goýlan wezipeleriň biridir.Şonuň üçin hem ýurdumyzda sanly ulgamy ornaşdyrmak ugrunda degişli işler durmuşa geçirilýär.
Türkmen diýarynyň ösüşleri we özgerişleri bu günler Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň goldaw bermegi bilen has- da ýokarlandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen taryhymyza has çuňňur çemeleşmegiň hem- de ony ýaş nesillerimize miras goýmak üsti bilen uzak günorta ýa – da günbatara süýşen kerwende tütjarlar hem söwdegärler, şeýle – de ylym adamlarydyr, günlükçiler hereket edipdirler. topraklarda emele gelen siwilizasiýalaryň kökleriniň dünýäniň çar künjüne ýaýrandygyny subut etdi. Garaşsyzlygyň bize beren miwesidir.Suw adamlaryň durmuşynda iň esasy zatlaryň biri bolup,adamlar küýzeleredir, gap- gaçlara onuň şekilini geçiripdirler.
Ogulgözel GÖKGÖZOWA
Mary nebit- gaz orta hünär okuw
mekdebiniň mugallymy