Dark
Light
03.01.2026
997352a9a5e7d99bd9a6600fa4aa3240 450x3002 1 THE ASHGABAT TIMES

Mugallym – Bilim dünýäsiniň gizli gahrymany

27.03.2025

Mugallymçylyk diňe bir hünär däl, ol bir kesp-kärdir, ýürekden edilýän hyzmatdyr. Mugallymlar jemgyýetiň ösüşiniň sütüni bolup, çagalaryň bilim almasynda, pikirleniş ukybynyň kämilleşmeginde we durmuş ýoluna düşmeginde möhüm orun eýeleýärler.

Her bir ynsan durmuşda öz zehinine we başarnygyna görä degişli hünäriň eýesi bolýar. Heniz çagalyk döwründe ýaşlaryň zehinini we başarnygyny ýüze çykarmak, olaryň gelejekki durmuşda öz ornuny tapmagyny gazanmakda tagallalaryň aglabasy mugallymlaryň paýyna düşýär. Köplenç mugallymyň kyn we göze ilmeýän işleri netijesinde dünýäde zehinli alymlar, lukmanlar, şahyrlar we beýleki ussatlar döreýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer» romanynda: «Mugallym – aýratyn adam. Ol bilim baýlygyny adamlara bagyşlamalydyr. Onsoňam bilim şeýle baýlykdyr, ony ile näçe köp berseň, ol şonça-da artar gider oturar» diýen jümlede hem mugallymçylyk käriniň sarpasy beýan edilýär.

Esasy jogapkärli we hormatly kärleriň biri mugallymçylyk käri bolsa gerek. Taryha ser salsak türkmen halky çaga terbiýesinde mugallyma uly ähmiýet beripdir. Olar özleriniň baldan süýji görýän çagalarynyň terbiýesini öz ömrüni ylym öwretmek ýaly asylly işe bagyş edýän mugallymlara ynanypdyrlar. Sebäbi dürli-dürli pursatlary başdan geçirip, durmuş mekdebinden sapak alyp, baý tejribe toplan mugallymlar ussatlyga ýetýärler. Şeýle ussatlardan bilimdir terbiýe almak bolsa ynsanyň bütin durmuş ýoluny ýagtylandyrýar.

  Her bir çaganyň hüý-häsiýetiniň aýrylygyna garamazdan, olar bilen ysnyşykly gatnaşygy ýola goýup bilýän, olaryň her biriniň kalbynda dörän Watana, il-güne bolan söýgüniň goruny tükeniksizlige öwürýän hem elbetde, mugallymdyr. Ol özüniň ähli gujur-gaýratyny okuwçylaryň şahsy çemeleşmelerine, akyl gyzyklanmalaryna, öwrenmek mümkinçiligine we isleglerine esaslanyp, arassa ahlakly şahsyýetiň kemala gelmegine gönükdirýär. Çaganyň durmuş tejribesi näçe baý bolsa, onuň ugurtapyjylygy we akyl ýetirişi şonça-da ýokary bolýar.

     Bilesigeliji okuwçylaryň her bir soragyna netijeli jogap bermek, olaryň bilim almaga bolan höwesini has-da artdyrýar. Şeýle hem mugallymyň her bir hereketi, sözleýiş äheňi, özüni alyp baryşy çagalara täsirini ýetirýär. Mekdep okuwçylary elmydama kömege ýetjek, üstünliklerine begenýän we şowsuz bolan ýagdaýlarynda goldaw berýän mugallym bilen aragatnaşyk saklamagyň nähili gyzykly we şatlyklydygyny, şeýle hem mugallymyň duýgudaşlyk edip, bagyşlap, kömek edip biljekdigini duýmalydyr. Emma beýle diýildigi, olaryň islän hereketlerini edip biljekdigi, soňra bolsa eden nädogry hereketleriniň ählisiniň mugallymlar tarapyndan bagyşlanyp bilinjekdigi barada duýguny döretmeli däldir. Çagalaryň mugallyma we mugallymçylyk kärine näderejede hormat goýýandyklaryny, olaryň aglabasynyň, gelejekde haýsy hünäriň eýesi bolmak isleýändikleri barada  sowala: «mugallym» diýip jogap bermekleri bilen hem göz ýetirip bolýar.

     Mugallym okuwçysy tarapyndan söýülmelidir. Okuwçylaryna täsir edip bilmek we ikitaraplaýyn gowy gatnaşygy ýola goýmak üçin mugallym söýgüniň hem-de kämilligiň gudratyndan peýdalanmalydyr. Mugallymyň üstünligi esasan okuwçylarynyň üstünlikleri bilen kesgitlenilýär. Şonuň üçin okuwçylar bilen elmydama täze maksatlary kesgitlemeli hem-de bu maksada ýetmek üçin göreşmelidir. Galyberse-de, mugallymlar iň täze habarlar, bilim ösüşleri, tehnologiýalar bilen tanyşmagyň nähili möhümdigini bilmelidirler. Bu maglumatlary okuwçylar bilen paýlaşmak olaryň hem pikirleriniň täzelenip durmagyna ýardam edýär.

Nargiza ALAMINOWA
Daşoguz welaýatynyň Beki Seýtäkow adyndaky
mugallymçylyk mekdebiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

y1oqcjarfrlilqmxvnsvhps3dysfmampvd4u7kv2h8g5lzrltyvlaiv9d3ig 960x662 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ýurdumyzyň okgunly ösýän halkara hyzmatdaşlygy

kyyrejybvq6j40wgd8le9hlucmahukwvps8gtzar1ymakkfl94ukjhlpemcy THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Halkara asuda parahat ýurdumyz

Soňkylar Makalalar

Paýhas çeşmesi – terbiýe hazynasy

03.01.2026
Terbiýeçilik işi oýlanyşykly, paýhasly çemeleşmäni talap edýär. Şunda her bir çaga onuň häsiýetine görä çemeleşmek zerur bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap edilen

Bedew batly at-myradyň mekany

02.01.2026
Halkymyzyň köp müňýyllyk taryhy ýolunda bedew atlar baky hemrasy, iň ýakyn syrdaşy we ruhy baýlygy bolup gelipdir. Türkmen medeniýetinde at diňe bir barjamlylygyň ýa-da

Garyň aklygy — tebigatyň ruhy sazlaşygy

02.01.2026
Gyş paslynyň ilkinji garyň ýagmagy bilen tebigat özüne mahsus ak keşbine girip, daş-töweregi arassalyk we päklik duýgusy bilen gurşap alýar. Asmandan ýuwaşlyk bilen inýän

Hünärinde hem-de sportda ussat türgenlerimiz!

02.01.2026
Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatynda alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýurdumyzda geçirilýän sport ýaryşlaryna aýratyn orun degişli bolup durýar. Ýurdumyzda geçirilýän şol ýaryşlaryň

Döwletli işleriň dowamy

02.01.2026
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly halkymyz üçin düşümli, döwletli ýyllaryň biri boldy. Ýurdumyzy gülledip ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa
GitTop