Dark
Light
24.01.2026
i 29 THE ASHGABAT TIMES

Nowruz geldi ülkäme kalby salyp heýjana

13.03.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň her bir güni toý-dabaralara, şanly senelere beslenýär. Şeýle dabaralaryň biri hem baharyň gelmegi bilen uludan bellenilýän Nowruz baýramydyr. Türkmen hem-de Gündogar halklarynda giňden bellenilýän Nowruz baýramy parahatçylyk, ynsanperwerlik, dost-doganlyk ýörelgelerini giňden dabaralandyrýar. Nowruz diňe bir baharyň gelşini buşlaýan sene bolman eýsem, topragyň janlanýandygyny hem alamatlandyrýar.

Taryhyň dürli döwürlerinde bu baýramy bellemegiň däpleri halklaryň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň berkemegine ýardam edipdir. Beýik ýüpek ýolunyň ugry bilen gatnan kerwenler halkymyzyň Nowruz baýramy bilen bagly däplerini dünýäniň çar künjegine ýaýradypdyrlar. Nowruz baýramy ençeme halklarda, şol sanda türkmenlerde hem Gün senenamasy boýunça ýaz paslynda gije-gündiziň deňleşýän wagtynda mart aýynyň 21-ne bellenilipdir. Hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli gatnaşyklar, birek-birege ynam bu baýramyň esasy ýörelgeleridir. 

Ähli döwürlerde-de türkmen halkynyň pelsepewi dünýägaraýşyny, ruhy gymmatlyklaryny özünde jemleýän Halkara Nowruz güni Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem uly dabara bilen bellenilýär. Nowruz saçagy dürli naz-nygmatlar, milli tagamlar bilen bezelýär. Olaryň iň esasysy semenidir. Mundan başgada, palaw, süýtli aş, dänik, bulamak, noýbaly unaş, mäşewe, Nowruz ýarmasy, Nowruz köjesi ýaly tagamlar hem bişirilýär.

 Bizi asuda durmuşda ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Gülşat HORDUMOWA
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

20210623 2 48882625 66337161 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

 Albinizm Keseli

2.1 technological advancements THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Bilimiň Çäksiz Serhetleri

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop