Dark
Light
03.01.2026
eziz diyar THE ASHGABAT TIMES

Oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn we ylmy esasda ösdürilmegi

04.03.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biodürlüligi gorap saklamak, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagy ýaly oba hojalyk toplumynyň we azyk üpjünçiligi ulgamynyň öňünde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi azyk önümleriniň hiliniň hem-de möçberiniň ýokarlandyrylmagyna mümkinçilik berýär.

Soňky ýyllarda Türkmenistanda häzirki zaman oba hojalyk tehnologiýalarynyň, şol sanda takyk ekerançylyk ulgamlarynyň giňden ornaşdyrylmagyna, degişli amallaryň awtomatlaşdyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Bu işleriň ählisi oba hojalyk ekinleriniň, topragyň ýagdaýyna gözegçilik edilmegini hem-de bol hasyl alynmagyny şertlendirýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen gurlan döwrebap Arkadag şäheri diňe bir ykdysady we durmuş ulgamynda däl, eýsem, daşky gurşawy goramak babatda hem täzeçillikleri synagdan geçirmek üçin geljegi uly meýdança bolup durýar.

Oba hojalyk önümlerini öndürijileri maliýe-ykdysady taýdan goldamaga döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýär. Munuň özi olary täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Bugdaýyň, pagtanyň, şalynyň, gant şugundyrynyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny almak üçin döwletimiz tarapyndan zerur bolan tohumlaryň, dökünleriň, himiki serişdeleriň, tehniki hyzmatlaryň doly üpjün edilmegi, daýhanlara berilýän yzygiderli ýeňillikler azyk bolçulygyny üpjün etmegiň kepili bolup durýar. Pagtaçylyk oba hojalyk pudagynyň wajyp ugurlarynyň biri bolup, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi ösdürmek, ykdysadyýetimiziň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegine mynasyp goşant goşýar.

Türkmenistanda ýer we suw serişdelerini rejeli ulanmak meselelerine-de uly ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň suw üpjünçilik ulgamyny gowulandyrmak, ekinleri suwarmakda innowasion tehnologiýalary önümçilige yzygiderli ornaşdyrmak, ýer-suw serişdelerinden netijeli peýdalanmak maksady bilen, suw howdanlary gurlup, bar bolanlarynyň göwrümi giňeldilýär. Gurak zolakda ekerançylygyň, suwdan peýdalanmagyň ägirt uly tejribesine eýe bolmak bilen, ýurdumyz bu ulgamdaky ylmy barlaglaryň öň hatarynda çykyş edip, beýleki döwletleri hem suw gorlaryna tygşytly çemeleşmäge çagyrýar.

Şeýlelikde, ýurdumyzyň oba hojalygy pudagy içerki bazarlarda azyk bolçulygyny üpjün etmek, oba ilatynyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak bilen, maksatnamalaýyn esasda hil taýdan täze derejelere çykýar. Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimizde, hususan-da, oba hojalyk toplumynda amala aşyrylýan iri özgertmeleriň oňyn netijesi bolup durýar.

Aýgül ÝUSUPOWA
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň  talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

man organizm 1 1273 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Adam bedeninde bolup geçýän fiziki hadysalar

6bvao7wnznjbqoy8hcfq2vdersw3fnysfuva0hygb1s4ivrhs7ppbehufv8q THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Medeniýet we sungat – Halkyň ruhy baýlygynyň egsilmez çeşmesi

Soňkylar Makalalar

Bedew batly at-myradyň mekany

02.01.2026
Halkymyzyň köp müňýyllyk taryhy ýolunda bedew atlar baky hemrasy, iň ýakyn syrdaşy we ruhy baýlygy bolup gelipdir. Türkmen medeniýetinde at diňe bir barjamlylygyň ýa-da

Garyň aklygy — tebigatyň ruhy sazlaşygy

02.01.2026
Gyş paslynyň ilkinji garyň ýagmagy bilen tebigat özüne mahsus ak keşbine girip, daş-töweregi arassalyk we päklik duýgusy bilen gurşap alýar. Asmandan ýuwaşlyk bilen inýän

Hünärinde hem-de sportda ussat türgenlerimiz!

02.01.2026
Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatynda alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýurdumyzda geçirilýän sport ýaryşlaryna aýratyn orun degişli bolup durýar. Ýurdumyzda geçirilýän şol ýaryşlaryň

Bilimli ýaşlar – buýsanjymyz

30.12.2025
Bilim bagtyýarlyga, ruhubelentlige hem-de rowaçlyga deňelýär, beýik işleriň gözbaşy hasaplanýar. Ylym-bilim ulgamynda-da uly üstünliklere beslenen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem tamamlanyp barýar. Şanly

Täsin we geň galdyryjy täze ýyl ynançlary

30.12.2025
Biler bolsaňyz, dünýädäki ilkinji arça agajy XVII asyryň başynda döräpdir. Elzas şäherinde arça we sosna agaçlary reňkli kagyz gülleri, alma, kökejikdir süýjüler bilen bezelipdir.
GitTop