Dark
Light
11.01.2026
twkb37lishvvmhy82z7jruwko5phasrunopnfjdcusajqxvgti0akd7glsu8 2 THE ASHGABAT TIMES

Parahatçylygyň we dostlugyň mekany

21.03.2025

Hormatly Prezidentimiziň parasatly, öňdengörüjilikli baştutanlygynda Watanymyzyň halkara abraýy barha artýar, halkara gatnaşyklarynda ýokary netijeler gazanylýar. Ýurdumyzyň bitarap, parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatda gazanýan üstünlikleriniň netijelerine Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň mysalynda aýdyň göz ýetirmek bolýar. 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly agzalygyna kabul edildi. Halkara hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllyk tejribesinde, taryh üçin uly bolmadyk döwrüň içinde ösüşe gönükdirilen umumadamzat bähbitli netijeli işler ýerine ýetirildi. Soňky on ýylyň içinde dünýä bileleşigi bilen hyzmatdaşlyk has-da işjeňleşip, giň gerime eýe boldy we täze many-mazmun bilen baýlaşdy.

Türkmenistan häzirki wagtda dünýäniň ençeme döwletleri bilen diplomatik gatnaşyklary we söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy alyp barýar, dünýä ýurtlarynyň ençemesinde döwletimiziň ilçihanalary we wekilhanalary işleýär. Munuň özi Watanymyzyň halkara abraýynyň barha dabaralanýandygyny görkezýär.

Şonuň ýaly-da BMG-niň doly hukukly agzasy bolmak bilen, halkara konwensiýalaryna, maslahatlaryna yzygiderli gatnaşyp, bütindünýä guramasy bilen bilelikde strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen möhüm maksatnamalar bilen çykyş edýär. Şeýle hem, ýurdumyzda halkara maslahatlar, sammitler, forumlar yzygiderli geçirilýär. Hut şolar ýaly maslahatlaryň biri hem “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny” atly halkara maslahatydyr.

Bu maslahatyň geçirilmeginiň  esasy özenini Türkmenistanyň daşary syýasy ugry halkara parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmäge ýardam bermek; dünýäniň syýasy giňişliginde Türkmenistanyň ornuny güýçlendirmek; halkara gatnaşyklary ulgamynda döwletimiziň milli bähbitlerini yzygiderli goramak ýaly belent maksatlardan ugur almak bilen, Türkmenistanyň daşary syýasatynyň öňünde howpsuzlygynyň toplumlaýyn we ygtybarly ulgamyny üpjün etmek, ýurduň garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny berkitmek, şeýle-de Türkmenistanyň Hemişelik bitaraplyk hukuk derejesine gyşarnyksyz eýermek bilen, halkara parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň pugtalandyrylmagyna ýardam bermek ýaly ugurlar düzýär.

Bu günki gün agzybir halkymyz Magtymguly Pyragynyň: «Türkmen ilim, eý, adamzat!, Azat il, güzer gözlär men» – diýip arzuw eden ajap döwranynyň gujagyna doldy. Biz gül Diýarymyzy, gözel tebigatymyzy, berk binýatly berkarar döwletimizi, arassa asmanymyzy, genji-hazynaly topragymyzy, dertlere şypa bolan tämiz howamyzy, jana tenekar suwumyzy, şonuň ýaly-da dünýä ýüzünde agzybirlikli, dost-doganlykly gatnaşyklarymyzy, umuman, bütin adamzadyň ykbalyny ynsanperwer syýasatymyz bilen goraýarys.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkara derejede Türkmenistan ýurdumyzyň adyny belende galdyrýan  Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur hoşallygymyzy bildirýäris. Goý, Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!

Orazberdi HOMMYÝEW
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

original 161f61ba935fa4 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny» 

9lj7zafhcz3zgulqdo8vzagozbaqgwiy06ycwsbdepuy7ozhajot9zvhzqot THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Bitaraplygymyzyň parahatlyk söýüji ýörelgeleri

Soňkylar Makalalar

Bedew batly ösüşleriň mekany

10.01.2026
Ýurdumyzda her ýyly döwrebap atlandyrmak asylly däbe öwrüldi. Ýyllaryň atlary bolsa döwletli Diýarymyzyň taryhy tutumlary, halkymyzyň belent maksatlary, hormatly Prezidentimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän içeri

Oba hojalygy: ösüş-özgerişler ýoly bilen

08.01.2026
Bagtyýar halkymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny şanly taryhy wakalara, uly zähmet üstünliklerine besläp, täze, 2026-njy — “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly
GitTop