Dark
Light
11.01.2026
9lj7zafhcz3zgulqdo8vzagozbaqgwiy06ycwsbdepuy7ozhajot9zvhzqot THE ASHGABAT TIMES

Bitaraplygymyzyň parahatlyk söýüji ýörelgeleri

21.03.2025

Bitaraplyk — bu biziň parahatçylyga, asudalyga bolan söýgimiz. Hemişelik Bitaraplygymyzyň eşret-höziri ýurdumyzyň ähli ulgamlarynyň ösüşinde, halkara gatnaşyklarynda hyzmatdaşlygyň yzygiderli pugtalandyrylmagynda we berkemeginde aýdyň ýüze çykdy. Ýagny, Bitaraplyk ýyllary içinde ýurdumyzyň ähli ulgamlary bilen bir hatarda, oba hojalyk pudagynda hem düýpli özgermeler durmuşa geçirilýär.

Bitaraplyk-biziň baýlygymyzdyr, hazynamyzdyr, milliligimize bolan buýsanjymyzy, guwanjymyzy goşalandyrýan abraý-mertebämizdir. Gymmatynyň dünýäniň iri we abraýly guramalary, halklary tarapyndan ykrar edilmegi – munuň aýdyň subutnamasydyr. Owal-ahyr süňňüne ornan, ganyna siňen, ata-babalarymyz tarapyndan nesillere ebedi miras bolan hoşniýetlilik, ynsanperwerlik, dostluk-doganlyk ýörelgeleri bu günki günde dünýä halklarynyň arasynda parahatçylyk söýüjilige çagyrýan taglymata öwrüldi.

Şeýlelik bilen hem, Diýarymyzda Halkara maslahatlar, forumlar, sammitler yzygiderli geçirilýär. Ýaňy ýakynda hem, Söwda-senagat edarasynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny» atly halkara maslahat ýokary derejede geçirildi. Bu maslahat  Gahryman Arkadagymyzyň: «Biz parahatçylygyň, ynanyşmagyň, deňhukuklylygyň, özara bähbitleriň ykdysady hyzmatdaşlygyň esasyny düzmelidigine ynanýarys. Islendik iri ykdysady, üpjünçilik, söwda we maýa goýum taslamalary diňe durnuklylyk hem-de birek- birege ynam bolan ýagdaýynda üstünlikli bolup biler» diýen, sözlerinden ugur alyp Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy hem-de durnukly ösüşini üpjün etmäge, sebitara we halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge gönükdirilen halkara başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýändiginiň aýdyň nusgasy boldy.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyz öz nusgalyk ýoluny saýlap aldy we şoňa ygrarly bolmagynda hem galýar. Jemgyýetimiziň ähli pudaklarynda hemmetaraplaýyn sazlaşykly gülläp ösüşleriň bolmagy üçin yzygiderli özgerişikler geçirilýär. Bu ugurda eýýäm şu ýylymyzyň özünde birnäçe işleriň giň gerim bilen edilýändigini görmek kalbymyzda buýsanç duýgularyny oýarýar.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyny şöhratlandyrmak, ony geljege rowan ýollarymyzda ýurdumyzyň abraý-mertebesine, genji-hazynasyna öwürmek raýatlarymyzyň watançylyk buýsanjyny göge galdyrýar. Biz ýaş nesillerde Watan söýgüsine, ertirki asuda, abadan günimize ynanç döredýär. Watana wepalylygyň ýokary nusgasy bolan okatmak, öwretmek islegimize giň ýol açýan, bu ugurda aýdyň maksatlarymyzyň myrat tapmagyna badalga berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  janlary sag , belent başlary aman bolsun, ýurdumyzyň ösmegi ugrunda alyp barýan işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Merýem MYRATNYÝAZOWA
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

twkb37lishvvmhy82z7jruwko5phasrunopnfjdcusajqxvgti0akd7glsu8 2 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Parahatçylygyň we dostlugyň mekany

386e796457a35df475215a4a11c355d1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Parahatçylyk – ösüşleriň binady

Soňkylar Makalalar

Bedew batly ösüşleriň mekany

10.01.2026
Ýurdumyzda her ýyly döwrebap atlandyrmak asylly däbe öwrüldi. Ýyllaryň atlary bolsa döwletli Diýarymyzyň taryhy tutumlary, halkymyzyň belent maksatlary, hormatly Prezidentimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän içeri

Oba hojalygy: ösüş-özgerişler ýoly bilen

08.01.2026
Bagtyýar halkymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny şanly taryhy wakalara, uly zähmet üstünliklerine besläp, täze, 2026-njy — “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly
GitTop