Dark
Light
12.01.2026
i 35 THE ASHGABAT TIMES

Parahatçylygyň we ösüşiň ýolunda

21.03.2025

Parahatçylyk we Bitaraplyk. Şu iki jümläni bir maksada gönükdirýän eziz ýurdumyz parahatçylyk arkaly her bir gününi beýik ösüşlere besleýär. Hut şoňa esaslanyp, dost-doganlygyň mekany hökmünde adygýan Watanymyz ynanyşmagyň ýoluna eýermek arkaly halkara giňişliginde ynsanperwer syýasaty alyp barýar. Bitaraplyk – bu asudalyk, şu güne buýsanç, ertire ynanç. Ol hemişelik bagtyýarlygymyzyň şuglasydyr.

Parahatçylyk we ynanyşmak dürli jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň mazmunynda wajyp orun eýeleýän adalgalar bolup durýar. Türkmen halky gadym döwürlerden bäri bu sözlere çuň many-mazmuny özünde jemleýän sözler, derwaýys adalgalar hökmünde garapdyr. Ýurdumyzyň öňe sürýän döredijilikli başlangyçlary Milletler Bileleşiginiň çäklerinde durmuşa geçirilýän işjeň diplomatiýanyň möhüm bölegine öwrülmek bilen, halkara gatnaşyklaryň häzirki zaman derwaýys meselelerine oňyn täsir etmegiň, syýasy we hukuk taýdan netijeliligini yzygiderli ýokarlandyrmagyň täze mümkinçilikleriniň döredilýändigini kepillendirýär.

Häzirki döwürde Türkmenistan ýurdumyz sebitde parahatçylygy üpjün etmekde, özara ylalaşygy ýola goýmakda netijeli işler alyp barýan merkez hökmünde  tanalýar. Ak şäherimiz Aşgabat halkara maslahatlaryň, forumlaryň, sammitleriň yzygiderli geçirilýän mekanyna öwrüldi. Muňa “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny” atly halkara maslahaty aýdyň mysal bolup biler.

Häzirki çylşyrymly şertlerde ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnuklylygyň üpjün edilmegi aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Şunda dünýä syýasatynda özara ynanyşmagyň we hoşniýetli gatnaşyklaryň pugtalanmagynda döwletimiziň oňyn Bitaraplygyna möhüm orun degişlidir.

Häzirki wagtda Türkmenistan sebitde ylalaşdyryjy merkez bolmak bilen, dünýäde howpsuzlygy we parahatçylygy üpjün etmek meselesine aýratyn ähmiýet berip, bar bolan howplara we wehimlere garşy netijeli göreşmegiň ýollaryny işläp düzmäge goňşy döwletleriň hem-de halkara bileleşiginiň giňden gatnaşmagy ugrunda yzygiderli çykyş edýär.

Goý, parahatçylygyň mekany bolan eziz ýurdumyzyň dünýä ýüzündäki at-abraýy mundan beýläk hem belende galsyn! Parahatçylyk, ynanyşmak ýaly asylly ýörelgeleri bütin dünýäde giňden dabaralandyrmak ugrunda uly tagallalary amala aşyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Mergen ÝOLOW
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

c67b61802b08ffa7e825c696690ce2bf 450x3002 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Parahatçylyk – hoşniýetliligiň ýoly

types of medical supplies THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Saglyk hyzmatlarynyň esasy enjamy

Soňkylar Makalalar

Bedew batly ösüşleriň mekany

10.01.2026
Ýurdumyzda her ýyly döwrebap atlandyrmak asylly däbe öwrüldi. Ýyllaryň atlary bolsa döwletli Diýarymyzyň taryhy tutumlary, halkymyzyň belent maksatlary, hormatly Prezidentimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän içeri

Oba hojalygy: ösüş-özgerişler ýoly bilen

08.01.2026
Bagtyýar halkymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny şanly taryhy wakalara, uly zähmet üstünliklerine besläp, täze, 2026-njy — “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly
GitTop