Türkmen halky parahatçylyk sözüniň manysyny öz milli mirasynyň esasy gymmatlyklarynyň biri hökmünde kabul edýär. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserlerinde beýan edilen pikirler we garaýyşlar türkmen halkynyň parahatçylygy, agzybirligi we jebisligi dünýä ýaýmakda esasy ýol-ýörelgeleri bolup çykyş edýär.
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň giň pähim-paýhasly eserlerinde türkmen halkynyň müňýyllyklara uzap gidýän parahatçylykly filosofiýasyny beýan edýär. Ol ýazyjy we alym hökmünde parahatçylygyň diňe bir döwlet syýasatynyň däl-de, eýsem ruhy taýdan güýçli jemgyýetiň binýady bolup durýandygyny belleýär. Onuň kitaplarynda, parahatçylykly syýasatyň döwletiň durnukly ösüşine we halkara derejesinde abraýlylygynyň ýokarlanmagyna nähili uly täsir edýänligi aýratyn nygtalýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz hem öz çykyşlarynda we taslamalarynda parahatçylygy türkmen halkynyň milli pelsepesiniň aýrylmaz bir bölegi hökmünde görkezýär. Ol halkara guramalarynyň çäginde türkmen parahatçylyklylyk ýörelgeleriniň öňe sürülmegini we onuň dünýä nusga alarlyk derejede ornaşdyrylmagyny öňe sürýär. Onuň dolandyryş filosofiýasy ýurtlaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmek arkaly dünýäde durnuklylygyň esasyny döretmek maksadyny öz içine alýar.
Şeýle hem, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserlerinde parahatçylyk diňe bir syýasy aňlatma bolmak bilen çäklenmän, eýsem medeniýetiň, adam hukuklarynyň we jemgyýetçilik agzybirliginiň esasydyr. Türkmen halkynyň baý mirasy we gymmatlyklary, halklaryň arasynda bagtyýarlyk we durnuklylyk ýörelgelerini dünýä ýaýmak üçin bir nusga bolup hyzmat edýär.
Netijede, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuňňur pähim-paýhas bilen ýazylyp beýan edilen pikirleri, diňe bir türkmen jemgyýeti üçin däl, eýsem dünýä halklary üçin durnuklylygyň we dostlugyň ýoluny görkezýär. Türkmen halkynyň bu göreldesi, parahatçylygyň gymmatlygymyzdygyny ýene bir gezek dünýä äşgär edýär.
Mähri DAŇATAROWA
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň mugallymy