Dark
Light
11.01.2026
386e796457a35df475215a4a11c355d1 THE ASHGABAT TIMES

Parahatçylyk – ösüşleriň binady

21.03.2025

Parahatçylyk adamzadyň hormatlap gelýän iň beýik ýörelgeleriniň biridir. Islendik döwlet, islendik halk, islendik adam parahat durmuşy, abadan ýaşaýşy ähli zatdan gymmatly hasap edýär. Çünki parahatçylyk we abadançylyk gülläp ösüşiň esasy şertleriniň biridir. Ýer ýüzünde abadan durmuşyň berkarar bolmagy ugrunda çykyş edýän Türkmenistan Watanymyz hem durnukly ösüşiň ygtybarly ýoluna düşdi.

Parahatçylyk söýüjilik müňýyllyklaryň dowamynda goňşy döwletler bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýmaga aýratyn ähmiýet beren halkymyzyň asylly häsiýetleriniň biridir. Munuň özi hem ýurdumyzyň parahatçylyk, özara ynanyşmak we hyzmatdaşlyk ýörelgelerini daşary syýasatynyň esasy özeni hökmünde saýlap almagynyň gadymdan gelýän edim-gylymlary syýasy gurşawda-da dowam etdirýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmenistan Garaşsyzlygyna eýe bolan gününden bäri parahatsöýüjilikli daşary syýasaty alyp barýar. Ýurdumyz syýasy gatnaşyklarda oňyn Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan wezipelere esaslanmak bilen, sebitde durnuklyly ösüşi, hoşniýetli goňşuçylygy we parahatçylygy pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýär. Parahatçylyk we ösüş maksatlaryna gönükdirilen taslamalaryň durmuşa geçirilmegine yzygiderli gatnaşýar hem-de oňyn teklipleri öňe sürýär.

Bu günki gün Türkmenistan parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi pugtalandyrmaga gönükdirilen halkara söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, ekologik, energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, halkara ulag geçelgelerini döretmek boýunça we beýleki birnäçe daşary syýasy başlangyçlary yzygiderli öňe sürýär hem-de olar dünýä bileleşiginde giň goldawa mynasyp bolýar. Hut şol maksat bilen hem, ýany ýakynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny» atly halkara maslahaty geçirildi.

Döwlet Baştutanymyzyň milli sebit we halkara derejesinde parahatçylyga, howpsuzlyga we durnukly ösüşe ýardam berýän halkara başlangyçlarynda hemişelik Bitaraplyk möhüm orun tutýar. Bu gün Türkmenistan dünýäniň syýasy giňişliginde güýçli depginler bilen ösýän, ykdysady taýdan kuwwatly, syýasy taýdan durnukly we asuda, sebit we halkara gatnaşyklaryna işjeň gatnaşýan ýurt hökmünde tanalmak bilen beýleki ýurtlar babatda hoşniýetli, ynsanperwer syýasat alyp barýar.

Bitaraplyk diňe bir ýurduň daşary syýasatyna däl, eýsem, içeri syýasatyna-da oňyn täsir edýär. Biz parahatçylyk tugunyň astynda erkin dem alyp, asuda ýaşaýan halk. Ilimiz ýagty, aýdyň ertirimize ynançly garaýar. Bitaraplyk – bu asudalyk, şu güne buýsanç, ertire ynanç. Ol hemişelik bagtyýarlygymyzyň şuglasydyr. Parahatçylyk we abadançylyk ýörelgelerini, Bitaraplyk syýasatyny ýöredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  janlary sag , belent başlary aman bolsun, ýurdumyzyň ösmegi ugrunda alyp barýan işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Guwanç SANGULYÝEW
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

9lj7zafhcz3zgulqdo8vzagozbaqgwiy06ycwsbdepuy7ozhajot9zvhzqot THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Bitaraplygymyzyň parahatlyk söýüji ýörelgeleri

8e293467a320be9d2306e50614dff5fc THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Bitarap Türkmenistan – parahatçylygyň we dostlugyň mekany

Soňkylar Makalalar

Bedew batly ösüşleriň mekany

10.01.2026
Ýurdumyzda her ýyly döwrebap atlandyrmak asylly däbe öwrüldi. Ýyllaryň atlary bolsa döwletli Diýarymyzyň taryhy tutumlary, halkymyzyň belent maksatlary, hormatly Prezidentimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän içeri

Oba hojalygy: ösüş-özgerişler ýoly bilen

08.01.2026
Bagtyýar halkymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny şanly taryhy wakalara, uly zähmet üstünliklerine besläp, täze, 2026-njy — “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly
GitTop