Dark
Light
04.01.2026
THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistan parahatçylyk we ynanyşmagy ykdysady ösüş bilen baglanyşdyrmagy

25.03.2025

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny» atly halkara maslahaty geçirildi.

Maslahata Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, daşary ýurtlaryň döwlet edaralarynyň we iri kompaniýalaryň, halkara guramalaryň, maliýe institutlarynyň, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, talyplar gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda taraplar söwda, ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny we ýurtlaryň arasynda senagat kooperasiýasyny giňeltmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Şunda bir döwürler Beýik Ýüpek ýolunyň geçýän ýeri bolan Merkezi Aziýa sebitiniň ähmiýeti bellenildi.

 Geçirilen bu maslahat halkara ähmiýete eýe bolup, Türkmenistanyň sebitde durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň ykrar edilýändiginiň nobatdaky güwäsi boldy. Ýurdumyz oňyn Bitaraplyk syýasatyny durmuşa geçirmek bilen, döwletara, sebitara we halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge möhüm ähmiýet berýär. Sebitara ykdysady hyzmatdaşlyk durnukly ösüşi üpjün etmekde strategik ähmiýete eýedir. Ol söwda, energetika, ulag we ekologiýa ýaly ugurlarda bilelikdäki taslamalary öz içine alýar. Bu ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmek diňe bir ykdysady ösüşe ýardam bermek bilen çäklenmän, eýsem, ýurtlaryň arasyndaky ynanyşmak dialogyny hem pugtalandyrýar. Munuň özi durnukly ösüşi üpjün etmegiň wajyp şerti bolup çykyş edýär. 

Türkmenistan halkara gün tertibiniň möhüm meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamaga jogapkärçilikli çemeleşip, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen umumy tagallalara işjeň gatnaşýar. Şunda üstaşyr ulag geçelgeleriniň we energetika howpsuzlygynyň döwrebap ulgamynyň döredilmegi ýurdumyz üçin ileri tutulýan ugur bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň möhüm wakalarynyň biri bolan, sebitara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen geçirilýän bu halkara maslahatyň Merkezi we Günorta Aziýa döwletleriniň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagyna, ýangyç-energetika, üstaşyr ulag, üpjünçilik taslamalarynyň häzirki zaman ösüş ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga hem-de oňa maýa goýumlary çekmäge giňden ýardam berjekdigini belläp, maslahatyň sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetleriniň ähli ulgamlarynda durnukly ösüşi üpjün etmekde, olara döwrebap innowasiýalary ornaşdyrmakda, maýa goýum mümkinçilikleri bilen bagly meselelerde özara tejribe alyşmak üçin möhüm meýdança öwrüljekdigine berk ynam bildirdi.

Türkmenistan parahatçylyk we ynanyşmak ideýasyny gönüden-göni ykdysady ösüş bilen baglanyşdyrýar. Şoňa görä-de, şu ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly ykdysady hyzmatdaşlyga güýçli itergi bermelidir diýip, Gahryman Arkadagymyz maslahatda belläp geçdi. Türkmenistanyň parahatçylygyň, ynanyşmagyň, deňhukuklylygyň, özara bähbitleriň ykdysady hyzmatdaşlygyň esasyny düzmelidigine ynanýandygyny, islendik iri ykdysady, üpjünçilik, söwda we maýa goýum taslamalarynyň diňe durnuklylyk hem-de birek-birege ynam bolan ýagdaýynda üstünlikli bolup biljekdigini nygtamak gerek.

Jemal JUMAÝEWA
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň Diller kafedrasynyň assistenti

Leave a Reply

Your email address will not be published.

639aa05f 956d 4c40 9b79 44a01566bca0 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Giperkinetik Bozulmalar

21432425 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistan AFC Asian Cup-yň ýeňişine tarap

Soňkylar Makalalar

Paýhas çeşmesi – terbiýe hazynasy

03.01.2026
Terbiýeçilik işi oýlanyşykly, paýhasly çemeleşmäni talap edýär. Şunda her bir çaga onuň häsiýetine görä çemeleşmek zerur bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap edilen

Bedew batly at-myradyň mekany

02.01.2026
Halkymyzyň köp müňýyllyk taryhy ýolunda bedew atlar baky hemrasy, iň ýakyn syrdaşy we ruhy baýlygy bolup gelipdir. Türkmen medeniýetinde at diňe bir barjamlylygyň ýa-da

Garyň aklygy — tebigatyň ruhy sazlaşygy

02.01.2026
Gyş paslynyň ilkinji garyň ýagmagy bilen tebigat özüne mahsus ak keşbine girip, daş-töweregi arassalyk we päklik duýgusy bilen gurşap alýar. Asmandan ýuwaşlyk bilen inýän

Hünärinde hem-de sportda ussat türgenlerimiz!

02.01.2026
Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatynda alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýurdumyzda geçirilýän sport ýaryşlaryna aýratyn orun degişli bolup durýar. Ýurdumyzda geçirilýän şol ýaryşlaryň

Döwletli işleriň dowamy

02.01.2026
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly halkymyz üçin düşümli, döwletli ýyllaryň biri boldy. Ýurdumyzy gülledip ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa
GitTop