Dark
Light
27.12.2025
i 38 THE ASHGABAT TIMES

Parahatçylyk we ynanyşmak baky synmaz bagtymyz

24.03.2025

Garaşsyz Watanymyzda Ýer ýüzüniň birnäçe döwletleri, abraýly halkara guramalary bilen dünýäde parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň hem-de durnukly ösüşiň bähbidine dostlukly gatnaşyklary ösdürmek, birek-birege ynanyşmak, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary ýola goýmak, sebitde we dünýäde durnuklylygy saklamak, netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikler döredilýär.

2025-nji ýylda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly şygary dabaralandyrmak maksady bilen dürli halkara çäreler, maslahatlar we beýleki çäreler geçirilýär. Bu başlangyç diňe bir Türkmenistanyň däl, eýsem, bütin dünýä jemgyýetçiliginiň parahatçylykly we ynanyşmaga esaslanýan geljege bolan ymtylyşlaryna hyzmat eder.

Türkmenistanyň bu ugurdaky işjeňligi halkara giňişlikde ýurduň abraýyny has-da belende göterer we halkara hyzmatdaşlygyň täze belentliklere galmagyna ýardam berer.

Parahatçylyk we ynanyşmak adamzadyň abadan geljegini üpjün etmekde biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly iň gymmatly düşünjeler bolup, ol häzirki wagtda döwletleriň we halklaryň arasynda hyzmatdaşlygyň hem-de ösüşiň baş ýörelgesine öwrülýär.

Hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistan parahatçylygy, durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak boýunça oňyn syýasaty durmuşa geçirýär. Bu başlangyç diňe bir milli çäkde däl, eýsem, halkara forumlary, maslahatlary we beýleki çärelere gatnaşygy arkaly bütin dünýä derejesinde giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar.

Bu ýörelgä Türkmenistanyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň döredijilik ýoly hem aýdyň şahadat berýär. Onuň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” atly goşgusy ýurdumyzyň bu ugurdaky abraýyny has-da berkidýär.

Aýna ÇARYÝEWA
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

6048424a58d3b043731126 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Hemişelik Bitaraplyk halkymyzyň abadan ýaşaýşynyň ygtybarly kepilidir

i 37 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Söwda – ykdysady gatnaşyklary ösdürmek ugrunda

Soňkylar Makalalar

«Hakyda göwheri» – doganlyk halklaryň mirasynda

27.12.2025
Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çuňňur many-mazmuna ýugrulan «Hakyda göwheri» atly kitaby halkymyzyň şöhratly taryhy we

Hemişelik Bitaraplyk – biziň buýsanjymyz!

27.12.2025
Taryhy geçmişimizde ata-babalarymyzyň arzuwlan Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz bu günki günde bütin dünýäde parahatçylyk söýüjiligiň nusgasy bolup çykyş edýär. 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistan

Täze ýyl – nurana arzuwlaryň baýramy

27.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy

Bitaraplyk – dünýä gymmatlygy

26.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy
GitTop