Dark
Light
03.01.2026
e10f7f8068dbf60978e925eb12ef7809 THE ASHGABAT TIMES

Sagdyn nesil – sagdyn gelejek

03.03.2025

Ýurdumyzyň raýatlarynyň saglygynyň dikeldilmeginde şypahana bejergisi möhüm ähmiýete eýedir. Döwrebap şypahanalaryň gurulmagy we bar bolanlarynyň durkunyň täzelenilmegi arkaly bu infrastrukturanyň üsti yzygiderli ýetirilýär. Olar enjamlaşdyrylyş derejesi, hödürleýän hyzmatlarynyň görnüşleri boýunça dünýä belli bejeriş-öňüni alyş merkezleri bilen bäsleşmäge ukyplydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň “Döwlet adam üçindir!” diýen şygaryndan, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen ýörelgelerinden ugur alnyp, bu möhüm durmuş ugurly pudagyň öňünde täze wezipeler goýuldy.

Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň önümçilik toplumlarynyň gurluşyk işleri batly depginde alnyp barylýar. Halkara güwänamalar, şol sanda Bütindünýä Intellektual Eýeçilik Guramasynyň halkara býurosynyň ýörite şahadatnamasy bu ýerde öndürilýän, halkara standartlara we ekologik talaplara laýyk gelýän lukmançylyk önümlerine berlen ýokary bahadyr. Täze şäherde döwrebap lukmançylyk edaralary açylyp ulanmaga berildi. Şolaryň hatarynda köpugurly hassahana, onkologiýa merkezi, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi, «Tiz kömek» merkezi, saglyk öýi bar. “Akylly” şäherde bilim ulgamyna-da uly üns berilýär, bu ugurda Saçly Dursunowa adyndaky lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi bu hünäriň esaslaryny öwrenmek we amaly endikleri özleşdirmek üçin giň mümkinçilikleri döredýär.

Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň önümçilik toplumlarynyň gurluşyk işleri batly depginde alnyp barylýar. Halkara güwänamalar, şol sanda Bütindünýä Intellektual Eýeçilik Guramasynyň halkara býurosynyň ýörite şahadatnamasy bu ýerde öndürilýän, halkara standartlara we ekologik talaplara laýyk gelýän lukmançylyk önümlerine berlen ýokary bahadyr. Täze şäherde döwrebap lukmançylyk edaralary açylyp ulanmaga berildi.

Soňky ýyllarda Ýewropanyň we Aziýanyň öňdebaryjy hünärmenleri bilen ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň çäklerinde bilelikdäki taslamalardyr maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär, dürli keselleriň öňüni almagyň, anyklamagyň, bejermegiň öňdebaryjy usullary ornaşdyrylýar. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ägirt uly özgertmeleriniň binýadyny goýan Milli Liderimiz möhüm lukmançylyk desgalarynyň gurluşyk işleriniň barşyny hemişe gözegçilikde saklaýar. 

Umuman, häzirki wagtda sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, türgenleriň ussatlygyny artdyrmak, sebit we dünýä derejesinde ýaryşlary geçirmek üçin baý tejribä eýedir.

Mähri DAŇATAROWA
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň Lukmançylyk fizikasy we informatikasy
kafedrasynyň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

rb3evcznmcaceinvsip1a88z8vgwczgj4hsgvndwni4vz1k0sduod8twyvt4 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ýaşlar parahatçylygyň ilçileri

azerbaijan visa requirements THE ASHGABAT TIMES
Next Story

“Azerbaijan Travel” Web Portaly: Syýahatçylar üçin Özboluşly Ýolbelet

Soňkylar Makalalar

Bedew batly at-myradyň mekany

02.01.2026
Halkymyzyň köp müňýyllyk taryhy ýolunda bedew atlar baky hemrasy, iň ýakyn syrdaşy we ruhy baýlygy bolup gelipdir. Türkmen medeniýetinde at diňe bir barjamlylygyň ýa-da

Garyň aklygy — tebigatyň ruhy sazlaşygy

02.01.2026
Gyş paslynyň ilkinji garyň ýagmagy bilen tebigat özüne mahsus ak keşbine girip, daş-töweregi arassalyk we päklik duýgusy bilen gurşap alýar. Asmandan ýuwaşlyk bilen inýän

Hünärinde hem-de sportda ussat türgenlerimiz!

02.01.2026
Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatynda alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýurdumyzda geçirilýän sport ýaryşlaryna aýratyn orun degişli bolup durýar. Ýurdumyzda geçirilýän şol ýaryşlaryň

Bilimli ýaşlar – buýsanjymyz

30.12.2025
Bilim bagtyýarlyga, ruhubelentlige hem-de rowaçlyga deňelýär, beýik işleriň gözbaşy hasaplanýar. Ylym-bilim ulgamynda-da uly üstünliklere beslenen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem tamamlanyp barýar. Şanly

Täsin we geň galdyryjy täze ýyl ynançlary

30.12.2025
Biler bolsaňyz, dünýädäki ilkinji arça agajy XVII asyryň başynda döräpdir. Elzas şäherinde arça we sosna agaçlary reňkli kagyz gülleri, alma, kökejikdir süýjüler bilen bezelipdir.
GitTop