Dark
Light
27.12.2025
i 41 THE ASHGABAT TIMES

Şanly ýylyň belent şygary – köňülleriň joşguny

25.03.2025

Halkymyzyň ýagşy arzuwlar bilen gadam basan 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýen şygar astynda geçýär. Bu şygarda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyz tarapyndan dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmak, durnukly ösüşi üpjün etmek, durmuş, ekologiýa, ynsanperwer we beýleki meseleleri çözmek bilen bagly öňe sürýän başlangyçlaryndan, döwlet syýasatyndaky möhüm ugurlaryndan gözbaş alýar.

Halkymyzy beýik işlere, täze-täze üstünliklere ruhlandyran bu şygaryň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp goşgusynyň esasynda hem-de Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi mynasybetli saýlanyp alnandygyny buýsanç bilen bellemelidiris.

Gadam basylan täze, 2025-nji ýyl halkymyzyň, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýete eýedir. Bu ýylda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna berk jebisleşen bagtyýar halkymyz baky Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuny toýlar. Ata Watanymyzyň özygtyýarlygyny, berkararlygyny şöhratlandyrýan ajaýyp senäni mynasyp derejede dabaralandyrar, şanly ýyly ähli ugurlarda zähmet üstünligine beslär.

Watanymyzyň gülläp ösmegine goşant goşmak tükeniksiz bagt. Şeýle bagtdan paýly bolan ýaşlar hem bu gün belent watançylyk ruhy bilen yhlasly işleýärler, döredýärler. Belent maksatlar bilen nurana geljege barýan, ýurt parahatçylygynda, il agzybirliginde gurýan, döredýän bagtyýar halkymyzyň üstünlikleri üstünliklere ulaşýar.

Bagtyýar halkymyzyň ýürek sesini duýup, arzuwlaryny hasyl edýän, ýaşlarymyza okamaga, öwrenmäge, döretmäge, döredijilikli zähmet çekmäge ählitaraplaýyn mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli döwletli tutumlary rowaçlyklara beslensin!

Mirhan TUWAKOW
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Aşgabat şäher
komitetiniň başlygynyň wagtlaýyn wezipesini ýerine ýetirijisi

Leave a Reply

Your email address will not be published.

i 40 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ýylymyzyň şygary — kalbymyzyň şatlygy

img 7242 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmen mugallymlary Rumyniýa iş saparynda

Soňkylar Makalalar

«Hakyda göwheri» – doganlyk halklaryň mirasynda

27.12.2025
Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çuňňur many-mazmuna ýugrulan «Hakyda göwheri» atly kitaby halkymyzyň şöhratly taryhy we

Hemişelik Bitaraplyk – biziň buýsanjymyz!

27.12.2025
Taryhy geçmişimizde ata-babalarymyzyň arzuwlan Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz bu günki günde bütin dünýäde parahatçylyk söýüjiligiň nusgasy bolup çykyş edýär. 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistan

Täze ýyl – nurana arzuwlaryň baýramy

27.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy

Bitaraplyk – dünýä gymmatlygy

26.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy
GitTop