123453 THE ASHGABAT TIMES
Standart Hyzmat

Standart Hyzmat bilen Ösüşe taýynmy?

15.03.2025

Standart Hyzmat, 2016-njy ýylda ykdysady ösüş, söwda, maýa goýumlary çekmek we hususy sektory ösdürmek boýunça tejribeli hünärmenler topary tarapyndan esaslandyryldy. Kompaniýa, halkara standartlaryna (ISO, Halal, GlobalG.A.P., FSSС 22000, Organiс we ş.m.) laýyklykda dolandyryş ulgamlaryny ornaşdyrmak boýunça giň gerimli hyzmatlary hödürleýär. Şeýle hem, kompaniýa, elektron söwda, eksporty öňe sürmek we marketing barlaglary ýaly ugurlarda hyzmat edýär.

Standart Hyzmat, ýokary hilli hyzmatlary, elýeterli bahalary we dürli dillerde (türkmen, iňlis, rus) resminamalary taýýarlamak bilen tanalýar. Kompaniýanyň soňky taslamalarynyň biri,  “Galkan” söwda belgisi bilen kolbasa önümlerini öndürýän kärhanada Halal musulman halkara standartyna laýyklykda azyk howpsuzlygy dolandyryş ulgamyny işläp düzmek we ornaşdyrmak boýunça maslahat hyzmatlaryny berdi.

Export Hyzmat Türkmen kompaniýalaryna halkara bazarlara üstünlikli çykmaga kömek edýär. Biz eksporty artdyrmagyň we bäsdeşlik ukybyňyzy ýokarlandyrmagyň ýollaryny bilýäris!

63453634 THE ASHGABAT TIMES

Hyzmatlarymyz

  • Bazaryň marketing barlaglary: Bäsdeşleriň derňewi, isleg we baha seljermesi.
  • Halkara bazarlara çykmak: Strategiýa döretmek, maslahatlar we amaly ädimler.
  • Müşderi we hyzmatdaş gözlegi (B2B Matchmaking): Sizi satyn alyjylar bilen birleşdirýäris.
  • Halkara sergilere taýýarlyk: Gatnaşygy dogry gurnamak we mahabat kömegi.
  • Elektron söwda: Halkara onlaýn bazarlarda satuw strategiýasy.
  • Grant utmak we karz almak kömegi: Biznesiňiziň ösmegi üçin maliýe ýardam.

Kimler bilen işleýäris?

  • Halkara bazara çykmak isleýän ýerli kärhanalar
  • Kiçi we orta telekeçiler
  • Pudaklar: gündelik sarp ediş harytlary (FMCG), azyk senagaty, gurluşyk materiallary, oba hojalygy, ýeňil senagat.

Näme üçin Export Hyzmat?

  • Halkara söwdada çuňňur tejribe.
  • Her müşderä aýratyn çemeleşme.
  • Merkezi Aziýa, Ýewropa Bileleşigi we Ýakyn Gündogardaky güýçli hyzmatdaşlyk torlary.
  • Doly goldaw – bazar seljermeden tä ilkinji eksport şertnamaňyza çenli goldaw berýäris.

Başarnyklarymyz Biz 8 kärhana $200,000 grant gazanmaga we halkara bazarlara çykmaga ýardam berdik. Müşderilerimiz Gulfood (Dubaý) we FoodExpo Kazakhstan (Almaty) sergilerinde üstünlikli çykyş edip, netijeli şertnamalar baglaşdylar.

Biziň bilen habarlaşyň

Standart Hyzmat bilen Ösüşe taýynmy? Eksport işiňizi hünärmenlere ynanyň! Biz size iň gowy hyzmatdaşlary tapyp, sergilere peýdaly gatnaşmagyň ýollaryny görkezip, täze bazarlary açarys.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
12:53 am, Mar 16, 2025
temperature icon 12°C
ясно
Humidity 47 %
Pressure 1022 mb
Wind 2 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 0%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:16 am
Sunset Sunset: 7:13 pm
img 5675 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistan BMGÖM we Aşgabatdaky Beýik Britaniýanyň ilçihanasy bilen döredijilik we innowasiýa ykdysadyýet forumyny geçirmek üçin hyzmatdaşlyk edýär

Soňkylar Habar

GitTop