Medeniýetiň, teatryň özboluşly syrlary bolýar. Şol syrlar hem seni sungat bilen söhbetdeş boup, bir howadan gopmagy, söhbetiň netijesinde içki gahrymanyň bilen hakyky keşbi gazanmaga hem- de ile çykarmaga, okamaga täze bir öwüşgin berýän netijäni gazandyrýar. Sahnanyň özboluşly syry bar, artistleriňdir, rejissýoruň ýanynda aýlanyp, sahnanyň eserlerini görmek,jogapkärli işi ýerine ýetirmek üçin nijeme adamlaň gije- gündizki zähmeti ýatandygy hakda sahna sazlaşygynyň dili bilen aýdylanda bir süňňi düzýän döredijilik toparynyň öňünde şu günki gün Hormatly Prezidentimiziň hem- de Gahryman Arkadagymyz goýýan maksady ýaşlaryň başarnyk , zehinlerini açyp görkezmek üçin döredip berýän şertleriniň wajyplygyna üns bermekdir. Teatryň jadyly dünýäsini açyp görkezmek hem- de halkymyzyň medeni mirasyna goýulýan sarpany saklamak bu gün türkmen teatr sungatynda belli bir ýoldur. Döredijilik toparynyň sazlaşykly işlemegi bolsa ilkinji nobatda birligiň hem döredijilik toparynyň içki sazlaşygy, has dogrusy dostlugy hakda aýtmak bu günki gün ýaşlaryöň mähriban ýurdumyzda döredilýän mmükinçiliklere jogap hökmünde edýän işleri bilen gönmüden- göni baglanşyklydyr. Hormatly Prezidentimiz hem-de Gahryman Arkadagymyz Türkmen ýaşlaryndan bu günki gün dünýäniň iň ösen täzelikleri barada täze işleri döretmegimizi talap edýär. Munuň özi Türkmenistanyň ösen dünýä ýurtlarynyň hatarynda täze döredijilik üstünliklerine ýetmek üçin kämilleşýändiginden nyşan hasaplaýan.
Häzirki gün biziň ýurdumyzda Hormatly Arkadagymyzyň tagallasy bilen ösen tehnologiýalar, internet ulgamyndaky täzelikler, dünýäniň öňe gidip barýan ugurlary bolan täze elektron kitaphanalaryndan, modadan, söwdadaky iň täze innowosiýon ugurlardan, sungatyň täze görnüşlerinden, yşyklardan habarly bolup, haýsy döwletlerde nähili täze eserler, sazlar, surat işleri döredilýän bolsa ählisi bilen gyzyklanyp, öz ýurdumyzda döredilýän täze sungat eserlerine biziň halkymyzyň milli äheňliligi onuň reňk sazlaşykly geýnişi sahnada käte özüňi hem aljyradýar. Teatr sungatynda yşyklandyrma, sahna sazy, sahnada artistiň, rejissýeryň, hudojnigiň işi örän wajypdyr. Reňkleri dogry goýmak, şol reňklerde halkyň geçmiş taryhyny haýsydyr bir nusgalaryň üsti bilen görkezmek üçin nijeme zatlar etmelidigine düşünýärsiň. Biziň halkymyz reňkler ummanyna baý geýim- gejimi bolan halklaryň hataryna girýär. Milli öwüşgünleri sahnada görkezmek üçin ýerini tapmalymyka diýýän. Sahnada döwürleri ýüze çykaryp, oturan tomaşaçylaryň göwnünde şol taryhy wakalar bilen bile şol pursady ýaşamak bolup geçýän bolsa, diýmek şol ýerde suratkeş hem, rejissýor hem utuş gazanýar. Döredijilik toparynyň agzybir bolup işleýän wagtlaryňda dörediji pikir – hyýallaryň sahnada nähili görmek isleýän bolsaň, şonça- da onuň keşbini ähli taryhy çeşmelerden gözlemeli. Häzirki döwürde yşk tehnologiýasynyň orny hakda hem- de dünýäniň teatrlarynyň tejribesindäki bejeriji- yslar teatrlary hakda- da gürrüň etsek, ýerlikli bolarmyka diýýän. Sebäp täze döwrümiziň sahnalaryna täze spektakllar gerek. Şol spektakllarda täzeçe nazar bilen taryha ser saljak bolsak, onda hökman millilik bilen dünýäň gazananlaryny hem aralaşdyryp, döredijilik etmeli.Dogrusy reňkleriň sazlaşykly dilini tapmak üçin nijeme gözlegler edilýän bolsa- da , sahna näme bezeg bereniňde- de tejribe teatrlarynda gahrymanyň içki häsiýetine görä açylýar ähli daş- töweregindäki wakalar. Suratkeş bilen rejissýordan soň elbetde artist. Ýöne teatryň gapysyndan girip- çykýan her bir adam bu meselede jogapkärli. Mysal üçin eşik tikýän tikinçiler hem, gurjak teatrlary bolsa, gurjak ýasaýan ussalar hem, ýa- da bolmasa, saz goýujy, yşykçy garaz her kimiň öz işi bar. Toparlaýyn ýerine ýetirilýän işi elbetde jogapkärli bolýar. Her kimiň belli bir pikiri, maksady bolup, olaryň hemmesi gahryman babatynda jemleneninde halkyň göwnünden turýan adam bolmaly. Şeýle ýagdaýda sen täzelikleriň döredijisi bolup bilýärsiň.
Hormatly Prezidentimiz hem-de Gahryman Arkadagymyz hem ýaşlara uly ynam bildirýär. Dünýäniň çar künjünde okap, tejribe toplap, dünýäniň täze gazananlaryny türkmen sahnasynda ýüze çykarmak, şol sahnany täze eýýämiň sahnasy edip, tomaşaçy bilen arada sazlaşygyň köprüsini gurmak üçin bu günki gün teatr işgärleri gije- gündiz zähmet çekýärler. Şeýle buýsançly zamananyň sungatyna kiçijik goşandymyzy goşup bilsegem biziň depämiz göge ýetýär. Sebäbi bu ýerde mähriban Arkadagymyzyň ynamyny ödemek üçin edilýän işleriň düýbi ýerleşýär. Hormatly Arkadagymyz biz ýaşlara- ynam bildirýärmi, diýmek biz ol işleriň hötdesinden gelip, dünýäniň tejribesine gol uzadyp, hiç bir döwletiň ýaşlaryndan çetde durmaly däl. Ynamly gadamlar bilen öňe barýan ýaşlary hyjuwly döredijilik üstünliklerine atarýan mähriban Arkadagymyza diňe üstünlikler hemra bolup, biz ýaşlara bildirýän ynamyna hem- de döredip berýän mümkinçiligine sag bolsun aýdýarys. Hormatly Arkadagymyzyň saýasynda biz ýaşlar hemişe okamak, öwrenmek, gurmak üçin elimizden gelenini aýaman, üstünlikli zähmet çekip, gelejege, öz ýurdumyza mynasyp ýaşlar bolup ýetişmek üçin çalyşýarys. Goý biziň sungatymyz galamňyzdan çykýan reňkler , milliligimiziň hem – de şu günki türkmeniň beýik zamanasyna şöhle saljak täze eserler ýaşlaryň döredijiligini açmakda üstünlik getirsin! Goý ýaşlaryň hyjuwly gadamlarynda döredijilik üstünlikleri hiç gowşamasyn.
Awadangözel ANNADURDYÝEWA
Türkmen Döwlet Medeniýet
institutynyň talyby