1fltz33fzlk9kjdnt4ceolacluwblqurr1rzkj6e THE ASHGABAT TIMES

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi

19.03.2025

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Onuň barşynda soňky ýyllaryň dowamynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli ösdürilýän döwletara hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gahryman Arkadagymyz hem-de dostlukly döwletiň Baştutany mähirli salamlaşyp, birek-biregi ýetip gelýän Nowruz baýramy bilen tüýs ýürekden gutladylar hem-de iki ýurduň doganlyk halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler. Türkmen halkynyň Milli Lideri Nowruz baýramynyň gadymy döwürden bäri tebigatyň janlanmagyny, adamlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň jebisleşmegini alamatlandyrýandygyny belledi. Bu nurana baýramda dürli halklaryň däp-dessurlary özara utgaşýar hem-de olaryň parahatçylyk, agzybirlik, abadançylyk baradaky arzuwlary beýan edilýär. Häzirki wagtda bu baýram aýratyn many-mazmuna eýe bolýar, onuň binýadynda goýlan ynsanperwer taglymlardyr gymmatlyklar dünýäniň ähli künjeklerinde uly gyzyklanma döredýär.

Biz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Nowruz baýramyny bellemek bilen, türkmen hem-de özbek halklarynyň ata-babalarynyň parasatly wesýetlerine laýyklykda, jebisleşip, geljekde-de egin-egne berip, dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň ýoly bilen öňe gitjekdiklerine berk ynam bildirýäris diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.

Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna goşýan uly şahsy goşandy üçin Prezident Şawkat Mirziýoýewe minnetdarlyk bildirip, häzirki wagtda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň dürli ugurlar boýunça işjeň ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň nygtaýşy ýaly, ýokary döwlet derejesinde ýola goýlan, açyklyk, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan syýasy dialog şeýle hyzmatdaşlygyň baş şertidir. Iki döwletiň ýolbaşçylarynyň we Liderleriniň duşuşyklary türkmen-özbek strategik hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagyna kuwwatly itergi berýär.

Döwletara hyzmatdaşlyk diňe bir ikitaraplaýyn gatnaşyklarda däl-de, Türkmenistanyň we Özbegistanyň bilelikde işjeň gatnaşýan, umumy maksatlary öňe sürýän köptaraplaýyn formatlaryň çäklerinde hem oňyn syýasy netijelerini berýär. Biz şu ýyl Özbegistanda “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” hem-de “Merkezi Aziýa — Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi” sammitleriniň, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň geçirilmegini doly goldaýarys diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we bu halkara çärelere taýýarlyk görmek hem-de olary ýokary derejede geçirmek ugrunda bilelikde netijeli işleriň alnyp baryljakdygyna ynam bildirdi.

29-njy martda Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň guramagynda geçiriljek “Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň bähbidine halkara işini ösdürmek” atly halkara maslahat halkara işjeňlik bilen baglanyşykly gozgalan ýene-de bir mesele boldy. Özbek Lideri Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň çözgüdine, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşdäki döwletara gatnaşyklaryň netijeli guralmagyna jogapkärli çemeleşmeleri üçin hoşallygyny beýan edip, umumy tagallalaryň birleşdirilmeginiň, bilelikdäki hereketleriň utgaşdyrylmagynyň diňe iki goňşy ýurduň däl, umuman, Merkezi Aziýa sebitiniň hem durnukly ösüşine goşant boljakdygyna ynam bildirdi.

Görnüşi ýaly, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen 2025-nji ýyl Türkmenistanda hem, Özbegistanda hem halkara derejeli çärelere baý bolar. Olaryň ählisi halklaryň arasynda dost-doganlygy pugtalandyrmak, döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, adamlaryň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek ýaly asylly maksatlara bagyşlanar diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy we halkara giňişlikde uly abraýa eýe bolan, içeri we daşary syýasatynda Birleşen Milletler Guramasynyň ýörelgelerini işjeň öňe sürýän doganlyk ýurtlarymyzyň mundan beýläk-de Milletler Bileleşigi tarapyndan kabul edilen uzak möhletleýin, giň gerimli strategiýalaryň hem-de maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine uly goşant goşjakdyklaryna, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, dünýäde durnukly ösüşi üpjün etmek üçin halkara tagallalaryň utgaşdyrylmagyna ýardam berjekdiklerine ynam bildirdi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew birek-birege berk jan saglyk, alyp barýan döwlet we halkara işlerinde uly üstünlikleri, iki ýurduň doganlyk halklaryna bolsa parahatçylyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
8:23 pm, Mar 25, 2025
temperature icon 10°C
пасмурно
Humidity 59 %
Pressure 1025 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 6 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:02 am
Sunset Sunset: 7:22 pm
150325 15 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Medeniýet halkyň buýsanjy

spinal inflammation THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Oňurga ýiliginiň çişmegi

Soňkylar Habar

Türkmen mugallymlary Rumyniýa iş saparynda

25.03.2025
HYYweÖU-nyň mugallymlary Erasmus+ maksatnamasynyň çäklerinde Alba-Iulia şäheriniň “1 Decembrie 1918” uniwersitetine iş sapary bilen barypdyr. Saparyň möhleti 2025-nji ýylyň 24-28-nji mart aralygynda dowam edýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbeýjan stendi bilen tanyşdy

23.03.2025
Türkmenistandaky Berzeňňi şypahanasynda köpçülikleýin agaç ekmekligiň dowamynda däp bolan “Dünýä aşhanasy” bäsleşigi geçirildi. Türkmenistanyň Daşary Işler Ministrligi tarapyndan gurnalan bu çärä dürli ýurtlaryň diplomatik
GitTop