Parahatçylyk we ynanyşmak dürli jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň mazmunynda wajyp orun eýeleýän adalgalar bolup durýar. Türkmen halky gadym döwürlerden bäri bu sözlere çuň many-mazmuny özünde jemleýän sözler, derwaýys adalgalar hökmünde garapdyr.
Ýurdumyzyň öňe sürýän döredijilikli başlangyçlary Milletler Bileleşiginiň çäklerinde durmuşa geçirilýän işjeň diplomatiýanyň möhüm bölegine öwrülmek bilen, halkara gatnaşyklaryň häzirki zaman derwaýys meselelerine oňyn täsir etmegiň, syýasy we hukuk taýdan netijeliligini yzygiderli ýokarlandyrmagyň täze mümkinçilikleriniň döredilýändigini kepillendirýär.
Häzirki döwürde Türkmenistan ýurdumyz sebitde parahatçylygy üpjün etmekde, özara ylalaşygy ýola goýmakda netijeli işler alyp barýan merkez hökmünde tanalýar. Bu gazanylan netijeleriň Diýarymyzyň pudaklarynyň arasyndaky sazlaşykly ösüşiň esasynda mümkin bolandygy aýratyn bellärliklidir. Munuň özi Türkmenistany senagat taýdan kuwwatly ýurda öwürmek, milli ykdysadyýetimize sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän ykdysady strategiýasynyň « Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2025-nji ýylda hem ýurdumyzyň ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe gitjekdigini aýdyň görkezýär.
Şuňa laýyklykda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ak mermerli paýtagtymyzda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny» atly halkara maslahat geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin dünýäniň dürli künjeklerinden onlarça myhmanlar Aşgabat şäherine geldiler.
Maslahatyň dowamynda Merkezi we Günorta Aziýa sebitinde ykdysady durnuklylygy üpjün etmek, energetika, ulag, üpjünçilik ulgamlarynyň taslamalaryny netijeli durmuşa geçirmek, degişli ugurlarda maýa goýum mümkinçiliklerini artdyrmak ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hormatly Prezidentimiz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň möhüm wakalarynyň biri bolan, sebitara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen geçirilýän bu halkara maslahatyň Merkezi we Günorta Aziýa döwletleriniň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagyna, ýangyç-energetika, üstaşyr ulag, üpjünçilik taslamalarynyň häzirki zaman ösüş ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga hem-de oňa maýa goýumlary çekmäge giňden ýardam berjekdigini belläp, maslahatyň sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetleriniň ähli ulgamlarynda durnukly ösüşi üpjün etmekde, olara döwrebap innowasiýalary ornaşdyrmakda, maýa goýum mümkinçilikleri bilen bagly meselelerde özara tejribe alyşmak üçin möhüm meýdança öwrüljekdigine berk ynam bildirdi.
Häzirki döwürde dünýäniň dürli böleklerinde sebit we sebitara gatnaşyklar berkeýär, täze ykdysady birleşikler döredilýär. Geografiýa taýdan serişdelere esaslanýan, döwrebap tehnologiýalardan, ekologik standartlardan, netijeli çözgütlerden döredilen uly ykdysady ösüşiň döwri geldi. Häzirki şertlerde ählumumy derejede oýlanmak, hereket etmek hem-de hyzmatdaşlyk etmek zerurdyr. Şoňa görä-de, esasy halkara institutlaryň we maliýe edaralarynyň üstüne aýratyn jogapkärçilik düşýär diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady hem-de Türkmenistanyň adalatly geoykdysadyýet ugrunda yzygiderli çykyş edýändigini, energiýa çeşmelerini, ulag geçelgelerini we bar bolan üpjünçilik ulgamlaryny diwersifikasiýa etmek bilen, täze iri ykdysady taslamalary amala aşyrmagy öňe sürýändigine ünsi çekdi. Merkezi we Günorta Aziýanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlyk muňa mysal bolup biler.
Bizi şeýle asuda parahat durmuşda ýaşamak üçin uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýaryn. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Ylyas BABAÝEW
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby