90ec1bb1ef9e7e6de54a62f47c6dae14 THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistan – Parahatlygyň mekany

21.03.2025

Bitaraplyk diňe bir ýurduň daşary syýasatyna däl, eýsem, içeri syýasatyna-da oňyn täsir edýär. Biz parahatçylyk tugunyň astynda erkin dem alyp, asuda ýaşaýan halk. Ilimiz ýagty, aýdyň ertirimize ynançly garaýar.

Dünýäde parahatçylygyň, asudalygyň agzybirligiň, jebisligiň, bagtyýarlygyň mekany hökmünde tanalýan Watanymyzda şu ýyl hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy bellenilýär. Indi çärýek asyr wagt bäri Watanymyz Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan adyna eýe.

Golaýda ýurdumyzda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny» atly halkara maslahaty geçirildi.

Forumyň maksatnamasyna laýyklykda, «Merkezi we Günorta Aziýada energetika, ulag, infrastruktura taslamalarynyň geosyýasy hem geoykdysady ähmiýeti», «Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisi: ykdysady, guramaçylyk we hukuk meseleleri», «Türkmenistan – Owganystan – Pakistan elektrik geçirijisiniň gurluşygynyň halkara ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda orny we ähmiýeti», «Merkezi we Günorta Aziýa sebitlerinde ulag arabaglanyşygy: ösüşiň taslamalary», «Maliýe institutlarynyň Merkezi we Günorta Aziýadaky ykdysady taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaklary» atly bäş sany sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň ugurlaryny beýan edýän mejlislerde dowam etdi.

Ýurdumyz sebitde energetika, ulag we üpjünçilik ulgamlarynyň taslamalaryny işjeň durmuşa geçirýär, dünýä döwletleri, iri halkara düzümler bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. Munuň özi geosyýasy we geoykdysady taýdan uly ähmiýete eýe bolup, sebitde energetika howpsuzlygyny, üstaşyr ulag geçelgeleriniň arabaglanyşygyny üpjün etmekde, milli hem-de sebitleýin taslamalara maýa goýumlary işjeň çekmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Şunuň bilen baglylykda, ykdysadyýetimizi dünýäniň ösen tejribelerinden ugur alyp, köpugurly esasda ösdürmek bilen bagly öňde duran wajyp wezipeler milli maksatnamalarymyzyň hem esasyny düzýär.

Şeýle ajaýyp özgertmeler halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň güwäsi boldy. Ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy, abadançylygy üpjün etmäge goşant goşmak şol syýasatyň aýrylmaz bölegidir.  “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” döwletimiziň halkara abraýynyň has hem ýokarlanýandygyna göz ýetirmek bolýar. Bizi bedew bady bilen ösüşlere atarýan, döwletimizi halkara sahnasynda işjeň tanatmakda uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!

Ylham ÝAZYÝEW
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
i 36 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Bitaraplyk – parahatçylygyň kepili

c67b61802b08ffa7e825c696690ce2bf 450x3002 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Parahatçylyk – hoşniýetliligiň ýoly

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop