Dark
Light
27.12.2025
THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we durnukly ösüşiň binýady

24.03.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda güneşli Diýarymyz tutuş dünýäde parahatçylygyň we asudalygyň, agzybirligiň hem-de jebisligiň höküm sürýän, demokratik özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylýan ýurdy hökmünde giňden tanalýar.

Ata Wa­ta­ny­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýet­de, sy­ýa­sat­da hem-de yn­san­per­wer ul­gam­lar­da çalt dep­gin­ler bi­len ös­ýän kuw­wat­ly döw­let hök­mün­de yk­rar edil­me­gi be­lent ab­raý-mer­te­bä­niň, ga­za­nyl­ýan köp­ta­rap­ly üs­tün­lik­le­riň ke­pi­li­dir. 

Ga­raş­syz, hemişelik Bi­ta­rap Di­ýa­ry­my­zyň döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň hem-de dur­muş-yk­dy­sa­dy ösüş­le­riň äh­li­si­niň öze­ni­ni düz­ýän «Döw­let adam üçin­dir!», «Wa­tan di­ňe hal­ky bi­len Wa­tan­dyr! Döw­let di­ňe hal­ky bi­len döw­let­dir!» di­ýen aja­ýyp ýö­rel­ge­le­re berk eýer­mek bi­len ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­le­riň ne­ti­je­sin­de mer­da­na, zäh­met­sö­ýer, ag­zy­bir hal­ky­myz aba­dan, eş­ret­li dur­mu­şyň hö­zi­ri­ni gör­ýär. Gü­neş­li ýur­du­myz dür­li hal­ka­ra mas­la­hat­la­ryň, forumlaryň sammitleriň yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýän me­ka­ny­dyr. Şeýle hem, golaýda  paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny” atly halkara maslahat geçirildi.

Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilýän bu maslahata türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagy onuň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Häzirki döwürde dünýäniň dürli böleklerinde sebit we sebitara gatnaşyklar berkeýär, täze ykdysady birleşikler döredilýär. Geografiýa taýdan serişdelere esaslanýan, döwrebap tehnologiýalardan, ekologik standartlardan, netijeli çözgütlerden döredilen uly ykdysady ösüşiň döwri geldi. Häzirki şertlerde netijeli özara täsir etmek, halkara institutlaryň we maliýe guramalarynyň işjeň gatnaşmagyny şol sanda ählumumy çemeleşmäni talap edýär. Bu nukdaýnazardan Türkmenistan adalatly geoykdysadyýet konsepsiýasyny yzygiderli öňe sürýär, üpjünçilik ulgamlaryny ösdürýär we energetika we ulag pudaklarynda iri taslamalary durmuşa geçirýär.

Şeýle çemeleşmelere Merkezi we Günorta Aziýanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlyk mysal bolup biler. Bu işde sebitleri birleşdirmäge gönükdirilen energetika, ulag, we infrastruktura taslamalary möhüm orny eýeleýär.

Häzirki wagtda Türkmenistan dünýäniň syýasy giňişliginde güýçli depginler bilen ösýän, ykdysady taýdan kuwwatly, syýasy taýdan durnukly we asuda, sebit we halkara gatnaşyklaryna işjeň gatnaşýan ýurt hökmünde tanalmak bilen beýleki ýurtlar babatda hoşniýetli, ynsanperwer syýasat alyp barýar, tebigy hadysalardan, ýer yranmasyndan, suw joşgunyndan ejir çeken ýurtlara ynsanperwer kömek iberýär.

Goý, parahatçylygyň mekany bolan eziz ýurdumyzyň dünýä ýüzündäki at-abraýy mundan beýläk hem belende galsyn! Parahatçylyk, ynanyşmak ýaly asylly ýörelgeleri bütin dünýäde giňden dabaralandyrmak ugrunda uly tagallalary amala aşyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Sonagözel NURGELDIÝEWA
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň Akuşerçilik we ginekologiýa kafedrasynyň assistenti

Leave a Reply

Your email address will not be published.

i 43 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Merkezi hem-de Günorta Aziýany birleşdirjek täze ulag geçelgelerini döretmek

6048424a58d3b043731126 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Hemişelik Bitaraplyk halkymyzyň abadan ýaşaýşynyň ygtybarly kepilidir

Soňkylar Makalalar

«Hakyda göwheri» – doganlyk halklaryň mirasynda

27.12.2025
Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çuňňur many-mazmuna ýugrulan «Hakyda göwheri» atly kitaby halkymyzyň şöhratly taryhy we

Hemişelik Bitaraplyk – biziň buýsanjymyz!

27.12.2025
Taryhy geçmişimizde ata-babalarymyzyň arzuwlan Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz bu günki günde bütin dünýäde parahatçylyk söýüjiligiň nusgasy bolup çykyş edýär. 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistan

Täze ýyl – nurana arzuwlaryň baýramy

27.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy

Bitaraplyk – dünýä gymmatlygy

26.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy
GitTop