j3tjdjttuldqq7cuwkgrqotwo1zhd1oh1p0e1wlm THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň Mejlisinde Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekiliniň orunbasary Aleksandru Nartea bilen duşuşyk geçirildi

12.03.2025

2025-nji ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Mejlisinde Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF-iň) Türkmenistandaky wekiliniň orunbasary Aleksandru Nartea bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda BMG-niň Baş Assambleýasynda  Türkmenistanyň başlangyjy bilen öňe sürülýän, parahatçylygy we howpsuzlygy, özara ynanyşmagy gazanmakda dialog hem-de bitaraplyk ýörelgeleri bilen bagly kabul edilen kararnamalaryň  ähmiýeti nygtaldy. Bilşimiz ýaly, ýurdumyz BMG-niň 79-njy sessiýasynyň wise-başlyklygyna şeýle hem, 2024-2026-njy ýyllar üçin BMG-niň Çagalar gaznasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlanyldy.

Bu ugurda Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistan boýunça 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Mejlisi bilen ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamasyna gol çekilmegi hem ähmiýetli bolup durýar.

Duşuşykda  çykyş edenler hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sagdyn, bagtly eneligi we çagalygy, maşgalanyň durmuş goraglylygy baradaky alyp barýan döwlet syýasatynyň ýurdumyzda her maşgalanyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga, olary hemmetaraplaýyn alada bilen gurşap almaga gönükdirilýändigini, şunda Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023-2028-nji ýyllar üçin hereketleriň milli Meýilnamasyndaky  maksatlaryň çäginde çaganyň we enäniň saglygyny goramak, her bir çaganyň ösüşi üçin mümkinçilikleri döretmek boýunça alnyp barylýan işlerde ÝUNISEF-iň aýratyn goşandynyň bardygyny belledi. 

 Taraplar çagalaryň irki ösüşini üpjün etmek, olaryň käbir kesellere garşy immunitetini ýokarlandyrmak üçin waksinasiýa geçirmek, şol sanda unuň we duzuň minerallar bilen baýlaşdyrylmagynyň netijesinde birnäçe keselleriň öňüni almak işleriniň üstünlikli alnyp barylýandygyny beýan etdi. Şeýle hem Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna aýratyn hemaýata mätäç çagalara operatiw bejergiler geçirilip, ýurduň ähli sebitlerindäki merkezi hassahanalara lukmançylyk enjamlaryň, «Tiz kömek» awtoulaglaryň berilendigini,  şeýle hem, adatdan daşary ýagdaýlaryň şertlerinde dünýä döwletleriň çagalaryna ynsanperwer kömekleriň ugradylandygyny, bu işleriň nusgalyk häsiýete eýedigini aýratyn belläp geçdi. 

Taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň   (ÝUNISEF-iň) arasynda özara tejribe alyşmakda, gazanylan ylalaşyklary kanunçylyk taýdan üpjün etmekde, olaryň şertnamalaýyn hukuk binýadyny pugtalandyrmakda, netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde we hil taýdan täze derejä çykarmakda ikitaraplaýyn duşuşyklaryň, geňeşmeleriň yzygiderli geçirilmeginiň ähmiýetli boljakdygyny nygtadylar.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
1:01 am, Mar 14, 2025
temperature icon 13°C
ясно
Humidity 32 %
Pressure 1024 mb
Wind 4 mph
Wind Gust Wind Gust: 5 mph
Clouds Clouds: 0%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:19 am
Sunset Sunset: 7:12 pm
tqrejbg8yz2wc9cg5y4lru5l9wn6t85s THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

 Diabetiki Polineýropatiýa

mulredz0y8avygnexjnym8d8cb33yryzeykhsjvy THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň açylyş dabarasyndaky çykyşy

Soňkylar Habar

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

10.03.2025
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we
GitTop