ulgdvtw4r1nggyjbvwwwdsvmranjs6kk08ebvgtt THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

07.03.2025

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda geçen iki aýda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, şeýle hem döwlet durmuşyna degişli käbir beýleki meselelere seredildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmek babatda alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryna laýyklykda, raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny, maşgala gymmatlyklaryny goramak maksady bilen, häzirki wagtda Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň we “Kazyýet hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň täze beýanynyň, “Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamalaryny taýýarlamak, Türkmenistanyň Jenaýat, Arbitraž iş ýörediş, Jenaýat iş ýörediş, Raýat iş ýörediş kodekslerine, “Administratiw önümçilik hakynda”, “Awtomobil ulagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna, ýurdumyzyň dürli pudaklaryny ösdürmegiň hukuk esaslaryny berkitmek we sanlylaşdyrmak bilen baglanyşykly hereket edýän kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça degişli işler geçirilýär.

Şu döwürde halkara guramalar, dürli döwletler bilen özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek babatda işler dowam etdirildi. Kanadanyň, Gwatemala Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçilerinden ynanç hatlary kabul edildi. Daşary ýurtlaryň parlamentleriniň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň birnäçesiniň wekilleri bilen duşuşyklaryň 11-si geçirildi. Mejlisiň deputatlary we hünärmenleri kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek boýunça ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň halkara guramalar bilen bilelikde guran okuw maslahatlarynyň 18-sine gatnaşdylar. Deputatlar syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri bilen bilelikde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň, hemişelik Bitaraplygyň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini wagyz etmek, kabul edilýän kanunlaryň many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek babatda guralýan dürli çärelere, duşuşyklara, maslahatlara gatnaşýarlar.

Döwlet Baştutanymyz Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň, halkymyzyň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmagyň kabul edilýän kanunlara baglydygyny aýdyp, ýurdumyzyň kanunçylygyny döwrüň talaplaryna görä kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň geçen iki aýynda gazanylan makroykdysady görkezijiler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, görlen toplumlaýyn çäreleriň netijesinde, milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň durnukly ösüşi üpjün edilýär, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi has-da ýokarlanýar. Hasabat döwründe jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 1 göterime, gurluşykda 2 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 11,1 göterime, söwdada 9,9 göterime, oba hojalygynda 3,3 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,8 göterime deň boldy. 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň möçberi 9,4 göterim artdy. Ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik görkezijileri gazanyldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň iki aýynda bölek satuw haryt dolanyşygy 12,1 göterim, daşary söwda dolanyşygy 8,1 göterim ýokarlandy. Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 102,1 göterim, çykdajy bölegi 97,5 göterim ýerine ýetirildi.

Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2024-nji ýylyň degişli döwrüne görä, 10,9 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 27,3 göterim ýokarlandy. Şeýle hem Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, jemi içerki önümiň ösüş depginini ýokary derejede saklamak üçin netijeli işleri alyp barmagyň, ministrlikleriň, pudak edaralarynyň önümçilik meýilnamalarynyň doly ýerine ýetirilmegini gazanmagyň möhümdigini nygtap, wise-premýere bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Nebiti we gaz kondensatyny çykarmak babatda gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada aýdyldy. Hususan-da, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebiti çykarmagyň meýilnamasy 105,8 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 102,4 göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasy 102,2 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 102,8 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 110,6 göterim berjaý edildi. Suwuklandyrylan gazy öndürmekde 125,3 göterim ösüş depgini üpjün edildi. Şeýle hem hasabat döwründe tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 104,2 göterim ýerine ýetirildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, uglewodorod serişdeleriniň çykarylýan möçberini artdyrmak boýunça toplumlaýyn çäreleri görmegi, nebitgaz toplumynyň bar bolan önümçilik kuwwatyny netijeli peýdalanmagy, pudaga häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak işlerini dowam etdirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, welaýatlardaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, oba hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň ösüş depgini 121,8 göterime deň boldy. Bu görkeziji Oba hojalyk ministrligi boýunça 103,1 göterime, Daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 100,1 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 143,1 göterime, “Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça 102,5 göterime, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça 237,7 göterime, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça 104,5 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 103,7 göterime, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 100,9 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 101,3 göterime deň boldy. Hasabat döwründe oba hojalyk pudagy boýunça maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 469,9 göterim ýerine ýetirildi.

Häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň çäklerinde welaýatlarda bugdaýa ideg etmek, gowaça ekiljek meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlamak, ýeralma we gök ekinleri ekmek, ýazky bag ekmek möwsümine taýýarlyk görmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, maldarçylyk hojalyklarynda owlak-guzy, köşek almak möwsümine başlamak babatda degişli çäreler görülýär. Welaýatlarda suwaryş we şor suw akabalaryny arassalamak, suw hojalyk desgalaryny abatlamak boýunça zerur işler geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça agrotehniki çäreleri öz wagtynda, ýokary hilli geçirmegiň, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak babatda zerur işleri dowam etdirmegiň, ýazky bag ekmek möwsümine gowy taýýarlyk görmegiň wajypdygyny belläp, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gurluşyk we senagat toplumynda şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe toplum tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 116,9 göterim berjaý edildi. Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça meýilnama 112 göterim, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 126,2 göterim berjaý edildi. Energetika ministrligi tarapyndan önümleri öndürmegiň hem-de amala aşyrylan işleriň meýilnamasy 106,2 göterim ýerine ýetirildi. Bu görkeziji “Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça 124 göterime barabar boldy. Şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 113,1 göterim, Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça meýilnama 112,9 göterim berjaý edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda senagat pudaklaryny ösdürmegiň, täze, döwrebap kärhanalaryň işini ýola goýmagyň, himiýa kärhanalarynyň doly kuwwatynda işlemegi üçin degişli çäreleri görmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Energetika pudagynyň kuwwatyny, elektrik energiýasynyň eksport edilýän möçberini artdyrmak, awtomobil ýollaryny gurmak hem-de durkuny täzelemek işlerini güýçlendirmek, şu ýyl ýurdumyzda ulanmaga beriljek desgalaryň gurluşygynyň ýokary hilli alnyp barylmagyny berk gözegçilikde saklamak zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Wise-premýer hasabatyny dowam edip, şu ýylyň mart aýynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň çäginde gurlan keramiki-bezeg plitalaryny we sanfaýans önümlerini öndürýän zawodyň açylyş dabarasyny geçirmegiň göz öňünde tutulýandygyny aýdyp, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyklary we ilatymyzy ýokary hilli gurluşyk önümleri bilen üpjün etmäge möhüm ähmiýet berilýändigini aýdyp, wise-premýere Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda ýerleşýän «Bäherden» keramiki önümler kärhanasynyň açylyş dabarasyna gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew gözegçilik edýän ministrliklerinde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, telekeçilik ulgamynda şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 112,6 göterime, öndürilen önümleriň ösüş depgini 101,2 göterime barabar boldy. Dokma senagaty ministrligi boýunça önüm öndürmegiň ösüş depgini 117,8 göterim üpjün edildi, şol sanda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nah ýüplügiň önümçiligi 149,7 göterime, nah matalaryňky 156,6 göterime, taýýar tikin we örülen önümleriňki 109,5 göterime, gön önümleriniňki 140,8 göterime deň boldy. “Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 104,9 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan 50 birža söwdasy geçirilip, olarda 5 müň 55 şertnama hasaba alyndy. Şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 111 göterime barabar boldy. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 106,6 göterime, senagat önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 106 göterime deň boldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, söwda toplumynyň önümçilik kärhanalarynyň kuwwatyny doly peýdalanmagyň, bazarlarda we söwda nokatlarynda azyk önümleriniň, halkyň sarp edýän harytlarynyň üpjünçiligini hemişe gözegçilikde saklamagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Dokma senagaty kärhanalarynda öndürilýän önümleriň möçberini, görnüşlerini artdyrmak hem-de hilini ýokarlandyrmak, hususy telekeçiligi ösdürmek boýunça netijeli işleri amala aşyrmak möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň geçen iki aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli dürli dabaralardyr çäreler geçirildi. 17-nji fewralda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň açylmagynyň 20 ýyllygy mynasybetli sungat eserleriniň sergisi guraldy. Meşhur bagşy-sazandalara, sungat ussatlaryna bagyşlanan aýdym-sazly dabaralar geçirildi. Halkara hyzmatdaşlyk babatda hem dürli çäreler geçirilip, olarda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň many-mazmuny giňden dabaralandyryldy. Şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda teatrlarda sahna oýunlary, döwlet sirklerinde sirk tomaşalary, paýtagtymyzdaky kinoteatrlarda, kinokonsert merkezlerinde kino görkezilişler we konsertler guraldy. Kitaphanalar, muzeýler, Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligi, Türkmen döwlet neşirýat gullugy, Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tarapyndan ýerine ýetirilen işler barada-da hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, medeniýet ulgamynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň, kitaphanalarda, muzeýlerde, beýleki medeni ojaklarda işleri döwrebap guramagyň, şunda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmagyň wajypdygyny belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wise-premýere taryhy ýadygärliklerimizi we medeni gymmatlyklarymyzy aýawly saklamak boýunça zerur işleri alyp barmagy, baýramçylyklar, şanly seneler mynasybetli göz öňünde tutulan medeni çäreleri ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe amala aşyrylan özgertmeleriň çäklerinde bilim işinde okatmagyň öňdebaryjy usullary giňden ulanyldy. Okuw-usuly toplumlar taýýarlanylyp, kitaplar neşir edildi, birnäçe ugurlar boýunça hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlary geçirildi. Şu döwürde okuwçylardyr talyplar halkara ders we internet bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, medallary gazandylar. Şunuň bilen birlikde, ylym ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen özgertmeler dowam etdirildi. Hasabat döwründe innowasion tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylmagyna, halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine uly ähmiýet berildi. Geçen iki aýda bejeriş-öňüni alyş edaralarynda lukmançylygyň ugurlary boýunça meýilnamalaýyn işler alnyp baryldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara dürli görnüşli operasiýalar we bejergiler amala aşyryldy.

Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen, kliniki ordinatura hakynda Düzgünnama tassyklanyldy. Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezine we Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezine Germaniýa Federatiw Respublikasynyň “Ratfür Formgebung German Design Сouncil” edarasy tarapyndan “German Design Award Winner 2025” atly güwänamalar berildi. Hasabat döwründe bedenterbiýäni, sporty, Olimpiýa hereketini ösdürmek, türgenleri Olimpiýa oýunlaryna, çempionatlara, iri halkara ýaryşlara taýýarlamak boýunça işler dowam etdirildi. Milli ýygyndy toparlarymyzyň agzalary halkara ýaryşlaryň 12-sine gatnaşyp, altyn, kümüş, bürünç medallara mynasyp boldular.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýaş nesilleri terbiýelemäge, bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge gönükdirilen özgertmeleri dowam etdirmegiň, ylym ulgamyny kämilleşdirmegi, ylmy barlaglaryň netijeliligini ýokarlandyrmagy hemişe üns merkezinde saklamagyň möhümdigine ünsi çekdi. Saglygy goraýyş edaralaryna keselleriň öňüni almagyň, bejermegiň öňdebaryjy usullaryny giňden ornaşdyrmak, ýurdumyzda sporty ösdürmäge aýratyn üns bermek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Daşary işler ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny, öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen, hasabat döwründe degişli işler geçirildi. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz sebitiň hem-de dünýäniň ýurtlary bilen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürýär, köptaraplaýyn esasda, abraýly halkara guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy berkidýär. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 19-20-nji ýanwarynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Monako Knýazlygyna sapary amala aşyrandygy bellenildi. Fewral aýynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany ýurdumyza iş sapary bilen geldi.

Hasabat döwründe daşary ýurt wekiliýetleriniň Türkmenistana hem-de ýurdumyzyň wekiliýetleriniň daşary ýurtlara amala aşyran saparlarynyň barşynda dürli ulgamlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerine garaldy. Sanly ulgam arkaly dürli derejedäki duşuşyklaryň 109-sy geçirildi. Türkmenistanda daşary ýurtlaryň hem-de halkara guramalaryň wekilleri bilen resmi gepleşiklerdir duşuşyklar guraldy. Häzirki wagta çenli döwletimiziň halkara gatnaşyklarynyň şertnama-hukuk binýadynyň üstüni ýetiren resminamalaryň 7-sine gol çekildi.

Daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklar yzygiderli häsiýete eýedir. Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeleriň yzygiderli geçirilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Şeýle hem ilçihanalar arkaly Türkmenistanyň beýleki döwletler bilen diplomatik gatnaşyklaryny pugtalandyrmak boýunça degişli işleriň geçirilendigi aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýermek bilen, ählumumy abadançylyga gönükdirilen daşary syýasaty alyp barýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýer, daşary işler ministrine dünýä döwletleri bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ulgamlarynda ýola goýlan gatnaşyklary ösdürmegi dowam etdirmegi tabşyrdy.

Soňra wise-premýer, daşary işler ministri hasabatyny dowam edip, şu ýylyň 19-njy martynda Aşgabatda geçiriljek “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny» atly halkara maslahata görülýän taýýarlyk barada aýtdy.

Bellenilişi ýaly, bu wekilçilikli foruma daşary ýurtlaryň döwlet düzümleriniň, iri kompaniýalaryň, halkara guramalaryň, maliýe edaralarynyň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary gatnaşarlar. Bu çäräniň maksatnamasyna laýyklykda, «Merkezi we Günorta Aziýada energetika, ulag we infrastruktura taslamalarynyň geosyýasy we geoykdysady ähmiýeti», «Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi: ykdysady, guramaçylyk we hukuk meseleleri», «Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň gurluşygynyň halkara ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda orny we ähmiýeti», «Merkezi we Günorta Aziýa sebitlerinde ulag arabaglanyşygy: ösüşiň taslamalary», «Maliýe institutlarynyň Merkezi we Günorta Aziýadaky ykdysady taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaklary» atly mowzuklaýyn mejlisleriň 5-sini geçirmek meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, maslahatyň çäklerinde dürli formatdaky ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministri döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly bilen bagly birnäçe halkara çäreleri geçirmegiň meýilleşdirilendigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz hödürlenen teklibi makullap, wise-premýer, daşary işler ministrine durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berjek halkara maslahata gowy taýýarlyk görmegi we ony ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabat döwründe bu toplum boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 117,2 göterime deň boldy. Şu ýylyň iki aýynda awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň ösüş depgini 100,5 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini 104,5 göterime ýetdi.

Şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda “Türkmendemirýollary” agentligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 108,2 göterime, “Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça 111,8 göterime, “Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça 123,4 göterime, “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi boýunça 110,3 göterime, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça 121,9 göterime deň boldy. Şeýle hem “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýerine ýetirilen işler barada aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň üstaşyr ulag mümkinçiliklerinden doly we netijeli peýdalanmagyň, demir ýollaryň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmagyň, döwrebap tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak bilen, aragatnaşyk hyzmatlarynyň hilini has-da ýokarlandyrmagyň, üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmekde halkara hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň möhümdigini aýdyp, agentligiň ýolbaşçysyna degişli tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, geçen iki aýda alnyp barlan işleriň netijeleriniň Garaşsyz döwletimiziň şu ýyl hem depginli ösmegini dowam etdirýändigini görkezýändigini belledi. Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde jemi içerki önüm boýunça görkezijiler, ýylyň başyndaky ýaly, 6,3 göterim möçberde saklanýar. Iri senagat we durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, beýleki desgalaryň gurluşygy dowam edýär. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryndaky özgertmeler kabul eden meýilnamalarymyza laýyklykda alnyp barylýar diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça netijeli işleri dowam etdirmegiň wajypdygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz ertir Halkara zenanlar güni bolan 8-nji mart baýramynyň dabaraly bellenilip geçiljekdigini, ata Watanymyzyň gülläp ösmegine bagtyýar zenanlarymyzyň mynasyp goşantlaryny goşýandyklaryny aýtdy. Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz eziz enelerimizi, mähriban gelin-gyzlarymyzy Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, bagtyýarlyk arzuw etdi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
4:48 pm, Mar 10, 2025
temperature icon 15°C
облачно с прояснениями
Humidity 55 %
Pressure 1020 mb
Wind 14 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 75%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:25 am
Sunset Sunset: 7:08 pm
t4vcvagdap4xy7m6b8zhn63tsciawyhpo2dqvh6g THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Gahryman Arkadagymyzyň “Euronews” teleýaýlymyna interwýusy

6jtdzo5rn51pge8rxvevnmbbbkitoclt03wwm8qt THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Gruziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

Soňkylar Habar

Gahryman Arkadagymyzyň “Euronews” teleýaýlymyna interwýusy

07.03.2025
Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmeleriň netijesinde ýurdumyz dünýäniň syýasy-ykdysady, medeni-ynsanperwer, maglumat giňişliginde eýeleýän ornuny barha pugtalandyrýar. Halkara hyzmatdaşlygyň
GitTop