Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, möwsümleýin işleriň çäklerinde bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerleri, pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny ekiş möwsümine taýýarlamak işleri tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär. Ýazlyk ýeralma we gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar. Welaýatda ählihalk bag ekmek dabarasyny guramaçylykly geçirmek üçin degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Mundan başga-da, häkim «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetini belledi we bugdaýa ideg etmek, gowaça ekişine taýýarlyk görmek işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalarda bellenen wezipeleriň öz wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyna ünsi çekip, bu ugurda welaýatda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamak barada tabşyryklary berdi.
Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatdaky oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak barada öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, sebitiň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleri, hususan-da, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekişine guramaçylykly girişmek we talabalaýyk geçirmek üçin ýokary hilli gowaça tohumyny taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Ýazlyk ýeralma we gök-bakja ekilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar. Ýazky bag ekiş möwsümine taýýarlyk işleriniň çäklerinde baglaryň ekiljek ýerlerini, nahallaryny taýýarlamak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Şeýle hem häkim «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, welaýatda alnyp barylýan gurluşyk işleri barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, bugdaýa ideg etmek we gowaça ekişine taýýarlyk görmek işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny belledi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň möhümdigine ünsi çekip, bu ugurda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, şu ýyl sebitde bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, ak ekin meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş, çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleri guramaçylykly dowam edýär. Pagtaçy babadaýhanlar üçin welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumynyň ýeterlik mukdary taýýarlanyldy. Şunuň bilen birlikde, ýazlyk ýeralmanyň, soganyň ekişi alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek baradaky tabşyryklaryndan ugur alnyp, sebitde ýazky bag ekmek möwsüminde baglaryň ekiljek ýerlerini, nahallaryny taýýarlamak babatda degişli işler ýerine ýetirilýär. Mundan başga-da, häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalygynda dowam edýän jogapkärli möwsümiň talabalaýyk, guramaçylykly geçirilmeginiň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we häkime degişli tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow sebitde dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak barada öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleri alnyp barylýar. Bugdaý ekilen meýdanlarda goşmaça mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş, çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny taýýarlamak üçin zerur çäreler görülýär. Ýazlyk ýeralma, sogan ekilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak işleri geçirilýär. Welaýatda ýazky bag ekiş möwsüminde ekiljek nahallaryň ýeterlik möçberi taýýar edilip, häzirki wagtda olaryň ekiljek ýerlerini taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar. Şeýle hem häkim “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işlerini guramaçylykly, öz wagtynda geçirmek üçin toplumlaýyn çemeleşmegiň möhümdigini belledi we bu babatda degişli tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, şu günler sebitiň bugdaý ekilen meýdanlarynda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak, ekerançylyk ýerleriniň daş-töweregini arassalamak işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekişine girişmek, meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär. Gowaça ekiljek meýdanlarda geriş çekmek, tagt suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumlarynyň ýeterlik mukdary taýýar edilip, talabalaýyk saklanylýar. Ýazlyk ýeralma, sogan ekilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişi dowam edýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek we tokaý zolaklaryny döretmek barada berýän tabşyryklaryna laýyklykda, welaýatda bag ekmek möwsümini, ählihalk bag ekmek dabarasyny ýokary derejede geçirmek üçin taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Mundan başga-da, häkim “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän agrotehniki çäreleriň talabalaýyk geçirilmeginiň oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almagyň möhüm şertleriniň biridigini belledi we häkime degişli görkezmeleri berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalary amala aşyrmagyň çäklerinde welaýatda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň döredýän giň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanýan gallaçy babadaýhanlarymyz tarapyndan şu günler bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri geçirilýär. Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda ýuwuş suwuny tutmak, pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny möwsüme taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, ýeralmanyň, gök-bakja, beýleki azyklyk oba hojalyk ekinleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak, bu önümler bilen ilatymyzy bolelin üpjün etmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, ekerançylyk meýdanlarynda bu ekinleri ekmek, ekiş geçirilen ýerlerde ideg etmek işleri ýerine ýetirilýär. Mundan başga-da, wise-premýer ýazky bag ekmek möwsümine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işlerinde agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň ekinlerden bol hasyl almagyň, oba hojalygyny netijeli alyp barmagyň, bu ugurda ýokary görkezijileri gazanmagyň aýrylmaz şerti bolup durýandygyny belledi we wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, ekerançylyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan agrotehniki çäreleriň möhüm ähmiýetine ýene-de bir gezek ünsi çekdi we welaýatlarda gowaça ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek boýunça taýýarlyk işleriniň alnyp barlyşyny berk gözegçilikde saklamagy, Daşoguz, Lebap welaýatlarynda gowaça ekiljek meýdanlarda ýuwuş suwuny tutup, ýerleri ekişe taýýarlamak boýunça degişli işleri geçirmegi, pagta öndürijileri ekiş möwsümine çenli ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, welaýatlaryň bugdaý meýdanlarynda ideg etmek, ösüş suwuny tutmak işleriniň agrotehniki kadalara laýyk geçirilmegini üpjün etmek, ýazlyk ýeralmanyň hem-de gök-bakja ekinleriniň ekişini çaltlandyryp, agrotehniki möhletlerde alnyp barlyşyna berk gözegçilik etmek, welaýatlarda pagta, bugdaý öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň wagtynda geçirilmegini gazanmak tabşyryldy. Döwlet Baştutanymyz ýazky bag ekmek möwsümini guramaçylykly geçirmegiň zerurdygyny belläp, welaýatlarda degişli taýýarlyk işleriniň geçirilmegini, ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatlarda şu ýyl meýilleşdirilen işleriň wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.