i 30 THE ASHGABAT TIMES

Ulag we aragatnaşyk pudagynda täze döwüriň başlangyjy

13.03.2025

Türkmenistanda logistika işiniň diwersifikasiýa esasynda ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Ulag-kommunikasiýa strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyz sebit we halkara derejeli möhüm ulag-logistika merkezi hökmünde eýeleýän ornuny barha pugtalandyrýar.

Ulag pudagynda halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy berkitmek şu günüň wajyp wezipesidir. Şunda ýurdumyz howa ulaglary pudagynda Halkara raýat awiasiýasy guramasy, Howa ulagynyň halkara assosiasiýasy, Ýewropanyň uçuşlaryň howpsuzlygy boýunça agentligi, awtomobil ulaglary pudagynda Halkara awtomobil ulaglary birleşigi, demir ýol ulaglary pudagynda Demir ýollaryň hyzmatdaşlyk guramasy, deňiz we derýa ulaglary pudagynda Halkara Deňiz Guramasy bilen hyzmatdaşlyk edýär.

Multimodal ulag-aragatnaşyk ulgamynyň düzümlerini, şol sanda demir ýol, awtomobil, deňiz ulaglaryny, port düzümlerini ösdürmek we goldamak üçin Türkmenistan döwlet bilen hususy pudagyň özara hyzmatdaşlygyny has-da ilerledýär. Bu ulgama maýa goýumlary çekmegiň möhümdiginden ugur alnyp, bäsdeşlige ukyply milli logistika kompaniýalarynyň döredilmegine aýratyn üns berilýär. Ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda täze guramaçylyk resminamalaryny işläp taýýarlamak boýunça ulgamlaýyn işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça awtomobil ulagy pudagyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan ulgamlaýyn işleriň çäklerinde ýurdumyzy goňşy döwletler bilen baglanyşdyrýan täze ýokary tizlikli awtomobil ýollary, köprüler gurlup ulanmaga berilýär. Ulag parkynyň üsti dünýäniň iri önüm öndürijileriniň öňdebaryjy tehnikalary bilen ýetirilip, inženerçilik-aragatnaşyk torlary doly döwrebaplaşdyrylýar, ýol-hereket howpsuzlygyny üpjün edýän döwrebap ulgamlar ornaşdyrylýar.

Diýarymyzda uzak aralyga ýükleriň çalt we arzan daşalmagyna mümkinçilik berjek täze ýokary tizlikli awtomobil ýoly kemala geler. Döwlet hem halkara ähmiýetli ýollar bilen bir hatarda, welaýat, etrabara derejedäki ýollaryň gurulmagy babatda-da netijeli işler alnyp barylýar. Ýollaryň giň gerimli gurluşygy täze iş orunlarynyň döredilmegine, ýurdumyzyň sebitleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň amatly bolmagyna, onuň çäginden geçýän üstaşyr ulag akymlarynyň artmagyna ýardam berýär.

Şadurdy HOJAÝEW
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
i 28 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Halkymyzyň saglygy ýurdumyzyň baş maksady

032362692b89c8ef81592a029e547774c100320f THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Google AI Gemma 3-ni hödürleýär: güýçli we ýeke GPU-da işleýär

Soňkylar Makalalar

Suw – ekologik durnuklylygyň esasy ugry

13.12.2025
Gahryman Arkadagymyzyň «Suw – ýaşaýşyň we bolçulygyň çeşmesi» atly kitabynda belleýşi ýaly, ata-babalarymyz suwa belent sarpa goýup, keramat derejesine ýetiripdirler. Şöhratly taryhymyzda merdanalygy, pähim-paýhasy,

Parahatçylyk döredijilikli tagallalaryň binýady

12.12.2025
Agzybirlik, asudalyk, bagtyýarlyk ýaly düşünjeler öz gözbaşyny «parahatçylyk» diýen umman deý çuň, asman deý giň, daglar deý belent düşünjeden alýar. Şoňa görä-de, taryh sahypalarynda

Watany söýmek – mertebe mekdebi

12.12.2025
Ömrüň manysy edilen işler bilen ölçense, şol beýik işleriň maksady Watana bolan söýgüden gözbaş alýar. Kämil nesilleri ýetişdirmek, ylym-bilim almak, hünär öwrenmek ýaly birnäçe
GitTop