Dark
Light
03.01.2026
666926f6e6dba400028542 THE ASHGABAT TIMES

Ýangyç-energetika pudagy uly ösüşlere tarap

05.03.2025

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän energetika syýasaty milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan nebitgaz senagatyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge we onuň halkara energetika ulgamyna okgunly goşulyşmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzda bu pudakda üstünlikli amala aşyrylýan iri taslamalar diňe bir ykdysady ähmiýete eýe bolman, eýsem, sebit we ählumumy energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmakda hem möhüm wezipäni ýerine ýetirýär.

Ýurdumyz uglewodorod serişdeleriniň baý gorlaryna eýe bolmak bilen, dünýäniň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary, iri maliýe düzümleri bilen işewürlik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegi, energetika boýunça hyzmatdaşlygyň ugurlaryny has-da giňeltmegi maksat edinýär. Şunuň bilen baglylykda, milli ýangyç-energetika toplumyna iň täzeçil ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary, häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze innowasion tehnologiýalary, sanly ulgamy işjeň ornaşdyrmagyň möhüm ähmiýetine üns çekilýär. Türkmenistanyň elektroenergetika pudagynyň önümçilik kuwwatynyň artandygyny we tebigy gazda işleýän, iň täze tehnologiýalary özünde jemleýän, döwletimiziň energiýa paýlaýjy ulgamyna girýän döwrebap elektrik stansiýalarynyň birnäçesiniň hereket edýändigini bellemek gerek.

Ýangyç-energetika toplumynyň esasy bolup durýan gaz pudagy ýurdumyzyň senagat önümçiliginiň ýarysyndan gowragyny düzýär. Häzirki wagtda pudakda täze ýataklary ýüze çykarmak, barlag geçirmek we ulanmaga bermek uglewodorod serişdelerini ibermekden we saklamakdan başlap, taýýar önümi sarp edijilere ýetirmäge çenli önümçilik işiniň ähli tapgyrlarynda ornaşdyrylan öňdebaryjy tehnologiýalar arkaly amala aşyrylýar. Diýarymyzyň gazy gaýtadan işleýän pudagy täze zawodlaryň işe girizilmegi esasynda yzygiderli ösdürilýär. Şunda gaz çig malyny düýpli gaýtadan işleýän ýokary tehnologiýaly önümçilikleriň döredilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

Häzirki wagtda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek, täze ekologik standartlaryň çäklerinde öňdebaryjy tehnologiýalary alyşmak, döwrebap enjamlary satyn almak üçin täze maýa goýumlary çekmek, ekologik taýdan arassa önümçilikleri işe girizmek Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Şunda her ýyl geçirilýän pudaklaýyn sergileriň, duşuşyklaryň we maslahatlaryň netijeli gatnaşyklary ýola goýmak, täze taslamalary amala aşyrmak, pudagy ösdürmegiň dünýä meýilleri, mümkinçilikleri bilen tanyşmak arkaly bellenen maksatlara ýetmäge, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň gazananlaryny giňden wagyz etmäge mümkinçilik berýändigini bellemek gerek.

Türkmenistanda tebigy serişdeler özleşdirilende, olaryň rejeli ulanylýandygyny, daşky gurşawy goramak babatda yzygiderli alada edilýändigini, sebitiň we dünýäniň energetika howpsuzlygy bilen bagly meseleler boýunça wajyp halkara başlangyçlaryň öňe sürülýändigini bellemek zerurdyr. Ekologik kadalaryň berjaý edilmegine aýratyn ähmiýet berilýän senagat desgalarynyň ulanmaga berilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Häzirki wagtda ýurdumyzda energiýa serişdeleri gazylyp alnanda, önümçilige netijeli gorag tehnologiýalary ornaşdyrylanda ekologik töwekgelçilikleri azaltmak, döwrebap dolandyryş çözgütlerini ulanmak boýunça degişli işler geçirilýär. 

Şeýlelikde, Türkmenistan öz ägirt uly mümkinçiliklerini ählumumy bähbitler üçin ulanmagy teklip edip, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek babatda garaýyşlaryny beýan edýär. Energetika ulgamynda strategik başlangyçlary goldamak bolsa geljekde bu ugurda iri taslamalary durmuşa geçirmekde möhüm binýat bolup durýar.

Töwe GURBANOWA
Türkmenistanyň energetika ministrliginiň
Aşgabat energetikaorta hünär okuw
mekdebiniň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Bagtyýar ýyllary aşypdyr Türkmen

i 23 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ýaşlar ýurduň daýanjy

Soňkylar Makalalar

Paýhas çeşmesi – terbiýe hazynasy

03.01.2026
Terbiýeçilik işi oýlanyşykly, paýhasly çemeleşmäni talap edýär. Şunda her bir çaga onuň häsiýetine görä çemeleşmek zerur bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap edilen

Bedew batly at-myradyň mekany

02.01.2026
Halkymyzyň köp müňýyllyk taryhy ýolunda bedew atlar baky hemrasy, iň ýakyn syrdaşy we ruhy baýlygy bolup gelipdir. Türkmen medeniýetinde at diňe bir barjamlylygyň ýa-da

Garyň aklygy — tebigatyň ruhy sazlaşygy

02.01.2026
Gyş paslynyň ilkinji garyň ýagmagy bilen tebigat özüne mahsus ak keşbine girip, daş-töweregi arassalyk we päklik duýgusy bilen gurşap alýar. Asmandan ýuwaşlyk bilen inýän

Hünärinde hem-de sportda ussat türgenlerimiz!

02.01.2026
Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatynda alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýurdumyzda geçirilýän sport ýaryşlaryna aýratyn orun degişli bolup durýar. Ýurdumyzda geçirilýän şol ýaryşlaryň

Döwletli işleriň dowamy

02.01.2026
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly halkymyz üçin düşümli, döwletli ýyllaryň biri boldy. Ýurdumyzy gülledip ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa
GitTop