i 40 THE ASHGABAT TIMES

Ýylymyzyň şygary — kalbymyzyň şatlygy

24.03.2025

Ata Watanymyzda her ýyla hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen mynasyp şygaryň berilmegi asylly däbe öwrüldi. Munuň özi, döwletimiziň we jemgyýetimiziň häzirki zaman ösüşini şöhlelendirýär. Ýagşy umyt-arzuwlar bilen bosagadan ätlän täze – 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi il-günümizde ýokary ruhubelentligi döretdi. Bu şygarda çuň many-mazmun bar.

Hormatly Prezidentimiziň parahatçylyga, döredijilige, ösüşe gönükdirilen içeri we daşary syýasatynyň özenini ynanyşmak, birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri düzýär. Bu ýörelgeler berkarar döwletimizi hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmäge, dünýädäki abraýyny has-da ýokarlandyrmaga, ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge şert döredýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe özgertmeleriň we ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy döwletleriň hem-de halklaryň arasynda özara düşünişmegi, netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açýar.

Garaşsyz Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesine daýanyp, Ýer ýüzüniň döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen dünýäde parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň hem-de durnukly ösüşiň bähbidine dostlukly, birek-birege ynanyşmak, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary ýola goýmakda toplan gymmatly syýasy tejribesi sebitde we dünýäde durnuklylygy saklamaga, netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berýär.

Parahatçylyk we ynanyşmak adamzadyň abadan geljegini üpjün etmek üçin biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly iň gymmatly düşünjeler bolup, ol häzirki wagtda döwletleriň we halklaryň arasynda hyzmatdaşlygyň hem-de ösüşiň baş ýörelgesine öwrülýär.

Bütin yklymy parahat we bir-birege ynanyşmak arkaly ýaşamaga çagyrýan döwletli Diýarymyz üstümizdäki ýylda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna berk jebisleşen bagtyýar halkymyz hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuny uludan toýlar. Biz hem taryha şöhrat-şan goşjak täze – 2025-nji ýylyň şygaryndan ruhlanyp, şanly ýylda döredijilikli zähmet çekip, ösüp gelýän ýaş nesilleri beýik döwrümiziň ruhunda terbiýelemekde, olary il-günümize mynasyp kämil şahsyýetler edip ýetişdirmekde yhlasymyzy gaýgyrman zähmet çekeris.

Dünýäde parahatçylyk söýüjilikli ýörelgeleriň esasynda ýurdumyzyň halkara giňişligindäki ornuny beýgeldýän, dünýäniň ösen döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda beýik işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun! Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda alyp barýan dünýä nusgalyk işleri, tutumly maksatlary uly üstünliklere beslensin!

Gurbanberdi HOMMADOW
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň uly mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
i 45 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Durnukly ösüşiň täze mümkinçilikleri

i 41 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Şanly ýylyň belent şygary – köňülleriň joşguny

Soňkylar Makalalar

Iňlis dili: Ähliumumy Aragatnaşyk gurallary

25.03.2025
Iňlis dili dünýäde iň giňden ulanylýan dilleriň biri bolup, dürli medeniýetleri we sebitleri birleşdirýän aragatnaşyk köprüsi hyzmatynda çykyş edýär. 5-nji asyrda Angliýa getirilen Anglo-Fris

Giperkinetik Bozulmalar

25.03.2025
Giperkinetik bozulmalar, köplenç üns ýetmezçilikli giperaktiwlik bozulmasy (ADHD) bilen baglanyşykly bolup, artykmaç hereketlilik, impulsivlik we ünsüň durnuksyzlygy bilen häsiýetlendirilýän nerwi ösüş bozulmalarydyr. Bu bozulmalar

Maýa goýum mümkinçiliklerini üstünlikli durmuşa geçirmek

25.03.2025
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň asylly başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi
GitTop