Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 4-8-nji awgust aralygynda Awaza milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriniň III maslahaty barada okuw sapagy geçirildi.
Bu okuw sapagyna ähli ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyp ýaşlaryndan saýlanan ýaş wagyzçylar gatnaşdy. Okuw sapagynyň dowamynda Hazar deňziniň merjeni Awaza milli sýahatçylyk zolagynyň diňe bir ekologiki syýahatçylygy ösdürmek babatda ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolmak bilen çäklenmän eýsem, halkara işewürlik forumlarynyň, maslahatlarynyň, duşuşyklaryň, halkara bäsleşiklerdir, festiwallaryň sport we medeni çäreleriň geçirilýän mekanyna öwrülendigi nygtaldy.
Okuw sapagynyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiziň döwletimizde, dünýäde halkara ulag-logistika ulgamyny ösdürmek babatda alyp barýan işlerini beýan etmekde ýaş wagyzçylaryň öňünde durýan wezipeleri düşündirildi. Şol sanda Watanymyzyň halkara giňişliginde gazanýan üstünliklerini köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde şöhlelendirmegiň ähmiýeti barada gürrüň edildi.
Şeýle-de okuw sapagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriniň III maslahatyna ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden gatnaşjak ýaş wagyzçylaryň wezipeleri dogrusynda gürrüň berildi.
Polat HALNEPESOW
Turkmen Dowlet Maliye institutynyn talyby