Dark
Light
03.01.2026
i 42 THE ASHGABAT TIMES

Biogeografiýa ylmynyň ösüşi

24.04.2025

Biogeografiýa  Ýer  ýüzünde  ösümlikleriň  we  haýwanlaryň  ýaýraýşynyň, paýlanyşynyň umumy kanunalaýyklyklaryny öwrenmek bilen, ol ýokary bilimli tebigaty öwreniji hünärmenleri (geograflary, ekologlary, biologlary) taýýarlamakda aýratyn hyzmata eýedir. Biogeo-grafiýa Ýerde janly bedenleriň we olaryň toparlanmalarynyň geografik  ýaýraýşynyň  we  ýerleşişiniň  kanunalaýyklyklary  baradaky ylymdyr.  Toparlanmalar  we  bedenler  diňe  bir  biogeografiýanyň däl-de,  eýsem,  biologiýanyň  we  ekologiýanyň  hem  obýektleridir. Geografiýa  ylmy  hökmünde  biogeografiýa  ilkinji  nobatda  bu obýektleriň giňişlikde ýerleşişini, olaryň biri-biri bilen we gurşawyň şertleri  bilen  özara  täsirini,  Ýer  togalagynyň  we  onuň  aýry-aýry sebitleriniň ösümlik örtüginiň hem-de haýwanat dünýäsiniň gurluşynyň we dinamikasynyň wajyp kanunalaýyklyklaryny öwrenýär.

Biogeografiýa – bu janly bedenleriň öz arasyndaky hem-de daşky gurşawyň organiki däl tebigaty bilen gatnaşyklary, bedenden ýokarky tebigy ulgamlardaky baglanyşyklar, şol ulgamlaryň gurluşy we hereketi baradaky ylymdyr.Onuň  ylym  hökmünde  döremegine  Ýer  ýüzündäki  janly bedenleriň köpdürlüligi, olaryň ýaşaýyş aýratynlyklary barada toplanan köpsanly ylmy maglumatlar itergi berdi. Bedenleriň diňe bir gurluşy we ýaşaýşy däl, olaryň daşky gurşaw bilen özara gatnaşyklary hem kesgitli kanunalaýyklyklara tabyndyr.

Häzirki zaman ekologiýa ylmy tebigatdan rejeli peýdalanmagyň, tebigy baýlyklar-dan tygşytly ulanmagyň we olary ygtybarly gorap saklamagyň nazary (teoretiki) esasy hasaplanylýar. Tebigat bilen adamzat jemgyýetiniň arasyndaky özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny işläp düzmekde  ekologiýa  ylmyna  esasy  orun  degişlidir.  Ekologiýa  häzirki wagtda güýçli depginler bilen ösýän ylym hasaplanylýar.

Ösümlikleriň  we  haýwanlaryň  ýaşaýyş  aýratynlyklary,  olaryň ýaşaýşynyň daşky gurşawyň şertlerine baglylygy, tebigatda ýaýraýşy we paýlanyşy baradaky maglumatlary toplamak has gadymy döwürlerden  başlanypdyr. Gadymy grek alymy Aristotel özüne mälim bolan haýwanlaryň 500 görnüşini ýazga geçiripdir. Şol haýwanlaryň özlerini  alyp  baryşlary,  ýaşaýan  ýerleri,  balyklaryň  we  guşlaryň gyşlaýyşlary, olaryň köpçülik bolup ýaşaýyşlary onuň ünsüni özüne çekýär. Ösümlikleriň we haýwanlaryň täze görnüşlerini ýüze çykarmak, olaryň daşky we içki gurluşyny ýazyp beýan etmek – ýaşaýşy öwreniş (biologiýa) ylmynyň irki ösüş döwrüniň baş maksady bolupdy.

Biogeografiýa ylmy öz ösüşiniň häzirki zaman basgançagynda diňe bir ösümlikleriň we haýwanlaryň Ýer ýüzünde ýaýraýşynyň kanunalaýyklyklaryny öwrenmän, eýsem, olaryň antropogen täsirleriň netijesinde üýtgeýjiligini hem öwrenýär. Rus alymlary A.G.Woronow (1911-1995) we G.B. Naumow biogeografiýanyň taryhyny döwürlere bölmek işlerini hem-de onuň ösmeginde öz goşantlaryny goşdular.

Türkmenistanyň tebigy şertleriniň köpdürli bolmagy haýwanat dünýäsiniň düzümine we ýaýraýşyna uly täsir edýär. Türkmenistanda haýwanat dünýäsini öwrenmek meselesi gözbaşyny XVIII asyryň ahyrlaryndan alyp gaýdýar. Bu döwürde ýurdumyzyň dürli künjekle-rine syýahat eden daşary ýurtly syýahatçylar bu gözel ülkäniň täsin ösümlik we haýwanat dünýäsini ýazyp beýan edýärler. Ösümliklerden  gerbarileri,  haýwanlardan  kolleksiýalary  toplapdyrlar.  Emma bu  syýahatçylaryň  geçiren  işleri  özakymlaýyn  häsiýete  eýe  bolan. Olaryň toplan materiallary baradaky anyk maglumatlar örän seýrek çap edilipdir. Hut şonuň üçin hem, şol maglumatlar köplere elýeterli däldir. Türkmenistanyň haýwanat dünýäsini öwrenmegiň taryhyna bagyşlanan  işler,  umuman,  aýry-aýry  makalalar  görnüşindedir.  Bu ugurdan ýazylan saldamly işler az duş gelýär.

Ýurdumyz öz  Garaşsyzlygyny  alanyndan  soňra  tebigy ylymlar, şol sanda biogeografiýa uly ösüşlere eýe boldy. Biziň ýurdumyzda biogeografiýa ylmynyň ösmeginde A.K. Rustamowyň, O. Nurgeldiýewiň, A.Ö. Täşliýewiň, T.Tokgaýewiň, A. Berdiýewiň, A.  Eminowyň,  S.  Şammakowyň,  Ç.  Ataýewiň,  W.G.  Kapliniň,M.G. Nepesowanyň, O. Söýünowyň, G. Nurberdiýewiň, H.I. Atamy-radowyň, Ö. Sopyýewiň, N. Işadowyň, E.A. Rustamowyň, M. Aky-ýewanyň, E. Ataýewiň we beýlekileriň ýerine ýetiren düýpli ylmy işleriniň uly ähmiýeti bar.

Gurbantäç BÄŞIMOWA
Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk
mekdebiniň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

1ffaaa THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Gahryman Arkadagymyzyň Özbegistan Respublikasyna dostlukly sapary

image THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Biologik dürlüligiň häzirki zaman ekologiýa ýagdaýy

Soňkylar Makalalar

Paýhas çeşmesi – terbiýe hazynasy

03.01.2026
Terbiýeçilik işi oýlanyşykly, paýhasly çemeleşmäni talap edýär. Şunda her bir çaga onuň häsiýetine görä çemeleşmek zerur bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap edilen

Bedew batly at-myradyň mekany

02.01.2026
Halkymyzyň köp müňýyllyk taryhy ýolunda bedew atlar baky hemrasy, iň ýakyn syrdaşy we ruhy baýlygy bolup gelipdir. Türkmen medeniýetinde at diňe bir barjamlylygyň ýa-da

Garyň aklygy — tebigatyň ruhy sazlaşygy

02.01.2026
Gyş paslynyň ilkinji garyň ýagmagy bilen tebigat özüne mahsus ak keşbine girip, daş-töweregi arassalyk we päklik duýgusy bilen gurşap alýar. Asmandan ýuwaşlyk bilen inýän

Hünärinde hem-de sportda ussat türgenlerimiz!

02.01.2026
Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatynda alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýurdumyzda geçirilýän sport ýaryşlaryna aýratyn orun degişli bolup durýar. Ýurdumyzda geçirilýän şol ýaryşlaryň

Döwletli işleriň dowamy

02.01.2026
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly halkymyz üçin düşümli, döwletli ýyllaryň biri boldy. Ýurdumyzy gülledip ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa
GitTop