Dark
Light
03.01.2026
glawny 1704693049 THE ASHGABAT TIMES

Döwrebap bilim ulgamy – ösüşiň aýdyň ýoly

28.04.2025

Eziz Diýarymyzda okamak, gurmak, döretmek üçin ähli şertleriň döredilýändigi guwandyryjy hakykat bolup durýar. Häzirki döwürde orta we ýokary okuw mekdepleriniň okuw kitaplary bilen üpjünçiligi hem döwrebap ýola goýuldy. Bu okuw kitaplaryny, gollanmalaryny taýýarlamaga orta we ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, degişli hünärmenler, alymlar işjeň gatnaşýarlar.

Orta we ýokary okuw mekdeplerinde sapaklaryň interaktiw, multimediýa görnüşinde guralmagy ýaşlaryň okuwa bolan gyzyklanmalaryny has-da artdyrýar we berilýän bilimiň netijeliligini ýokarlandyrýar. Häzirki wagtda ýaşlarymyzyň döwrebap bilim almaklary üçin şahsy kompýuterlerinde özbaşdak okamaklary üçin ýörite multimediýa okuw gollanmalary taýýarlanyldy. Şeýle öňdebaryjy tejribeleriň bilim ulgamyna ornaşdyrylmagy türkmen ýaşlarynyň dünýä ülňülerine laýyk bilim almaklaryna oňyn täsirini ýetirýär.

Bilim ulgamyny mazmuny hem-de düzümi boýunça ylmy tehnologiýa babatda ýokary derejä ýetirmek, ýaş nesliň döwrebap bilim almagy üçin döredilýän şertler bu ulgamy döwrebaplaşdyrmaga, milli hem-de dünýä tejribesine esaslanýan özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge ýardam edýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň ylmy- barlag institutlarydyr ýokary okuw mekdepleriniň binýadynda ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça ýokary taýýarlykly, ylmy derejeli hünärmenleri ýetişdirmekde işler döwrebap ýola goýuldy. Ýeri gelende aýtsak, ýokary okuw mekdepleriniň talyplary öz saýlap alan hünärleri boýunça bilim almak bilen birlikde, ylmy işler bilen hem meşgul bolýarlar, ýyllyk, diplom işlerini taýýarlaýarlar. Şeýle hem, hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda her ýylda geçirilýän ýaş alymlaryň döwlet derejesindäki bäsleşigine gatnaşyp, ýurt Baştutanymyzyň şa serpaýyna mynasyp bolýarlar.

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda döredilen ylmy-tehniki mümkinçilikleriň, düýpli hem-de amaly barlaglaryň peýdalanylyşynyň netijeliliginiň artdyrylmagy, dünýäniň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri, ylym we bilim merkezleri bilen özara gatnaşyklaryň ösdürilmegi ylym-bilim babatda döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolmagynda galýar.

Nazakat ORUNBAÝEWA
Daşoguz welaýatynyň Beki Seýtäkow adyndaky
mugallymçylyk mekdebiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

sefirlik rek 280425 7 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Azerbeýjanly türgenler Aşgabatdaky halkara ýaryşda baýrakly orunlara mynasyp boldy

ashgabat times12387 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Lýewen Katolik Uniwersitetinde Parahatçylyk konferensiýasy: Brýusseldäki Türkmenistanyň ilçisi ylham beriji duşuşyk geçirdi

Soňkylar Makalalar

Bedew batly at-myradyň mekany

02.01.2026
Halkymyzyň köp müňýyllyk taryhy ýolunda bedew atlar baky hemrasy, iň ýakyn syrdaşy we ruhy baýlygy bolup gelipdir. Türkmen medeniýetinde at diňe bir barjamlylygyň ýa-da

Garyň aklygy — tebigatyň ruhy sazlaşygy

02.01.2026
Gyş paslynyň ilkinji garyň ýagmagy bilen tebigat özüne mahsus ak keşbine girip, daş-töweregi arassalyk we päklik duýgusy bilen gurşap alýar. Asmandan ýuwaşlyk bilen inýän

Hünärinde hem-de sportda ussat türgenlerimiz!

02.01.2026
Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatynda alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýurdumyzda geçirilýän sport ýaryşlaryna aýratyn orun degişli bolup durýar. Ýurdumyzda geçirilýän şol ýaryşlaryň

Bilimli ýaşlar – buýsanjymyz

30.12.2025
Bilim bagtyýarlyga, ruhubelentlige hem-de rowaçlyga deňelýär, beýik işleriň gözbaşy hasaplanýar. Ylym-bilim ulgamynda-da uly üstünliklere beslenen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem tamamlanyp barýar. Şanly

Täsin we geň galdyryjy täze ýyl ynançlary

30.12.2025
Biler bolsaňyz, dünýädäki ilkinji arça agajy XVII asyryň başynda döräpdir. Elzas şäherinde arça we sosna agaçlary reňkli kagyz gülleri, alma, kökejikdir süýjüler bilen bezelipdir.
GitTop