Dark
Light
12.01.2026
shutterstock 1857484450 THE ASHGABAT TIMES

Döwrebap ösüşiň esasy güýji

04.04.2025

Informatika häzirki zaman tehnologiki ösüşleriň esaslaryny düzýän giň ylmy we amaly ugur bolup, maglumatlary toplamak, işlemek, saklamak we ulanmak bilen baglanyşyklydyr. Bu ugur diňe bir kompýuterleriň we programmirlemeň ösüşi bilen çäklenmän, eýsem, durmuşymyzy üýtgedýän we ösdürýän dünýäni giňeltýän kömekçi güýçdir.

Informatika kompýuter ulgamlarynyň teoretiki esaslaryndan başlap, olary amaly taýdan ulanmak bilen dürli pudaklarda giňden ulanylýar. Mysal üçin, emeli intellekt, uly maglumatlaryň dolanyşygy (big data), bulut tehnologiýalary we kiberhowpsuzlyk informatika arkaly döreýän döwrebap çözgütlerdir. Bu tehnologiýalar häzirki zaman jemgyýetinde amatlylygy, netijeliligi we howpsuzlygy üpjün edýär.

Bilim ulgamynda informatika aýratyn ähmiýete eýedir. Sanly okuw platformalary, interaktiw programmalary we maglumat dolanyşygyň awtomatlaşdyrylmagy mugallymlar bilen okuwçylaryň aragatnaşygyny ýokarlandyrmaga kömek edýär. Bu usullar bilim almagy has gyzykly we täsirli etmäge mümkinçilik berýär.

Informatikanyň esasy ugrunyň biri hem maglumatlaryň goragy we ulanylyşy bilen baglanyşyklydyr. Kiberhowpsuzlyk ulgamlary dürli maglumatlaryň goragyny üpjün edýär, bu bolsa şahsy maglumatlaryň howpsuzlygyny we kompaniýalaryň durnuklylygyny saklamakda möhüm rol oýnaýar.

Umuman informatika dünýäni üýtgetmäge we täze mümkinçilikleri açmaga ýardam edýän güýçli bir ulgamdyr. Ol täze tehnologiýalary döretmekde we jemgyýetiň ösüşini üpjün etmekde ähmiýetli orun tutýar. Geljekde informatika has giň mümkinçilikler bilen durmuşymyzy üýtgetmäge dowam eder.

Selbi AZIZOWA
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

kdzify6yhsu9clpiub4afgzqta3cschgqil9g5z8 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Durnukly ösuşi üpjün etmekde halkara ykdysady hyzmatdaşlygyñ  orny

5pbvqx8dfrhmitszgu3urzcyp1ydhv6uoqayrtnv THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Parlamentara Bileleşigiň 150-nji ýubileý Assambleýasyna gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasyna iş sapary

Soňkylar Makalalar

Bedew batly ösüşleriň mekany

10.01.2026
Ýurdumyzda her ýyly döwrebap atlandyrmak asylly däbe öwrüldi. Ýyllaryň atlary bolsa döwletli Diýarymyzyň taryhy tutumlary, halkymyzyň belent maksatlary, hormatly Prezidentimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän içeri

Oba hojalygy: ösüş-özgerişler ýoly bilen

08.01.2026
Bagtyýar halkymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny şanly taryhy wakalara, uly zähmet üstünliklerine besläp, täze, 2026-njy — “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly
GitTop