Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň halk maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde milli medeniýetimizi ösdürmäge, şonuň bilen bir hatarda, buýsanjymyz we şöhratymyz hasaplanýan ýelden ýyndam behişdi bedewlerimizi sarpalamaga uly ähmiýet berilýär.
Döwrümiziň uçar ganaty bolan türkmen bedewleri ähli döwürlerde-de synmaz ruhuň, çäksiz wepadarlygyň, taýsyz gözelligiň, kämilligiň, şol bir wagtda-da arzyly ýeňişleriň, üstünlikleriň nyşany hasaplanypdyr. Ýyndamlygy gözelligi syzgyrlygy edil adam ýaly öz mertebesini goramagy başarýandygy, şeýle-de wepadarlylygy bilen gadymy döwürlerden bäri ýer ýüzünde uly meşhurlyga eýedir.
Türkmen bedewi dünýäde hiç wagt ýitip gitmejek maddy we ruhy gymmatlykdyr. Ahalteke atlary türkmen halkynyň milli guwanjy bolup iň gymmatly tohumlaryň biri hasaplanýar. Behişdi bedewlere türkmen topragynda belentde sarpa goýulýar. Munuň şeýledigini ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny alan ilkinji ýyllarynda döwlet nyşanlarymyzyň döredilen wagtynda Döwlet tugramyzyň merkezinde iň gymmatly baýlyk hökmünde bedew atyň buýsançly keşbi ýerleşdirilmegini aýratyn bellärliklidir.
Milli Liderimiziň başlangyjy hem-de Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen her welaýatyň merkezinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän atçylyk sport toplumlarynyň gurulmagy, atşynaslara hormatly atlaryň dakylmagy, ýurdumyzda geçirilýän toý-baýramlarymyzyň gelşiginiň bedewlerimiz bolmagy-da döwletimiziň atçylygy ösdürmäge aýratyn uly üns berýändigini görkezýär.
Hormatly Prezidentimiz türkmen bedewlerimiz barada edýän yzygiderli aladalary diňe atşynaslyk sungatyny ösdürmekde däl-de, eýsem halkara derejeli atly sport ýaryşlaryny, at çapyşyklaryny gurnamakda, ýurdumyzda bellenilýän toý-baýramlarymyzy has-da dabaralandyrmakda bahasyna ýetip bolmajak ähmiýete eýe bolup, ol her bir adamyň kalbyny bedewlermize bolan buýsançdan doldurýar. Merdana halkymyzyň şunuň ýaly nurana baýramlara, ak ýollary alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutýan tutumly işleri rowaç bolsun! Türkmen bedewiniň baýramy gutly mübärek bolsun!
Bahar GARATAÝEWA
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar
ministrliginiň Söwda-kooperatiw mekdebiniň mugallymy