Dark
Light
25.01.2026
1234123 THE ASHGABAT TIMES

“Durmuşyň dowamly ösmegini üpjün etmegiň esasy ugurlary: ekologiýa bilimi we daşky gurşawy goramak boýunça häzirki zaman meseleleri” atly Halkara ylmy-amaly konferensiýa geçirildi

09.04.2025

2025-nji ýylyň 7-8-nji aprelinde Aşgabatda Magtymguly Türkmen Döwlet Uniwersiteti tarapyndan “Durmuşyň dowamly ösmegini üpjün etmegiň esasy ugurlary: ekologiýa bilimi we daşky gurşawy goramak boýunça häzirki zaman meseleleri” atly Halkara ylmy-amaly konferensiýa geçirildi.

Derya Soysal biologik dürlüligi goramak üçin negatiw emissiýa tehnologiýalarynyň ulanylyşy boýunça leksiýa berdi. Ol talyplara howanyň üýtgemegi, howanyň üýtgemegi bilen göreşmek üçin kompaniýalar tarapyndan işlenip düzülen tehnologiýalar, mysal üçin, negatiw emissiýa tehnologiýalary bilen tanyşdyryp geçdi. Dünýä we Merkezi Aziýadaky ekologiýa meselelerini düşündirip, biologik dürlüligi öwrenmegiň, ony goramagyň we howanyň üýtgemegi bilen göreşmegiň ähmiýetine ünsi çekdi. Ol howanyň üýtgemeginiň asyryň iň uly kynçylygydygyny we negatiw emissiýa tehnologiýalary, uglerody tutmak we saklamak ýaly ähli tehnologiýalary öwrenmelidigimizi aýtdy.

Negatiw Emissiýa Tehnologiýalary (NETs) atmosferadan CO₂-y tutup, hemişelik saklamaly we ony dowamly taýdan zyýansyzlaşdyrmalydyr. Elon Musk hem bu tehnologiýany işläp düzmäge synanyşýar.

Seresapsyz gaz emissiýalaryny ölüdürmek we global ýylylygy 1,5°C derejesinde saklamak üçin atmosferadaky CO₂-i hemişelik aýyrmak we saklamak zerurdyr. Bu usul Uglerody Aýyrmak (CDR) ady bilen tanalýar. Çykarylan emissiýalary öwezini dolýan bu praktikalar we tehnologiýalar köplenç “negatiw emissiýa” ýa-da “aşaky akym” hökmünde suratlandyrylýar.

Şeýle-de, biologik dürlüligi öwrenmäge gönükdirilen konferensiýanyň guramaçylyk edilmegi, Türkmenistanyň howanyň üýtgemegine we daşky gurşawy goramaga ünsi barada aladalydygyny görkezýär.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

hq720 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Arsenal Çempionlar Ligasy Çärýek Finalynda Real Madridi Ýeňdi

sisenbe-guni,-birza-sowdalarynda-oba-hojalyk-we-yenil-senagatynyn-onumleri-satyldy
Next Story

Sişenbe güni, birža söwdalarynda oba hojalyk we ýeňil senagatynyň önümleri satyldy

Soňkylar Habar

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär

22.01.2026
20-nji ýanwarda «Aşgabat» kinoteatrynda badalga alan hindi filmleriniň festiwaly Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de dostlukly döwletiň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guralýar.

Aýurweda okuw otagy açyldy

22.01.2026
21-nji ýanwarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça
GitTop