Dark
Light
25.01.2026
dsdsds THE ASHGABAT TIMES

El hünäri – il gezer

10.04.2025

Türkmenleriň milli geýimleri halkymyzyň däp-dessurlaryny, adatyny, ýaşaýyş, durmuş aýratynlygyny häsiýetlendirýär, halkyň maddy we ruhy medeniýetini şöhlelendirýär. Türkmen halkynyň etniki dünýägaraýşynyň, özboluşly maddy medeniýetiniň iň bir tapawutlandyryjy alamatlarynyň biri bolan milli lybaslary müňýyllyklaryň dowamynda üýtgewsiz saklanyp galypdyr.
Halkymyzyň milli lybaslary örän çylşyrymly, köp görnüşli toplumy emele getirýär. Ol topluma özüniň niýetlenişi boýunça dürli görnüşli: ýazylýan, bile guşanylýan, üstki, şeýle hem gündelik, baýramçylyk, däp-dessurlar bilen baglanşykly lybaslar girýär. Türkmen gelin-gyzlarynyň gündelik lybaslary ýönekeý, sada nagyşlar bilen bezelen, gymmat bolmadyk, esasan hem, nah matadan tikilen köýneklerden, ýektaýlardan, ýaglyklardan ybaratdyr. Baýramçylyk lybaslary açyk reňkli ýüpek matalardan nagyşly edip tikilipdir. Toý geýimi hökmünde geýilýän köýneklerde, ýektaýlarda we başgaplarda owadan keşdeler kümüş bezegler, ýüpek matalar bilen utgaşypdyr.
XIX asyryň ahyrynda türkmen gelin-gyzlarynyň lybaslary ýektaýlardan, başatgyçlar, başgaplar, dürli görnüşdäki ýaglyklardan, aýakgaplardan ybarat bolupdyr. Ylmy çeşmelerde berilýän maglumatlara, şeýle hem muzeý nusgalaryna ser salanyňda Türkmenistanyň çäginde ýaýran zenan lybaslarynyň, esasan, birmeňzeşdigine, ýöne ýaşaýyş-durmuş hem-de tebigy-geografik şertlere, şeýle hem etniki aýratynlyklara laýyklykda käbir egin-eşigiň özboluşly görnüşiniň bolandygyna göz ýetirmek bolýar.
XIX asyryň ahyrlarynda XX asyryň başlaryna çenli türkmenler aglaba nah, ýüň, ýüpek we ýarym ýüpek ýaly öýde taýýarlanylan matalardan tikilen geýimleri geýipdirler. Matalary taýýarlamagyň tehnologiýalary hem-de bu işde ulanylýan zähmet gurallary türkmenleriň ähli tehniki gurallarynda, esasan, birmeňzeş bolupdyr.
Türkmen milli zenan lybaslarynyň adamyň ýaşyna we durmuşyna laýyklykdaky aýratynlyklary erkekleriňkä garanyňda has aýdyň göze ilýär. Zenan lybaslaryndaky aýratynlyklar üstki eşiklerde, başgaplarda, bezeglerde we nagyşlarda has aýdyň görünýär. Mundan başga-da zenan lybaslary matalarynyň reňki, eşiklerdäki nagyşlary boýunça hem tapawutlanýar.

Umyt AÝDOGDYÝEW

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

166a5190 960x673 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

2025-nji ýylyň maý aýynyň 1-den başlap, Azerbeýjan Ilçihanasynyň konsullyk bölümi tarapyndan hödürlenýän hyzmatlardan peýdalanyň

THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmen bedewi – medeni mirasymyzyň aýrylmaz bölegidir

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop