Dark
Light
04.01.2026
6b3efb95f69508e54021bea9bd5a0a7182498b12 THE ASHGABAT TIMES

Ilon Mask Apple-yň iPhone üçin öz hemralaryny ösdürmegine päsgel berýär.

01.04.2025

Emma kompaniýanyň maksatlaryna SpaceX-iň ýolbaşçysy Ilon Mask päsgel berýär. Ol eýýäm T-Mobile arkaly Starlink ulgamyny ösdürmek maksady bilen 550-den gowrak hemra uçurdy.

Häzirki wagtda iki kompaniýa çäkli radio ýygylygy spektoryny ulanmak hukugy ugrunda bäsleşýär—hemra maglumatlaryny geçirmek üçin bu örän möhüm çeşme. WSJ-niň maglumatlaryna görä, SpaceX Amerikan düzgünleşdiriji guramalara basyş edip, Apple tarapyndan maliýeleşdirilýän Globalstar hemra ulgamynyň giňeldilmeginiň togtadylmagyny gazanmaga synanyşýar.

Jogap hökmünde Apple gepleşiklere başlady, Starlink signalyny iPhone-lara goşmak üçin—bu hyzmat şu tomus işe giriziler. Şeýle-de bolsa, Tim Cook-uň kompaniýasy öz ekosistemasynda berk gözegçiligi saklaýar we üçünji tarap hyzmatlaryny öz rugsady bolmazdan birleşdirmäge ýol bermeýär.

Mask Apple-dan has giň hyzmatdaşlygy talap etdi, ýöne Starlink-iň iOS-a doly integrasiýasy boýunça şertnama baglaşylmady. Konflikt geçen ýyl Apple-yň Globalstar hemra ulgamyny ösdürmek üçin 1 milliard dollardan gowrak maýa goýandan soň has dartgynlaşdy.

Jogap hökmünde SpaceX FCC-ä ýüz tutup, Apple tarapyndan ulanylýan ýygylyklaryň “dolulygyna ulanylmaýandygyny” habar berdi.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

14b05246cc21b725eaa7d910cc51fcf022fbb7d1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Realme 8000 mAh batareýa bilen smartfonlary synagdan geçirip başlady

3acb1df7ef5707f1a18acbb46c4b73b24b0e1c19 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Nunanyň Sindromy: Genetiki Näsazlyga Düşünmek

Soňkylar Tehnologiýa

GitTop