Reuters-iň çeşmelerine salgylanyp beren habaryna görä, Ilon Musk-yň ýolbaşçylygyndaky Hökümetiň Netijelilik Bölümi (DOGE) bir federal agentlikde prezident Trampa nägilelik bildirenleri anyklamak üçin emeli intellektiň ulanylyşyny öwrenýärmiş.
Bu toparyň işi esasan gizlin bolup, olar barada diýen ýaly hiç zat belli däl. Reuters, emeli intellektiň nägileligi anyklamak üçin ulanylyşynyň “şahsy durmuşa we hökümet etikasyna degişli aladalary döredýändigini” aýtdy. Bu hünärmenler Signal messenjerini ulanýarmyş, şonuň üçin olaryň ýazgylaryny yzarlamak mümkin däl.
Olar federal hökümetiň çykdajylaryny azaltmak we netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça işlerinde Grok AI atly chatboty hem işjeň ulanýarmyş. Emma Grok AI-nyň haýsy aýratynlyklarynyň bardygy barada jikme-jik maglumat berilmeýär.