Soňky ýyllarda futbol muşdaklarynyň ýadyndan çykmadyk futbolçylaryň biri Jack Wilshere häzirki wagtda tälimçilik ýoluna gadam basýar. «Arsenal» klubynda şowly ýyllaryny geçirip, köp sanly oýun bilen adyny taryha ýazan Wilshere, indi «Norwich City» toparynyň baş tälimçisi hökmünde sahnada!
Dogry, bu häzirlikçe wagtlaýyn we diňe möwsümiň galan iki oýnuna degişlidir. Ýöne futbol dünýäsi garaşylmadyk ýagdaýlar bilen meşhurdyr. Wilshere 2024-nji ýylyň noýabr aýyndan bäri toparyň tälimçilik ştabynda işläp, tejribe toplap geldi. Indi bolsa, klub ony uly jogapkärçilik bilen synagdan geçirmäge karar berdi.
Tälimçilik ýolundaky ilkinji ädimler Wilshere tälimçilik ugry bilen meşgullanmaga başlaly bäri, oýunçylaryň taktiki taýýarlygyny ösdürmekde aktiw gatnaşýar. «Norwich» topary häzirki wagtda Angliýanyň çempionatynda möhüm pursatlary başdan geçirýär we Wilshere-niň taktiki strategiýasy toparyň üstünligi üçin möhüm bolup biler.
Futbol dünýäsi onuň «Norwich» bilen geçirjek oýunlaryna sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Eger Wilshere topary täsirli dolandyrsa, belki-de klub geljekde onuň bilen yzygiderli şertnama baglaşmagy göz öňünde tutar.
Wilshere üçin bu wagtlaýyn wezipäniň hakyky tälimçi bolmak üçin uly mümkinçilikdigini aýtmak mümkin. Oýun meýdançasynda liderlik edişi bilen tanalýan futbolçynyň tälimçilikde hem täsirli netije gazanmagy ähtimal. Onuň tälimçilik geljegi barada pikirler näderejede dogry bolup çykarka?