Dark
Light
11.01.2026
obyazannosti pedagoga dou THE ASHGABAT TIMES

Mugallymçylyk sungaty

16.04.2025

Mugallymlar jemgyýetiň ösüşiniň hem-de abadançylygynyň binýadyny gurýan şahslar bolup durýarlar. Olar ýaş nesillere diňe bir bilim bermek bilen çäklenmän, olaryň dünýägaraýşyny giňeldip, medeni we ahlak gymmatlyklaryny ösdürmäge kömek edýärler.

Mugallymçylyk diňe bir sapak bermek däl-de, ynsan duýgularyny hem-de aýratynlyklaryny düşündirmekde we kabul etmekde sungatdyr. Her bir okuwça laýyk öwrediş usulyny saýlamak, olaryň zehinini ýüze çykarmak mugallymlaryň aýratyn ukybyny talap edýär. Mugallymlar ýaş nesliň bilimli we ukyply bolmagyny üpjün edip, olaryň geljekdäki üstünlikleriniň esasy pursatlaryny döretýärler. Olar ýaşlara öz potensialyna ynanmagy hem-de durmuşda kynçylyklary ýeňip geçmegi öwredýärler.

Bilim ulgamy döwrebap tehnologiýalar we täze usullar bilen baýlaşýar. Mugallymlar täze innowasiýalary kabul edip, sapaklary has täsirli we öwrediji usullara öwürýärler. Bu bolsa okuwçylaryň bilim almak prosesini ýeňilleşdirýär.

Mugallymçylyk sabyr-takat we çydamlylyk talap edýär. Okuwçylaryň aýratynlyklaryny göz öňünde tutmak, olaryň isleglerini doly düşünmek mugallymlaryň öňünde duran möhüm wezipe bolup durýar. Mugallymlar jemgyýetiň iň hormatly şahslarynyň biri hasaplanylýar. Olar diňe bir bilim bermek bilen çäklenmän, nesilleriň terbiýesine we durmuş ýoluna ep-esli täsir edýärler.

Bägül KAKAJANOWA
Daşoguz welaýatynyň Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk
mekdebiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

bedew ak 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmen bedewiniň milli baýramy

vazhnost THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Iň gowy maglumat stendi taslamasy üçin bäsleşik: “Türkmenistanyň aýratyn goralýan tebigy zolaklarynyň çäginde biodürlüligi goramagyň ähmiýeti”.

Soňkylar Makalalar

Bedew batly ösüşleriň mekany

10.01.2026
Ýurdumyzda her ýyly döwrebap atlandyrmak asylly däbe öwrüldi. Ýyllaryň atlary bolsa döwletli Diýarymyzyň taryhy tutumlary, halkymyzyň belent maksatlary, hormatly Prezidentimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän içeri

Oba hojalygy: ösüş-özgerişler ýoly bilen

08.01.2026
Bagtyýar halkymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny şanly taryhy wakalara, uly zähmet üstünliklerine besläp, täze, 2026-njy — “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly
GitTop