Dark
Light
24.01.2026
zdrav THE ASHGABAT TIMES

Saglyk – ömrümiziň baş baýlygy

29.04.2025

Jemgyýetiň we döwletimiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramak Türkmenistanda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň öňe sürýän «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» ýörelgesi esasynda milli saglygy goraýyş ulgamyny has-da döwrebaplaşdyrmak üçin täze belent maksatlar we wezipeler goýulýar.

Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanan «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ynsan saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyrmak, bedenterbiýäni we köpçülikleýin sporty işjeňleşdirmek babatda köp işler durmuşa geçirildi. «Ene mähri», gaýragoýulmasyz «Tiz kömek» merkezleri, köpugurly hassahanalar, şypahanalar, derman serişdelerini öndürýän kärhanalar guruldy. Keselleri anyklamak, bejermek, öňüni almak boýunça öňdebaryjy usullary we innowasion tejribeleri işe ornaşdyrmakda, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, elýeterli hem-de ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny üpjün etmek babatda oňat netijeler gazanyldy. 

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna ilatyň, aýratyn hem, eneleriň we çagalaryň saglygy bilen bagly meselelere uly ähmiýet berilýär. Bu işler milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde, jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň abadançylygyny, bagtyýarlygyny üpjün etmekde ýurdumyzda uly ösüşleriň gazanylandygyny görkezýär.

Türkmenistanda ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak, milli saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny kämilleşdirmek ugrundaky döwlet syýasaty üstünlikli dowam etdirilýär.

Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak döwlet derejesinde ileri tutulýar we ilat arasynda giň goldaw tapýar. Saglygy goraýyş we lukmançylyk ulgamynda maksatnamalaýyn özgertmeleri amala aşyrmak arkaly, Garaşsyz, Hemişelik bitarap döwletimiziň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynda täze ösüşler netijeli üpjün edilýär.

Enegözel HOJAMOWA
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

494023257 1007174588273937 5399624124210036824 n THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Türkmenistanda mikroblara durnuklylyk boýunça barlag gözegçiligini güýçlendirýär

wpbwsnuezncnbyqpgzljy9pinne9ht 920x340 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça alyp barýan ösüşleri

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop