Dark
Light
26.01.2026
saud-arabystany-patysalygynyn-dowlet-ministri,-ministrler-kabinetinin-agzasy-bilen-dususyk-gecirildi
Saud Arabystany Patyşalygynyň döwlet ministri, Ministrler Kabinetiniň agzasy bilen duşuşyk geçirildi

Saud Arabystany Patyşalygynyň döwlet ministri, Ministrler Kabinetiniň agzasy bilen duşuşyk geçirildi

03.04.2025

2025-nji ýylyň 2-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň döwlet ministri, Ministrler Kabinetiniň agzasy Emir Turki bin Muhammed Al Saudyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň möhüm taraplaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar maýa goýum we şäher gurluşygy ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek, bilelikdäki geljegi uly infrastruktura taslamalaryny we senagat hyzmatdaşlygyny durmuşa geçirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine goşant goşýan we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin berk esas bolup hyzmat edýän yzygiderli ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň we ýokary derejeli saparlaryň ähmiýeti bellenildi.

Taraplar halkara guramalarynyň, şol sanda BMG-niň çäginde birek-birege goldaw bermegi dowam etdirmegiň möhümdigini nygtadylar.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

asgabat-saherindaki-dermanhanalar
Öňki taryh

Aşgabat şäherindäki dermanhanalar

turkmenistanyn-ilcisinin-kipr-respublikasynyn-prezidentine-ynanc-hatyny-gowsurys-dabarasy
Next Story

Türkmenistanyň Ilçisiniň Kipr Respublikasynyň Prezidentine ynanç hatyny gowşuryş dabarasy

Soňkylar Habar

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär

22.01.2026
20-nji ýanwarda «Aşgabat» kinoteatrynda badalga alan hindi filmleriniň festiwaly Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de dostlukly döwletiň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guralýar.
GitTop