Dark
Light
03.01.2026
h6sihvc71y9pve0b88w0l9yrdtvf5ppk 1 THE ASHGABAT TIMES

Sebitara ykdysady hyzmatdaşlyk

01.04.2025

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny» atly halkara maslahat geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin dünýäniň dürli künjeklerinden onlarça myhmanlar Aşgabat şäherine geldiler.

Maslahatda «Merkezi we Günorta Aziýada energetika, ulag we infrastruktura taslamalaryň geosyýasy we geoykdysady ähmiýeti», «Türkmenistan – Owganystan – Päkistan – Hindistan gaz geçirijisi: ykdysady, guramaçylyk we hukuk soraglary», «Türkmenistan-Owganystan-Päkistan elektrik geçirijisiniň gurluşygynyň halkara ykdysady hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakdaky orny we ähmiýeti», «Merkezi we Günorta Aziýa sebitlerinde ulag arabaglanşygy: ösüşiň taslamalary» we «Maliýe institutlarynyň Merkezi we Günorta Aziýadaky ykdysady taslamalary durmuşa geçirmeklige gatnaşmaklary» ýaly mowzuklaýyn mejlislerde öz işini dowam etdi.

Mejlislere gatnaşyjylar energetika, ulag, senagat, suw serişdeleri, oba hojalygy we beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşdylar.

Şunuň bilen baglylykda, özara hormat goýmak we gatnaşyjy taraplaryň ählisiniň bähbitlerini nazara almak ýörelgelerine esaslanýan konstruktiw sebitara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde Türkmenistanyň eýeleýän wajyp orny aýratyn bellenildi. Muňa aýdyň subutnamalar hökmünde Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen iri energetika we ulag taslamalary, hususan-da, Türkmenistan – Owganystan – Päkistan – Hindistan gaz geçirijisi görkezildi.

Maslahatyň dowamynda taraplar söwda, ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny we ýurtlaryň arasynda senagat kooperasiýasyny giňeltmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Şunda bir döwürler Beýik Ýüpek ýolunyň geçýän ýeri bolan Merkezi Aziýa sebitiniň ähmiýeti bellenildi.

Häzirki şertlerde ählumumy derejede oýlanmak, hereket etmek hem-de hyzmatdaşlyk etmek zerurdyr. Şoňa görä-de, esasy halkara institutlaryň we maliýe edaralarynyň üstüne aýratyn jogapkärçilik düşýär diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri nygtady hem-de Türkmenistanyň adalatly geoykdysadyýet ugrunda yzygiderli çykyş edýändigini, energiýa çeşmelerini, ulag geçelgelerini we bar bolan üpjünçilik ulgamlaryny diwersifikasiýa etmek bilen, täze iri ykdysady taslamalary amala aşyrmagy öňe sürýändigine ünsi çekdi. Merkezi we Günorta Aziýanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlyk muňa mysal bolup biler.

Röwşen TÄÇBERDIÝEW
Turkmen Dowlet maliye institutynyn talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

i 52 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ykdysadyýetiň ösüşi

sisenbe-guni,-birza-sowdalarynda-nebithimiya,-yenil-senagatynyn-we-gurlusyk-onumleri-satyldy
Next Story

Sişenbe güni, birža söwdalarynda nebithimiýa, ýeňil senagatynyň we gurluşyk önümleri satyldy

Soňkylar Makalalar

Bedew batly at-myradyň mekany

02.01.2026
Halkymyzyň köp müňýyllyk taryhy ýolunda bedew atlar baky hemrasy, iň ýakyn syrdaşy we ruhy baýlygy bolup gelipdir. Türkmen medeniýetinde at diňe bir barjamlylygyň ýa-da

Garyň aklygy — tebigatyň ruhy sazlaşygy

02.01.2026
Gyş paslynyň ilkinji garyň ýagmagy bilen tebigat özüne mahsus ak keşbine girip, daş-töweregi arassalyk we päklik duýgusy bilen gurşap alýar. Asmandan ýuwaşlyk bilen inýän

Hünärinde hem-de sportda ussat türgenlerimiz!

02.01.2026
Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatynda alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýurdumyzda geçirilýän sport ýaryşlaryna aýratyn orun degişli bolup durýar. Ýurdumyzda geçirilýän şol ýaryşlaryň

Bilimli ýaşlar – buýsanjymyz

30.12.2025
Bilim bagtyýarlyga, ruhubelentlige hem-de rowaçlyga deňelýär, beýik işleriň gözbaşy hasaplanýar. Ylym-bilim ulgamynda-da uly üstünliklere beslenen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem tamamlanyp barýar. Şanly

Täsin we geň galdyryjy täze ýyl ynançlary

30.12.2025
Biler bolsaňyz, dünýädäki ilkinji arça agajy XVII asyryň başynda döräpdir. Elzas şäherinde arça we sosna agaçlary reňkli kagyz gülleri, alma, kökejikdir süýjüler bilen bezelipdir.
GitTop