67f00b1818de0678 1 scaled THE ASHGABAT TIMES
TURKMENISTAN GAZET

«Sport – parahatçylygyň ilçisi» atly halkara maslahat geçirildi

07.04.2025

2025-nji ýylyň 4-nji aprelinde ýurdumyzyň sport ulgamynyň bilim ojagy bolan Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda «Sport – parahatçylygyň ilçisi» atly sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahaty ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Bu halkara derejeli ylmy forum Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň çäklerinde halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek, sport arkaly halklaryň arasynda dost-doganlygy, ynanyşmagy we parahatçylygy pugtalandyrmak maksady bilen guraldy. Maslahata Özbegistandan, Türkiýe Respublikasyndan, Russiýa Federasiýasyndan, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Rumyniýadan, Gazagystan Respublikasyndan, Belarus Respublikasyndan, Azerbaýjandan, Gyrgyz Respublikasyndan hem-de Ermenistan Respublikasyndan, şeýle hem ýurdumyzdan ylym-bilim, sport ulgamynyň wekilleri, professor-mugallymlar, alymlar, tälimçiler işjeň gatnaşdylar. Daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň, sport ugurly ylmy-barlag edaralarynyň ýolbaşçylary, professor-mugallymlary, bedenterbiýe we sport ulgamynyň hünärmenleri hem-de talyp ýaşlary, şeýle hem, Bedenterbiýe we sport uniwersitetleriň halkara birleşiginiň, Ýewraziýa sport ylymlary birleşiginiň ýolbaşçylar düzüminiň wekilleri maslahatda sanly ulgam arkaly çykyş etdiler.Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna beslenýän «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» geçirilen halkara ylmy-amaly maslahatyň dowamynda sportuň jemgyýetde parahatçylyk, dostluk, ynsanperwerlik ýörelgelerini berkitmekdäki ornuna, ýaşlaryň beden we ruhy taýdan kämilleşmegine ýetirýän täsirine, sport diplomatiýasynyň häzirki zaman ösüşine degişli giň göwrümli ylmy çykyşlar diňlenildi. Çykyşlarda halkara tejribeler paýlaşyldy, ylmy barlaglaryň netijeleri, innowasion çemeleşmeler we täze garaýyşlar beýan edildi.

Maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi oňa gatnaşan halkara hyzmatdaşlarynyň hem-de ýurdumyzyň ylym-bilim, sport ulgamynyň wekilleriniň beren ýokary bahasyna mynasyp boldy. Şeýle ylmy duşuşyklar ýurtlaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklarynyň, parahatçylygyň we ynanyşmagyň dabaralanmagyna uly itergi berýär.

Maslahatyň jemleri ýurdumyzda sport we ylym-bilim ulgamynda halkara gatnaşyklaryny giňeltmekde, ýaşlary sport arkaly terbiýelemekde hem-de halkara ylmy hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe boldy. «Sport – parahatçylygyň ilçisi» atly halkara maslahata gatnaşyjylar Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Hormatly Prezidentine, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, şeýle hem guramaçylyk toparyna döredilen giň mümkinçilikler üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny bildirdiler.

TÜRKMEN DÖWLET BEDENTERBIÝE WE SPORT INSTITUTY habar berýäri

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
67f00ab8048b6722 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Halkara maslahatyň çäklerinde görkezme sapaklary we sport üstünlikleriniň sergisi

img 5422 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

BSG pandemiýa gripine taýýarlygy we wirusologiýa gözegçiligini Türkmenistanda güýçlendirýär

Soňkylar Sport

Sport we bedenterbiýe ulgamy

Türkmen sportunyň dabaralanmagy

24.11.2025
Türkmenistanyň sport we bedenterbiýe ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygy barada aýdanymyzda, ýurdumyz Halkara Olimpiýa komiteti, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi, ýöriteleşdirilen halkara sport birleşikleri bilen gatnaşyklary işjeň ýagdaýda

Futzal boýunça Türkmenistanyň çempiony boldy

19.11.2025
Paýtagtymyzyň «Köpetdag» futzal topary nobatdaky gezek ýurdumyzyň çempiony boldy. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň garamagyndaky topar Naýbaşy liganyň ýakynda tamamlanan möwsüminde geçiren 20 duşuşygynyň 15-sinde
GitTop