Dark
Light
03.01.2026
ryh4tmdthymcdsme5hvaejrnnahg681ktcseflup2hvjz5pm8t0kbenteaia THE ASHGABAT TIMES

TAGTY SÜLEÝMANDYR-ÜSTI BEDEWÜŇ

17.04.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe merdana türkmen halkymyz aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen agzybirlikde we jebislikde türkmen bedewiniň baýramyny belläp geçýär.

Halkymyz öz bedewlerine syrdaşym, gardaşym diýip ýüzlenipdirler. Gahryman Arkadagymyz “Türkmen at esbaplaryny öz köklerini örän gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Türkmen bedewleri köp eşiklidir, eýer-esbaplydyr. Bu bolsa bu jandara goýulýan beýik hormaty, sarpany öran aýdyň görkezip, beýan edipdur” diýip belläp geçýär.

Gadymy ussalar atyň esbaplarynyň deriden edilen ýerlerini ownuk berçinler bilen örtüpdirler. Olary kümüşden ýasalan şelpeler hem-de jaňjagazlar bilen bezäpdirler. Behişdi bedewlere kümüşdir hakyk daşlaryny goýdyrmandyrlar, ýöne ähli şaý-sepler özüniň owadanlygy hem-de takyklygy bilen tapawutlanyp, bedewleriň nurana syraty bilen ajaýyp görnüşde sazlaşypdyr. Atyň gursagyna gorag üçin göwüsbent dakypdyrlar, onuň häzirki günlerde-de doga-tumar häsiýeti bar.

Halkymyz öz bedew atlaryny timarlap, kämilleşdirip ony maşgalanyň deňhukukly agzasy, söweşiji gardaşy hasaplapdyrlar. Halkymyz ata tutuş durky bilen uýup, gaýduwsyzlyk, mertlik hem-de watançylyk ýaly durnukly häsiýetleri özlerinde-de bedew atlarynda-da kemala getiripdir. Taryhyň öwrüm-öwrüm ýollarynda şol häsiýetleri şan-şöhrat getirdi.

Milli Lidermiz Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ”Ahalteke bedewi biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, ”Ganatly bedewler”, ”Gadamy batly bedew” atly ajaýyp kitaplary halkymyzyň gadymdan gelýän seýisçilik we atşynaslyk sungatynyň şöhratyny has hem beýgeltdi. Bu ajaýyp eserleri okan islendik adam ynsanyň iň ýakyny bolan bedew barada, onuň gelip çykyşy, geçen şöhratly ýoly barada giň ylymy düşünje alýarlar.

Pederlerimizden miras galan, milli däplerimize belent sarpa goýýan türkmen bedewleriniň şan-şöhratyny dünýä tanadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömri uzak, ata watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan il bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun!

Gadam KAZAKOW
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Daşoguz Agrosenagat orta
hünär okuw mekdebiniň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

12d12d1w THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Gazagystanyň Ylym we Ýokary Bilim Ministriniň Sapagy: Geljegiň Sütünleri

15948998756qww THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türk Sembolizmi we Güney Azerbaýjan: Manna Döwletiniň Gadymy Sungaty

Soňkylar Makalalar

Paýhas çeşmesi – terbiýe hazynasy

03.01.2026
Terbiýeçilik işi oýlanyşykly, paýhasly çemeleşmäni talap edýär. Şunda her bir çaga onuň häsiýetine görä çemeleşmek zerur bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap edilen

Bedew batly at-myradyň mekany

02.01.2026
Halkymyzyň köp müňýyllyk taryhy ýolunda bedew atlar baky hemrasy, iň ýakyn syrdaşy we ruhy baýlygy bolup gelipdir. Türkmen medeniýetinde at diňe bir barjamlylygyň ýa-da

Garyň aklygy — tebigatyň ruhy sazlaşygy

02.01.2026
Gyş paslynyň ilkinji garyň ýagmagy bilen tebigat özüne mahsus ak keşbine girip, daş-töweregi arassalyk we päklik duýgusy bilen gurşap alýar. Asmandan ýuwaşlyk bilen inýän

Hünärinde hem-de sportda ussat türgenlerimiz!

02.01.2026
Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatynda alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýurdumyzda geçirilýän sport ýaryşlaryna aýratyn orun degişli bolup durýar. Ýurdumyzda geçirilýän şol ýaryşlaryň

Döwletli işleriň dowamy

02.01.2026
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly halkymyz üçin düşümli, döwletli ýyllaryň biri boldy. Ýurdumyzy gülledip ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa
GitTop