Dark
Light
26.01.2026
tmk-da-hunar-saylamak-barada-pikir-alysma-dususyk-gecirildi
TMK-da hünär saýlamak barada pikir alyşma duşuşyk geçirildi

TMK-da hünär saýlamak barada pikir alyşma duşuşyk geçirildi

03.04.2025

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kiçi zalynda «Nusga Consulting» maslahatçysy, pedagog, Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler partiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Ýaşlar Guramasynyň işjeň agzasy Merdan Ataýew bilen «Hünär bizi saýlaýarmy ýa-da biz hünäri? Ýaşlary hünäre nähili höweslendirmeli?» atly duşuşyk geçirildi.

 

Bu çärä Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler partiýasynyň «Ýaş Telekeçiler merkezi», Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Merkezi geňeşiniň maglumat, maslahat beriş we meýletinçilik işleri boýunça merkezi hem-de «Nusga Consulting» guramaçylyk etdiler.

 

Duşuşykda Merdan Ataýew ýaşlaryň hünäre bolan höwesini ösdürmegiň ýollary, hünär saýlamagyň usullary we iş üpjünçiligi barada gürrüň berdi. Ol öz şahsy tejribesine esaslanyp, dürli wezipelerde işleýşi, ýaşlar bilen alyp baran işleri hem-de döreden gurnaklary barada maglumat paýlaşdy.

 

Çäräniň ahyrynda myhman öz gurnaklarynyň hem-de guramaçylygynda geçirilen bäsleşikleriň we çäreleriň wideo hem-de fotosuratlaryny görkezdi. Duşuşyk tamamlanandan soň, talyplar myhman bilen ýadygärlik surata düşüp, onuň täsirli çykyşlary üçin minnetdarlyk bildirdiler.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi

Leave a Reply

Your email address will not be published.

turkmenistanyn-ilcisinin-kipr-respublikasynyn-prezidentine-ynanc-hatyny-gowsurys-dabarasy
Öňki taryh

Türkmenistanyň Ilçisiniň Kipr Respublikasynyň Prezidentine ynanç hatyny gowşuryş dabarasy

vk-запустил-проект-популяризации-науки
Next Story

VK ylmy wagyz etmek taslamasyny işe girizdi VK hünärmen däl adamlar üçin ylmy öňe sürmek taslamasyny başlatdy

Soňkylar Habar

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär

22.01.2026
20-nji ýanwarda «Aşgabat» kinoteatrynda badalga alan hindi filmleriniň festiwaly Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de dostlukly döwletiň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guralýar.
GitTop