Dark
Light
26.12.2025
THE ASHGABAT TIMES

Türkmen bedewi – medeni mirasymyzyň aýrylmaz bölegidir

10.04.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata-babalarymyzyň asylly ýol-ýörelgeleri täzeden dikeldilmegi we türkmeniň atşynaslyk sungatynyň täze rowaçlyklara eýe bolmagy her birimizde çäksiz buýsanjy döredýär. Ösüş-özgertmelere beslenen taryhy döwrümizde şan-şöhraty dünýä dolan ahalteke bedewlerimiziň şanyna toýlaryň uludan tutulmagy, has takygy her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramynyň uludan dabaralandyrylmagy bolsa, has-da buýsandyryjydyr.
Hormatly Prezidentimiziň Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Arkadag şäherinde 2025-nji ýylyň 26-njy aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigini hem-de olaryň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasynda bäsleşikleri geçirmek boýunça degişli Buýruga gol çekmegi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda-da ajaýyp senäniň baý many-mazmunly dabaralara beslenjekdigini görkezýär. Türkmen halkynyň milli baýlygy we buýsanjy bolan behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmakda ýokarda agzalan bäsleşikleriň ähmiýetiniň uludygyny guwanç bilen bellemelidiris.
Milli we umumadamzat medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan türkmen halkynyň atşynaslyk däplerini gorap saklamak, ösdürmek we dünýä ýaýmak babatda taýsyz tagalla edýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir.

Kasymmyrat DURDYÝEW

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

dsdsds THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

El hünäri – il gezer

spotify-ответила-на слухи-о появлении-рекламы-в premium-подписке
Next Story

Spotify Premium abuna ýazylyşygynda mahabatyň peýda bolmagy barada çykan gürrüňlere jogap berdi

Soňkylar Makalalar

Bitaraplyk – dünýä gymmatlygy

26.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy

Ýaşlar – döwletimiziň kuwwatly güýji

25.12.2025
Ýaş nesiller, olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym we döredijilik, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur
GitTop