Dark
Light
27.12.2025
i 44 THE ASHGABAT TIMES

Türkmen-ýapon hyzmatdaşlygy berkeýär

28.04.2025

Hormatly Prezidentimiziň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Ýaponiýa amala aşyran sapary ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň barha rowaçlanýandygynyň aýdyň nyşany boldy.

Şeýle hem, Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda bilim ulgamynda hem netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda göni gatnaşyklar ýola goýuldy. Mundan başgada 30 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda Ýaponiýany hem-de Türkmenistany syýasy, ykdysady ulgamlarda dostlukly gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklar barha pugtalandyrylýar.

Geçirilen saparyň dowamynda döwlet Baştutanymyzyň Osakada açylan «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli güni mynasybetli dabaraly çärelere gatnaşmagy, Tokioda Ýaponiýanyň ýolbaşçylary bilen ýokary derejeli gepleşikleri, şeýle-de ýapon işewür we ylym-bilim jemgyýetçiliginiň wekilleri bilen duşuşyklary geçirmegi Günüň dogýan ýurdy bilen uzak möhletli gatnaşyklary has-da ýygjamlaşdyrmaga uly ähmiýet berilýändigini nobatdaky gezek tassyklady. 

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Ýaponiýanyň «Nippon» we «JACAFA» gaznalarynyň arasynda-da özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.  Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylyň dekabrynda bu iki gaznanyň arasynda talyp haky granty barada Ylalaşyk baglaşylyp, oňa laýyklykda, Merkezi Aziýada adam serişdelerini ösdürmäge grant goldawyny bermek göz öňünde tutuldy. Şonuň esasynda geljekde biziň ýokary okuw mekdebimiziň talyplaryny hem grant görnüşinde talyp hakyny bermek arkaly goldamak meýilleşdirilýär.

Bilim, ylym, medeniýet we sungat, sport, syýahatçylyk babatda-da döwletara gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär. Ýaponiýanyň iri kompaniýalary Türkmenistanda ykdysadyýetiň esasy pudaklarynda, hususan-da, gaz we himiýa senagaty pudagynda amala aşyrylýan giň gerimli taslamalara gatnaşyp, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşine uly goşant goşýarlar. Bu oňyn tejribe Türkmenistanyň ýapon korporasiýalarynyň tejribesini we tehnologiýalaryny geljekde-de gurluşyk, elektroenergetika pudaklarynda täze taslamalary durmuşa geçirmek üçin ulanmaga uly gyzyklanma bildirmegini şertlendirýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan maýa goýum syýasaty hem-de Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň gerimli özgertmeleri ykdysadyýetiň ýokary ösüş depginini hem-de netijeliligini ýokarlandyrmak, türkmen halkynyň abadançylygyny üpjün etmek üçin ýurdumyzyň ägirt uly kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga gönükdirilendir.

Selbi AMANOWA
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň uly mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

asdfssa THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmen göreşçileri halkara arenada ýeňiş gazandy!

i 45 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Döwrümiziň uçar ganaty bolan türkmen bedewleri

Soňkylar Makalalar

Bitaraplyk – dünýä gymmatlygy

26.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy

Ýaşlar – döwletimiziň kuwwatly güýji

25.12.2025
Ýaş nesiller, olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym we döredijilik, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur
GitTop