Türkmen bedewleri ýurdumyzyň milli mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup, dünýä ýüzünde tanalýan ajaýyp atlaryň biridir. Bu bedewler özleriniň gözelligi, çaltlygy we güýji bilen meşhurdyr, şonuň üçin hem olar halkyň buýsanjyna öwrülipdir. Türkmen bedewleriniň taryhy müňlerçe ýyllar bilen yzygiderli utgaşyp, türkmen halkynyň medeniýeti bilen berk baglanyşyklydyr.
Türkmen bedewleriniň iň tanymal görnüşlerinden biri ahalteke bedewidir. Ahalteke atlary özleriniň inçeliginiň, meňzeşligiň we aýdyňlyk bilen tanalýar. Bu görnüşiň bedewleri dürli görnüşli bäsleşiklerde, sergilerde we çapyşyklarda üstünlik gazanyp, türkmen halkynyň sport we sungat mirasynyň aýdyň mysalyna öwrülendir.
Türkmen bedewleri diňe bir owadanlyk we güýji bilen däl, eýsem ruhy gymmatlyklary bilen hem tapawutlanýar. Halk arasynda bedewler wepalylyk, edep-terbiýe, çäklendirip bolmaýan ynamyň nyşany hasaplanylýar. Türkmen bedewleri barada ýazylan eserler, aýdymlar we filmler bedewleriň medeniýetde we sungatda tutýan ornuny görkezýär.
Häzirki zamanda bedewl atlaryna aýratyn üns berilýär. Türkmen bedewleriniň dünýä derejesinde hormat bilen garalmagy ýurdumyzda atçylyk medeniýetiniň giňden ösdürilýändigini görkezýär. Türkmen bedewleri diňe bir milli buýsanç däl, eýsem bütindünýä medeni mirasynyň bir bölegidir. Türkmen halkynyň bedewlere bolan söýgüsi we sarpasy olaryň geljek nesiller üçin hem esasy gymmatlyk hökmünde galmagyna esas döredýär.
Amangül MUHAMMEDOWA
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş
uniwersitetiniň talyby